Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow BMG-niň Nýu-Ýork şäherindäki ştab-kwartirasynda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 75-nji mejlisinde wideoýazgy bilen çykyş etdi.

Türkmenistanyň BMG-niň Baş Assambleýasynyň şu gezekli ýubileý maslahatynyň başlygynyň orunbasarlygyna saýlanylandygy bellärliklidir.

BMG-niň Baş Assambleýasynyň 75-nji mejlisiniň gün tertibi Ýer ýüzünde parahatçylygy we howpsuzlygy üpjün etmek, ählumumy wehimlere howplara garşy hereket etmek, durnukly ösüşi öňe ilerletmek, ekologiýa ugurlary we beýlekiler bilen birlikde, halkara gatnaşyklarynyň ähliu gurlaryna degişli meseleleriň toplumyny gurşap alýar. Şunda pandemiýa garşy göreşmek hem-de köptaraplaýyn hereketler arkaly onuň ýetirýän täsirlerini aradan aýyrmak meselesi aýratyn üns berilýän wezipe bolup durýar.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow öz çykyşynda ýurdumyzyň anyk başlangyçlaryny beýan etdi.Şol başlangyçlar döwrüň möhüm meselelerini çözmek boýunça tagallalary birleşdirmäge, ählumumy parahatçylygy, abadançylygy we rowaçlygy üpjün etmegiň bähbidi nenetijeli hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmäge gönükdirilendir.

Milli Liderimiz wideoýüzlenmesini Ýer ýüzüniň koronawirus pandemiýasynyň täsirine döz gelmedik ýaşaýjylarynyň sanynyň ýüz müňlerçä ýetmegi zerarly, çuňňur gynanç sözlerini beýan etmekden başlady. Döwlet Baştutanymyz şeýle hem lukmanlara, bu ulgamyň işgärlerine, tehniki hünärmenlerine, meýletinçilere, dünýäniň dürli künjeklerinde adamlaryň ömrüni we saglygyny halas etmegiň hatyrasyna ençeme aýlaryň dowamynda yhlasly zähmet çekýänleriň ählisine guwanýandygyny aýtdy hem-de olara minnetdarlyk bildirdi.

Biziň üns-aladamyz umyt we ynam bilen pandemiýanyň ýaýramagynyň öňüni almaga gönükdirilen waksinalary hem-de derman serişdelerini döretmegiň üstünde işleýän alymlara, barlag geçirijilere gönükdirilendir diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy hem-de olara minnetdarlyk bildirip, bu möhüm işde hemmetaraplaýyn goldaw bermäge taýýardygyny beýan etdi.

Häzirki döwrüň kynçylyklaryna we garşylyklaryna garamazdan, hut şu ýagdaýlar tutuş Ýer ýüzüniň ýaşaýjylarynyň ykbaly üçin gowulyga tarap üýtgemäge bize mümkinçilik berýär. Şu mümkinçiligi ýitirmezlik, mynasyp hereketleri, agzybirligi we hakyky ynsanperwerligi görkezmek biziň iň beýik syýasy we ahlak borjumyzdyr diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy.

Soňra hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň belleýşi ýaly, dünýäde pandemiýanyň ýaýrap başlan ilkinji pursatlaryndan, biziň ýurdumyz bu howpa garşy hereket etmek boýunça zerur çäreleri amala aşyrmaga girişdi. Öz wagtynda netijeli gorag çäreleri geçirildi, koronawirus ýokanjyna garşy göreşmek boýunça ýeke-täk milli strategiýa işlenip düzüldi.

Baş sekretaryň başlangyçlaryny üns merkezinde saklap, Türkmenistanda döwlet derejesinde ýiti ýokanç kesellerine garşy hereket etmäge we täsir etmäge taýýarlygy üpjün etmegiň Milli meýilnamasy tassyklanyldy diýip, döwlet Baştutanymyz belledi. Şeýle hem koronawirus pandemiýasyna garşy hereket etmek boýunça dessin durmuş-ykdysady çäreleriň meýilnamasy işlenilip taýýarlanyldy we kabul edildi.

Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň Bütindünýä saglygy goraýyş guramasy bilen hyzmatdaşlygyny mundan beýläk-de giňeltmegi we anyklaşdyrmagy, ony ulgamlaýyn, uzakmöhletleýin derejä çykarmagy maksat edinýändigini aýtdy.

Milli Liderimiz biziň ýurdumyzyň gyzyklanma bildirýän döwletleriň we halkara düzümleriň ählisi bilen bu başlangyçlary durmuşa geçirmek boýunça giňişleýin pikir alyşmaga taýýardygyny nygtady.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow sözüni dowam edip, koronawirus pandemiýasynyň ählumumy ykdysadyýetiň barşyna we ugurlaryna ep-esli derejede ýaramaz täsirini ýetirýändigini, Durnukly ösüş maksatlaryny ýerine ýetirmek boýunça dünýä jemgyýetçiliginiň tagallalaryny çynlakaý bökdeýändigni belledi. Şu babatda Türkmenistan ykdysady we söwda gatnaşyklaryny dikeltmäge gönükdirilen hyzmatdaşlygyň işjeňleşdiriljekdigine umyt edýär.

Milli Liderimiz wideoýüzlenmesiniňdowamynda dünýä ykdysadyýetini dikeltmek, söwdany we maýa goýumlaryny höweslendirmek boýunça işlerde Bütindünýä söwda guramasynyň öz üstüne esasy wezipäni almalydygyny belledi.

Şunda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň ýakynda BSG-niň synçy derejesini alandygyna ünsi çekip, şunuň bilen baglylykda, ählumumy ykdysadyýetdäki çökgünlik ýagdaýlaryny çalt ýeňip geçmek, ony oňyn depginli ösüşe geçirmek boýunça anyk çäreleri öňe ilerletmek üçin açylýan mümkinçilikleriň netijeli peýdalanyljakdygyny nygtady.

Döwlet Baştutanymyz foruma gatnaşyjylara ýüzlenip, dünýäniň örän köp ýurtlaryna ol ýa-da beýleki derejede degen koronawirus pandemiýasynyň ekologiýa nukdaýnazaryndan oňaýsyz bolan sebitlere aýratyn howp salýandygyny nygtady. Gynansak-da, Ýer ýüzüniňkartasynda şeýle sebitler az däl. Şunuň bilen baglylykda, milli Liderimiz Merkezi Aziýanyň halklary we döwletleri üçin örän möhüm ähmiýete eýe bolan meseläni gozgady hem-de gürrüňiň Aral heläkçiliginiň zolagy barada barýandygyny düşündirdi.

Pandemiýa bilen baglylykda, ol ýerdäki ýagdaýlar ýitileşip, adamlaryň ömrüne we saglygyna hakyky howp salýar, ýokanjyň giňden we çalt ýaýramak howpy ep-eseli ýokarlandy. Şunuň ýaly şertlerde, biz dünýä jemgyýetçiligini Aral we Aralýaka meselelerine örän uly üns bermäge çagyrýarys diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow nygtady.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow çykyşynyň ahyrynda BMG-niň geljegine pugta ynanyp, ýurdumyzyň bu gurama bilen strategik hyzmatdaşlygy pugtalandyrmagy we ösdürmegi dowam edip, tutuş dünýäde parahatçylygyň, howpsuzlygyň we rowaçlygyň bähbitlerine, onuň egsilmez kuwwatynyň açylmagyna goşandyny goşjakdygyny nygtady.