Gury ýerde bolşy ýaly, deňizdir derýalaryň hem özüne mahsus ekoulgamy bar. Deňizlerde ýaşaýan iň täsin jandarlaryň biri hem deňiz aty hasaplanýar. Bu jandar gadymy döwürlerden bäri adamlaryň ünsüni özüne çekipdir. Gadymy grek medeniýetinde «Hippocampus» diýlip atlandyrylan deňiz atynyň göwresiniň ýokarsy atyň kellesi, aşagy balyk görnüşinde şekillendirilipdir. Häzirki Liwanyň çäklerinde Miladydan ozalky IV asyra degişli deňiz aty şekillendirilen şaýylyk pullar tapylypdyr. Angliýadaky Rim hammamlarynda deňiz aty şekillendirilen nagyşlaryň üstünden barlypdyr. Bu maglumatlar adamlaryň irki döwürlerden bäri deňiz atyna bolan gyzyklanmasynyň bardygyny görkezýär.
Bu owadanja jandarlar ata meňzeýän hem bolsa, alymlar ony balyk hasaplaýarlar. Deňiz atynyň edil adaty balyklaryňky ýaly dem alyş organy we ýüzgüçleri bar.
Deňiz atlary tropik we ýarymtropik suwlarda, 45° Demirgazyk we 45° Günorta parallelleriniň arasyndaky deňizlerde ýaşaýarlar. Dünýäniň dürli deňizlerinde 1,6 santimetrden 35 santimetre çenli ululykda bolan dürli görnüşli deňiz atlary ýaşaýar. Bu jandaryň iň kiçi görnüşi Bagam adalarynyň golaýynda ýaşaýar.
Suwasty dünýäsiniň owadanja jandarynyň ýene-de bir aýratynlygy hameleon ýaly reňkini üýtgedip bilmegidir. Jandar öz duşmanlaryndan goranmak üçin töweregindäki gurşawyň reňkine geçýär. Has kiçi deňiz atlary bolsa, daşky şekilini hem üýtgedýärler. Olaryň bedenlerinde gabarçyk emele gelip, merjenleriň arasynda özlerini gizleýärler.