Garward uniwersitetiniň hünärmenleri sosial üzňeligiň we fibrinogen (gan plazmasynyň ergin belogy) beloklarynyň derejesiniň arasyndaky arabaglanyşygy ýüze çykardylar. “Bedende fibrinogeniň artykmaçlygy gan basyşynyň ýokarlanmagyna we arteriýalarda ýag çökündileriniň ýygnanmagyna alyp barýar” diýip, “The Hindustan Times” ýazýar. Alymlar fibrinogeniň derejesini dostlaryň we ýakynlaryň möçberi bilen deňeşdirdiler.
Olar adamyň ýakynlary we dostlary näçe az bolsa, şonça hem bu belogyň derejesiniň ýokarydygyna göz ýetirdiler. Diňe 5 adam bilen gatnaşýan meýletinçilerde, 25 adam bilen gatnaşýanlar bilen deňeşdireniňde, fibrinogeniň derejesi 20 göterim ýokary bolup çykdy. Az sanly dostlary bolan gatnaşyjylarda fibrinogeniň derejesi çilimkeşleriňki ýaly ýokary bolup çykdy. Barlag geçirijileriň sözlerine görä, sosial üzňelik uzak dowam eden halatynda, ynsan saglygyna zeper ýetirýär.