Ede­bi­ýat bo­ýun­ça No­bel baý­ra­gy­nyň eýe­si, as­ly ýa­po­ni­ýa­ly iň­lis ýa­zy­jy­sy Kad­zuo Isi­gu­ro in­di­ki ro­ma­ny­nyň «Kla­ra we Gün» («Kla­ra and the Sun») ady bi­len ne­şir edil­jek­di­gi­ni mä­lim et­di. Bu ba­ra­da ýa­zy­jy­nyň şert­na­ma bag­la­şan «Fa­ber & Fa­ber» ne­şir­ýa­ty­na sal­gy­la­nyp, «The Gu­ar­di­an» ga­ze­ti ýaz­ýar. Tä­ze ro­ma­ny 2021-nji ýy­lyň mart aýyn­da ne­şir et­mek me­ýil­leş­di­ril­ýär. ABŞ-da bu ki­ta­by ne­şir et­mek iş­le­ri bi­len «Knopf Do­ub­le­day» ne­şir­ýat to­pa­ry meş­gul­la­nar. «Kla­ra we Gün» ro­ma­ny Isi­gu­ro­nyň 2017-nji ýyl­da No­be­liň ede­bi­ýat bo­ýun­ça baý­ra­gy­ny ala­nyn­dan bä­ri il­kin­ji ki­ta­by bo­lup dur­ýar. Ýa­zy­jy­nyň öň­ki («The Bu­ri­ed Giant») ese­ri 2015-nji ýyl­da ne­şir edi­lip­di.
Di­ňe No­bel baý­ra­gy­nyň däl, eý­sem, «Boo­ker» baý­ra­gy­nyň hem eýe­si bo­lan Kad­zuo Isi­gu­ro­nyň ro­man­la­ry dün­ýä­niň 50-den gow­rak di­li­ne ter­ji­me edil­di. «Knopf Do­ub­le­day» ne­şir­ýa­ty­nyň ha­ba­ry­na gö­rä, onuň «Gü­nüň ga­lyn­dy­la­ry» («The Re­mains of the Day», 1989) we «Hiç ha­çan me­ni goý­ber­me» («Never Let Me Go», 2005) ýa­ly iň meş­hur iki ese­ri­niň her­si 2 mil­li­on­dan gow­rak nus­ga bi­len sa­tyl­dy.