Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy Polat Kanaýew klaster görnüşli düýedarçylyk hojalygyny döretmegi niýet edinýär. Ilkibaşda ol Ahal welaýatynyň Gökdepe etrabynda ferma döretdi. 140 gektar meýdanda arwana tohumly mallary saklamak üçin öri, şeýle hem düýe süýdünden önüm öndürmek üçin seh guruldy.
2017-nji ýyldan bäri fermerçilik hojalygynda çal we agaran öndürilýär. Oba hojalyk önümlerini öndürijileri goldamagyň döwlet maksatnamasynyň çäklerinde PAKKA (Ižewsk, Russiýa Federasiýasy) kompaniýasyndan ýöriteleşdirilen döwrebap enjam satyn alyndy.
“Her bir türkmen öýünde çaldyr agaran peýdaly sypatlary bilen iýmit medeniýetiniň möhüm bölegi bolupdyr. Beýleki telekeçiler bilen bilelikde işleşip, önümlerimizi içerki bazarlarda ýerleýäris” diýip, Polat Kanaýew gürrüň berýär.
Iýmleriň sazlaşygyna we keselleriň öňüni almaga aýratyn üns berilýär. Munuň üçin Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň Maldarçylyk we weterinariýa instituty bilen netijeli hyzmatdaşlyk ýola goýuldy, institutyň hünärmenleri maslahat kömegini berýälrer we mallara keseliň öňüni alyş sanjymy geçirýärler.
Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Tehnologiýalar merkeziniň hünärmenleriniň goldawy bilen gurak düýe süýdüni öndürmek boýunça telekeçilik başlangyjy durmuşa geçirilýär. Bu ugurdaky synaglar gowy netije berdi.
Bu önümi taýýarlamak sublimasiýa taýdan guratmak usulyna esaslanýar. Onuň artykmaçlygy, ilkinji nobatda, konserwasiýanyň şu usuly önümiň ýokumlylygyny, peýdaly sypatyny we tagamyny has gowy saklamaga, şeýle hem onuň saklanylyşyny ýokarlandyrmaga ýardam edýär. Dünýäniň çagalar iýmiti üçin gurak süýt garyndylaryny öndürijiler hut şu usuldan peýdalanýarlar. Subilamasion usulda guratmak öňünden bellenen sypatlara gabat gelýän ýokary hilli önüm almaga mümkinçilik berýär.