Welosport ýaryşlarynyň iň naýbaşysy hasaplanýan “Tour de France” bäsleşigi tamamlandy. 107-nji gezek geçirilen ýaryşda “BAE Emirates” toparynyň sloweniýaly sürüjisi Tadeý Pogaçar ýeňiş gazandy. Ol 3 müň 470 kilometrlik aralygy 87 sagat 20 minut 5 sekuntda tamamlamagy başardy. Garaşylmadyk ýagdaýda ýeňiş gazanan Pogaçar bu ýaryşa ilkinji gezek gatnaşyp, taryhy başarnyk görkezdi. Soňky gezek 1983-nji ýylda Loren Finýon ilkinji gezek gatnaşan ýylynda çempionlyk gazanypdy. Şeýle-de 22 ýaşly Pogaçar 1904-nji ýylda ýeňiş gazanan Henri Korneden (19 ýaş 355 gün) soň, “Tour de France” ýol bäsleşiginde çempion bolan iň ýaş 2-nji türgen hökmünde hasaba alyndy.

Umumy sanawda 1-nji ýeri eýeläp, sary köýnekçäni egnine geçiren Pogaçar dag ýaryşlarynda hem-de ýaşlaryň arasynda-da ýeňiji bolup, ol degişlilikde gyzyl benekli hem-de ak köýnekçeleri hem eýelemegi başardy. Pogaçar “Tour de France” ýaryşynda 3 ugur boýunça çempionlyk gazanan 3-nji türgen bolup, ondan öňde Eddi Merks (1969, 1970, 1971, 1972) bilen Loren Finýon (1983) şeýle netije görkezipdi. 21 günläp dowam eden “Tour de France” ýaryşynda Pogaçardan 59 sekunt az netije görkezen watandaşy, “Jumbo-Visma” toparynyň türgeni Primož Rogliç 2-nji, 3,30 minut soň pellehana gelen awstraliýaly Riçi Porte (“Trek-Segafredo”) 3-nji ýeri eýeledi.