Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda türkmen halkynyň müňýyllyklaryň dowamynda toplanan maddy we ruhy gymmatlyklaryny gorap saklamak babatda uly işler alnyp barylýar. Milli mirasy goramagy, olaryň rejeli saklanmagyny döwlet syýasatynyň möhüm ugruna öwren milli Liderimiziň taýsyz tagallalarynyň netijesinde, ýurdumyzyň ähli künjeginde arheologik gazuw-agtaryş işleriniň geçirilmegine möhüm ähmiýet berilýär.

Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň ýur­du­my­zyň me­de­ni­ýe­ti­ne we mi­ra­sy­na ba­gyş­la­nan ki­tap­la­ryn­da hem türk­men hal­ky­nyň ga­dy­my ýa­dy­gär­lik­le­ri ba­ra­da gi­ňiş­le­ýin mag­lu­mat­lar be­ril­ýär. Bu ki­tap­la­ryň dür­li ýurt­la­ryň dil­le­ri­ne ter­ji­me edil­me­gi dün­ýä jem­gy­ýet­çi­li­gi­niň hem türk­men hal­ky­nyň ga­dy­my hem-de baý ta­ry­hy, me­de­ni­ýe­ti ba­ra­da mag­lu­mat al­ma­ga giň müm­kin­çi­lik­ler dö­red­ýär.
Ýur­du­my­zyň dür­li kün­je­gin­dä­ki ta­ry­hy ýa­dy­gär­lik­le­ri go­ra­p sak­la­mak ba­bat­da hem de­giş­li iş­ler ýo­la go­ýul­dy. Mil­li Li­de­ri­mi­ziň baş­tu­tan­ly­gyn­da Me­de­ni­ýet mi­nistr­li­gi­niň ýa­nyn­da Ta­ry­hy we me­de­ni ýa­dy­gär­lik­le­ri go­ra­mak, öw­ren­mek hem-de re­je­le­mek ba­ra­da­ky mil­li mü­dir­li­gi dö­re­dil­di. Bu eda­ra ýur­du­my­zyň ta­ry­hy we med­eni ýa­dy­gär­lik­le­ri­ni go­rap sak­la­mak we ola­ry öw­ren­mek ba­bat­da iş alyp bar­ýar.
Dün­ýä si­wi­li­za­si­ýa­la­ry­nyň oja­gy ha­sap­lan­ýan türk­men döw­le­ti­niň äh­li ýe­ri özü­niň ta­ry­hy­ly­gy bi­len ta­pa­wut­lan­ýar. Go­laý­da, ýur­du­my­zyň paý­tag­ty, hal­ka­ra işe­wür­li­gi­niň mer­ke­zi bo­lan Aş­ga­bat­da gur­lu­şyk meý­dan­ça­syn­da ir­ki dö­wür­le­re de­giş­li küý­ze­le­riň ta­pyl­ma­gy paý­tag­ty­my­zyň ga­dy­my­dy­gy­ny ýe­ne-de bir ge­zek su­but et­di. Aş­ga­ba­dyň de­mir­ga­zyk-gün­ba­tar bö­le­gin­de gu­rul­ýan 16-njy tap­gy­ryň ýa­şa­ýyş top­lu­my­nyň çä­gin­de, ýe­ras­ty kom­mu­ni­ka­si­ýa­lar çe­ki­len ma­ha­lyn­da, gur­lu­şyk­çy­lar ta­ra­pyn­dan ga­dy­my otu­rym­ly ýe­riň yz­la­ry­nyň ýü­ze çy­ka­ryl­ma­gy ga­dy­my türk­men top­ra­gy­nyň ta­ry­hy öz­bo­luş­ly­ly­gy­nyň buý­san­jy­na öw­rül­di. Tä­ze ta­py­lan ta­pyn­dy­la­ryň dä­ne ýa-da su­wuk­ly­gy sak­la­mak üçin ni­ýet­le­nen Par­fi­ýa hum­la­ry bo­lup çyk­ma­gy bol­sa, paý­tag­ty­my­zyň ýer­leş­ýän se­bi­ti­niň ir­ki dö­wür­ler­de hem uly me­de­ni­ýet oja­gy bo­lan­dy­gy­ny tas­syk­la­ýar.
