Deňizleriň, kölleriň we akar suwlaryň kenarlarynda daşy ýylmanak daşjagazlar bolýar. Bu daşlar ýollaryň, köprüleriň, binalaryň we beýleki desgalaryň gurluşygynda peýdalanylýar. Adatça, deňiz kenaryndaky daşlar ýasy, akar suwuň boýundaky daşlar togalak şekilli bolýar. Deňiz kenaryndaky daşlaryň ýasy bolmagynyň sebäbi, olar tolkunyň güýji arkaly haýallyk bilen kenara çykarylýar. Hereket eden wagty iki tarapy ýonulyp, tekiz bolýar. Derýadyr çeşmeleriň boýundaky daşlaryň togalak bolmagynyň sebäbi bolsa, güýçli suw akymynyň daş böleklerini gaty akdyrmagy bilen baglydyr. Togalanan daşlar bir-birine ýa-da başga bir zada sürtülip ýylmanak bolýar. Daşlaryň uly ýa-da kiçi bolmagyna diňe suwuň akymy däl, howanyň ýagdaýy hem täsir edýär.