Soňky ýyllarda global maýylganlygyň öňüni almak üçin has köp tagalla edilýär. Bu ugurda diňe awtoulag öndüriji kompaniýalar däl, eýsem, senagatyň dürli pudaklarynda, şol sanda uçargurluşyk kompaniýalary hem täzeçil tehnologiýalary durmuşa geçirýärler. Ýewropanyň “Airbus” kompaniýasy hem “ZEROe” atly uçary taýýarlaýar. Merkezi edarasy Fransiýada ýerleşýän kompaniýa 2035-nji ýyla çenli daşky gurşawy hiç hili hapalamaýan ýolagçy uçaryny taýýar etmegiň aladasyny edýär. Wodorod ýangyjy bilen işleýän uçaryň 120-200 orunlyk görnüşleri bolar. Kompaniýanyň ýolbaşçysy Giom Fori wodorod ýangyjynyň uçarlarda ilkinji ýangyç hökmünde ulanylmagynyň awiasiýa pudagynyň howa ýetirýän täsirini azaltmaga mümkinçiliginiň bardygyna ynanýandygyny aýtdy. 3200 kilometrden gowrak ýol geçmäge mümkinçiligi bolan bu uçarlaryň dürli ululykdaky görnüşleriniň öndürilmegi göz öňünde tutulýar.
Häzriki wagtda wodorod ýangyjy bilen işleýän awtoulag, tramwaý we otly ýaly dürli ulag serişdeleri bar. Ýangyjyň bu görnüşi bilen işleýän ulaglar howa diňe bug goýberýärler. Tebigat üçin zyýansyz hem bolsa, şeýle ulaglary öndürmek ýokary tehnologiýa talap edýär. Wodorod ýangyjyny öndürmek üçin bolsa, köp mukdarda elektrik energiýasyna zerurlyk duýulýar. Elektrik energiýasynyň Gün panelleri we ýel beketleri arkaly alynmagy bu tehnologiýanyň daşky gurşaw üçin zyýansyz bolmagyna getirýär.