Hä­zir­ki dö­wür­de bi­ziň ýur­du­myz­da yl­my-bar­lag iş­le­ri­ni we ar­heo­lo­gik ga­zuw-ag­ta­ryş iş­le­ri­ni ge­çir­mek, şeý­le hem Be­ýik Ýü­pek ýo­lu­nyň ug­run­da ýer­le­şen Türk­me­nis­ta­nyň ta­ry­hy we me­de­ni ýa­dy­gär­lik­le­ri­ni 2018-2021-nji ýyl­lar­da wa­gyz et­mek hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz ta­ra­pyn­dan tas­syk­la­nan Döw­let mak­sat­na­ma­sy­nyň çäk­le­rin­de ama­la aşy­ryl­ýar.
Şeý­le hem ýur­du­my­zyň ta­ry­hy hem-de mil­li mi­ra­sy­ny wa­gyz et­mek­de we ola­ry dün­ýä jem­gy­ýet­çi­li­gi­ne ýe­tir­mek­de ýur­du­my­zyň mu­zeý­le­ri­niň or­ny ulu­dyr. Mu­zeý­le­riň işi­ni döw­re­bap­laş­dyr­mak, ola­ryň işi­ne döw­re­bap çe­me­leş­me­le­ri, jem­gy­ýet­çi­li­giň, aý­ra­tyn-da ýaş­la­ryň ün­sü­ni we gy­zyk­lan­ma­sy­ny mil­li baý­ly­gy­my­za çek­mek ba­bat­da hem de­giş­li iş­ler al­nyp ba­ryl­ýar. Mu­ňa san­ly ul­ga­myň hem go­şan­dy uly bol­dy. Şo­nuň ne­ti­je­sin­de, ýur­du­my­zyň mu­zeý­le­rine wir­tu­al sy­ýa­ha­ty ýo­la goý­mak me­ýil­leş­di­ril­ýär. Bu hem ýur­du­my­zyň baý ta­ry­hy hem-de me­de­ni­ýe­ti ba­bat­da mu­zeý­le­re bar­maz­dan sy­ýa­hat et­mä­ge müm­kin­çi­lik dö­re­der. Ol da­şa­ry ýurt­ly sy­ýa­hat­çy­lar üçin hem uly gy­zyk­lan­ma dö­ret­jek ugur­la­ryň bi­ri bo­lar.
Umu­man, türk­men top­ra­gyn­da sak­la­nyp ga­lan ar­heo­lo­gi­ýa we bi­na­gär­lik ýa­dy­gär­lik­le­ri bi­ziň dö­wür­deş­le­ri­mi­ze we ne­sil­le­ri­mi­ze köp zat­lar ba­ra­da gür­rüň ber­mä­ge ukyp­ly­dyr. Şol ýa­dy­gär­lik­le­riň kö­pü­si ga­dy­my söw­da ýol­la­ry­nyň ug­run­da gaý­nap jo­şan dur­mu­şyň şa­ýat­la­ry bo­lup­dyr. Ar­heo­lo­gi­ýa ul­ga­myn­da hal­ka­ra hyz­mat­daş­lyk hem do­wam ed­ýär. Türk­me­nis­ta­nyň Me­de­ni­ýet mi­nistr­li­gi­niň hem-de Rus­si­ýa­nyň Ylym­lar aka­de­mi­ýa­sy­nyň Et­no­lo­gi­ýa we ant­ro­po­lo­gi­ýa ins­ti­tu­ty­nyň ara­syn­da­ky hyz­mat­daş­ly­gyň çäk­le­rin­de ga­dy­my­ýe­tiň meş­hur ýa­dy­gär­lik­le­ri­niň iki­sin­de – Aş­ga­ba­dyň gün­ba­tar bö­le­gin­dä­ki Tä­ze Nu­saý­da we Ma­ry we­la­ýa­ty­nyň Ga­ra­gum et­ra­byn­da­ky Go­ňur­de­pe­de yl­my-bar­lag işleri al­nyp ba­ryl­dy. Bu ýer­dä­ki açyş­lar we ta­pyn­dy­lar türk­men hem-de dün­ýä jem­gy­ýet­çi­li­gin­de uly gy­zyk­lan­ma dö­ret­di.
