Amsterdam şäherindäki tehnologiýa kompaniýalarynyň umumy gymmaty soňky bäş ýylda ýedi esse köpelip, 73 milliard ýewro ýetdi. Bu mukdar şäheriň tehnologik ekoulgamynyň kämil derejä ýetendiginden habar berýär.

Tehnologiýa şereketleriniň seljermesini çykarýan “Dealroom” korporasiýasynyň soňky hasabatyna görä, Amsterdam şäherinde 2 700-den gowrak täze başlan tehnologiýa kompaniýasy bar. Nederlandlaryň paýtagtynda her 1 000 adama 1,1 şereket düşýär. Bu san Ýewropanyň şäherleriniň arasynda iň ýokary görkezijidir.

Ýewropadaky iň uly bäş tehnologiýa şereketlerinden ikisiniň merkezi edarasy Amsterdam şäherinde ýerleşýär. Bu kompaniýalardan “Takeaway.com”-yň hünärmenlerinden biri bolan Ýoris Wiltonyň aýtmagyna görä, Amsterdam şäherinde telekeçilik medeniýeti asyrlardan bäri dowam edip gelýär.

“Dürli milletlerden gelýän raýatlaryň bir ýerde ýaşamagy döredijiligiň kämilleşmegine getirýär” diýip, Wilton belleýär.

Ýerli daýhanlaryň täze müşderiler tapmagyny aňsatlaşdyrýan “Crisp” kompaniýasynyň direktory Tom Piterse görä, şäheriň tehnologiýa ulgamynda kämil derejä ýetmeginde infrastrukturanyň orny bardyr.

“Amsterdam Ýewropanyň merkezinde ýerleşýär, hemme kişi Iňlis dilini bilýär we şäherde internet ulanyjylarynyň sany ýokary” diýip, Piters aýdýar.