Özbegistanyň Zoologiýa institutynyň alymlary halkara hünärmenler bilen bilelikde ýurduň çäginde ilkinji gezek gulakman türkmen ýarganatyny ýüze çykardylar. Türkmenistanyň serhediniň golaýyndaky «Günorta Üstýurt» seýilgähinde tapylan bu örän seýrek görnüşe tebigy gurşawda soňky 55 ýylyň dowamynda duş gelinmändi diýen ýaly. Bu açyş ýurduň haýwanat dünýäsi baradaky maglumatlary täzelemäge mümkinçilik berdi.