Soňky ýyl­lar­da ila­tyň art­ma­gy bi­len iri şä­her­ler­de has be­ýik bi­na­la­ryň gu­rul­ma­gy­na ze­rur­lyk du­ýul­ýar. Em­ma be­ýik bi­na­la­ryň gu­rul­ma­gy öz göz­ba­şy­ny ta­ry­hy dö­wür­ler­den alyp gaýd­ýar. Be­lent bi­na­lar we köp­rü­ler gur­lan­da dür­li bi­na­gär­lik usul­la­ryn­dan peý­da­la­nyl­ýar. Üns be­ren bol­sa­ňyz, daş-tö­we­re­gi­mi­ze se­re­de­ni­miz­de bi­na­la­ryň kä­bi­ri giň meý­da­ny tu­tup otu­ran hem bol­sa pes, kä­si has be­lent bol­ýar. Eý­sem, in­çe, em­ma be­lent bi­na­lar gur­lan­da berk çig mal­dan peý­da­lan­ma­gyň özi ýe­ter­lik­mi­kä?! Şeý­le bi­na­la­ra iň go­wy my­sal­la­ryň bi­ri Fran­si­ýa­nyň paý­tag­ty Pa­riž­dä­ki Eý­fel di­ňi ha­sap­lan­ýar. XIX asy­ryň ahyryn­da gur­lan diň dört sü­tü­niň üs­tün­de ýo­kar­ly­gy­na çü­re­lip gid­ýär. Po­lat­dan gur­lan­dy­gy­na ga­ra­maz­dan, bir asyr­dan gow­rak wagt bä­ri ýy­kyl­man dur. Ýe­ne-de asyr­lar­bo­ýy dur­ja­ga meň­ze­ýär. Ge­liň, biz hem bi­na­la­ryň berk bol­ma­gy üçin ula­nyl­ýan usul­la­ryň bi­ri­ni tej­ri­be ar­ka­ly ýe­ri­ne ýe­ti­rip gö­re­liň!

Gerekli zatlar: dört sa­ny ýa­zuw ka­gy­zy, bir­nä­çe ki­tap.
Il­ki bi­len, dört sa­ny ada­ty ýa­zuw ka­gy­zy­ny alyň! Iki ep­läň, soň­ra ara­sy­ny 45 de­re­je açyp, te­kiz ýer­de ke­se­li­gi­ne go­ýuň. Üs­tü­ne ki­tap go­ýuň! Gö­te­rer­mi­kä? Ýok, gö­ter­me­di. In­di bol­sa, dört sa­ny ýa­zuw ka­gy­zy­ny uzyn­ly­gy­na, iki ýe­rin­den ep­läň. Soň­ra iki uju­ny bir­leş­di­rip, si­lindr şe­ki­li­ni ýa­saň! Ola­ryň deň bol­ma­gy­na üns be­riň! Ka­gyz deň ep­len­me­dik bol­sa, bu sü­tün­ler hem deň bol­maz. Soň­ra taý­ýar bo­lan si­lindr­le­ri sü­tün hök­mün­de dik­li­gi­ne go­ýuň! Dik sü­tün­le­ri deň ara­lyk­lar­da te­kiz ýer­de go­ýuň! Üs­tü­ne ki­tap­la­ry­ňy­zy go­ýup gö­rüň! Bu tej­ri­bä­ni bir, iki ýa-da üç sü­tün bi­len hem ge­çi­rip bi­ler­si­ňiz! Si­ziň ýa­san sü­tün­le­ri­ňiz nä­çe­räk ag­ram gö­te­rer­kä?!