Aýsberg sözüni eşidenimizde belki «Titanik» kinosy ýa-da göwrüminiň üçden ikisi suwuň aşagynda bolan buz topbagynyň şekili göz öňümize gelmegi mümkin. Bu şekilleriň ählisinde sowugy ýatladýan gögümtil reňkler öňe çykýar. Emma äpet aýsbergleriň reňki ýaşyl hem bolup bilýär.
Şeýle aýsberglere Ýeriň ýüzünde diňe Antarktidada gabat gelmek bolýar. Alymlaryň aýtmagyna görä, ýaşyl aýsbergler ýüzlerçe ýyllaryň dowamynda emele gelipdir. Ylmy-barlaglaryň netijesinde, bu özboluşly reňkiň ýüze çykmagyna iki tapawutly ýagdaý täsir edýär. Ilki bilen Günorta ummanynyň binýadynda aýsberg dörap ugraýar. Aýsberg ýokarlygyna ösmeginiň dowamynda Antarktidanyň zeminindäki sarymtyl we gyzylymtyl buz tozanjyklaryny hem ýany bilen alyp gidýär.
«Sary we gök reňkleri garyp, ýaşyl reňki almagyň Antarktida mahsus usuly» diýip, Liwerpul uniwersitetiniň buzlary öwrenýän ylmy işgäri Jeýms Lea ýaşyl aýsbergleriň nähili döreýändigini düşündirýär.
Antarktidanyň ýaşyl aýsbergleri demre baý bolmak bilen, buzlaryň eremeginiň hem öňüni alýar.