Şu gün Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň binasynda Türkmenistanyň ykdysady üstünlikleriniň Türkmenistanyň Garaşsyzlyk gününiň 29 ýyllyk baýramyna bagyşlanan sergisi we «Sanly ykdysadyýet — ykdysady ösüşiň möhüm ugry» atly ylmy-amaly maslahaty öz işine başlady.
Sergide dürli ministrlikler we pudak edaralary bilen bir hatarda ýurdumyzyň hususy ulgamynyň wekilleri öz gazanan üstünliklerini görkezýärler. Türkmenistanda hereket edýän daşary ýurtly kompaniýalar hem alyp barýan işleri bilen tanyşdyrýarlar.
Hormatly Prezidentimiziň sergä we maslahata gatnaşyjylara iberen gutlag hatynda «Ata Watanymyzyň ykdysady ösüşiniň täze belentliklere çykmagy bilen, halkymyzyň durmuş üpjünçiligi, ýaşaýyş derejesi barha ýokarlanýar» diýip bellenilýär.
Sergi 20-nji sentýabr sagat 17:00-a çenli dowam eder.