Geçen hepdäniň ýekşenbe güni “Google” doglan gününi belläp geçdi. Dünýäniň iň köp ulanylýan gözleg saýtyna eýeçilik edýän kompaniýa dürli ugurlarda iş alyp barýar. 1998-nji ýylda ulanylyşa girizilen saýt doglan güni mynasybetli “doodle” (saýtyň belli seneler mynasybetli nyşanyny üýtgetmegi) taýýarlady. Kompaniýa resmi taýdan 4-nji sentýabrda döredilen hem bolsa, doglan gününi 27-nji sentýabrda belleýär. Sebäbi, 2005-nji ýylyň 27-nji sentýabrynda ulanyjylarynyň sany artyp, rekord derejä ýetipdir. Geliň, saýt barada käbir maglumatlara seredeliň!

Häzirki wagtda gözleg saýty diýlende ilki “Google” ýadyňa düşýän hem bolsa, saýt döredilen wagty “Ask Jeeves”, “AltaVista”, “Yahoo Search” we “Archive” ýaly bäsdeşleri bardy.

“Google” kompaniýasy Stenford uniwersitetinde bilim alýan Lerri Peýj we Sergeý Brin tarapyndan doktorantura işi hökmünde taýýarlanan ylmy işiň netijesinde döredildi. Olar 1996-njy ýylyň ýanwar aýynda bu taslamany durmuşa geçirmegiň aladasyny edip başladylar.

“Google” beýleki gözleg saýtlaryndan tapawutlylykda ýazylan sözüň haýsydyr bir saýtda  näçe gezek gaýtalanýandygyna görä däl-de, onuň ulanyjysynyň sanyna baglylykda sanaw çykarýar.

Kompaniýanyň ady 100 nolly sanyň ady bolan “googol” sözünden döredilipdir. Bu bolsa, gözleg saýtynda maglumatlaryň çäksizdigini alamatlandyrýar.

Saýt açylandan birnäçe aýdan soňra 60 milliondan gowrak sahypany öz sanawyna girizýär.

“Alexa Internet”-iň maglumatyna görä, “Google” dünýäde iň köp ulanylýan saýt hasaplanýar.

Kompaniýanyň dünýäniň dürli ýurtlarynda 114 müňden gowrak işgäri bar.

“Google” elektron poçta hyzmaty “Gmail”-i 2004-nji ýylyň aprelinde ulanyşa girizdi. Kompaniýa şu ýylyň başynda “Apple”, “Amazon” we “Microsoft” kompaniýalaryndan soňra bazar nyrhy 1 trillion dollardan geçen dördünji brend boldy.