Hä­zir­ki wagt­da Türk­me­nis­ta­nyň ta­ry­hy we me­de­ni ýa­dy­gär­lik­le­ri­ni go­ra­mak, öw­ren­mek we re­je­le­mek ba­ra­da­ky mil­li mü­dir­li­giniň hü­när­men­le­ri ÝU­NES­KO-nyň bi­ler­men­le­ri bi­len Be­ýik Ýü­pek ýo­lu­nyň ýur­du­my­zyň çä­gin­de ýer­leş­ýän bö­lek­le­ri­ni Bü­tin­dün­ýä mi­ra­sy­nyň sa­na­wy­na top­lum­la­ýyn ug­ruň ha­ta­ryn­da gi­riz­mek bo­ýun­ça uly iş­le­ri alyp bar­ýar­lar. Bir­nä­çe ýyl mun­dan ozal Aş­ga­bat­da ge­çi­ri­len mas­la­hat­da olar umu­my kon­sep­si­ýa­ny, top­lum­la­ýyn ug­ruň ha­ta­ry­na gat­na­şy­jy döw­let­le­riň her bi­ri­niň he­re­ket­le­ri­niň stra­te­gi­ýa­sy­nyň umu­my ga­ra­ýyş­la­ry­ny iş­läp taý­ýar­la­dy­lar. Onuň mak­sa­dy ÝU­NES­KO-nyň Bü­tin­dün­ýä mi­ra­sy­nyň gel­jek­ki des­ga­sy hök­mün­de onuň äh­mi­ýet­li­di­gi­ni su­but et­mek­den yba­rat­dyr.
Bäş müň ýyl tö­we­re­gi mun­dan ozal türk­men top­ra­gyn­da peý­da bo­lan si­wi­li­za­si­ýa­nyň ösü­şi­niň ýo­ka­ry de­re­je­si­ne şaýat­lyk ed­ýän ga­dy­my gym­mat­lyk­la­ryň ýüz­ler­çe­si­ni özün­de jem­län Türk­me­nis­tan ha­ky­kat­dan hem Be­ýik Ýü­pek ýo­lu­nyň ýü­re­gi­dir.
Mil­li Li­de­ri­mi­ziň bel­leý­şi ýa­ly, türk­men hal­ky­nyň ta­ry­hy­ny öw­ren­mä­ge, dün­ýä­de mad­dy we ru­hy mi­ra­sy go­rap sak­la­ma­ga hem-de wa­gyz et­mä­ge top­lum­la­ýyn we düýp­li yl­my çe­me­leş­me döw­le­ti­mi­ziň ile­ri tu­tul­ýan we­zi­pe­le­ri­niň bi­ri­dir. Şun­da mil­le­ti­mi­ziň ba­ha­sy­na ýe­tip bol­ma­jak ta­ry­hy-me­de­ni gym­mat­ly­gy­ny sak­laý­jy­lar bo­lan ýur­du­my­zyň mu­zeý­le­ri­ne, iri yl­my mer­kez­le­re aý­ra­tyn orun be­ril­ýär. Hal­ky­my­zyň ga­dy­my, bäş müň­ ýyl­lyk ta­ry­hy, onuň öz­bo­luş­ly däp­le­ri, tä­ze eý­ýam­da Türk­me­nis­ta­nyň deň­siz-taý­syz ga­za­nan­la­ry – bu­la­ryň äh­li­si baý mu­zeý gym­mat­lyk­la­ryn­da öz be­ýa­ny­ny tap­ýar.

Ma­ýa MI­ŞE­KO­WA,
S.A. Ny­ýa­zow adyn­da­ky Türk­men oba ho­ja­lyk uni­wer­si­te­ti­niň mu­gal­ly­my.