Şweýsariýanyň dünýä belli kaşaň sagat öndürijisi “Hublot”, täze “Big Bang Reloaded” kolleksiýasyny tanyşdyryp, sungat, saz we sport arkaly kemala gelýän duýgulary öz önümlerinde jemleýär. Kompaniýanyň baş direktory Žülýen Tornaryň belleýşi ýaly, bary-ýogy 45 ýyllyk taryhy bolan brend däp bolan usullardan daşlaşyp, häzirki zaman materiallary we täzeçil dizaýnlary bilen sagat dünýäsinde öz ornyny berkidýär. “Hublot” diňe bir ýaşlara däl, eýsem, täzeçillige teşne bolan dürli ýaşdaky müşderilere geljegiň sagat gurluşygy sungatyny hödürleýär.
Brendiň halkara abraýynyň artmagynda dünýä belli sport ýyldyzlarynyň orny örän uludyr. Ýamaýkaly meşhur ýeňil atletikaçy Huseýn Bolt we portugaliýaly futbol rowaýaty Luiş Figu ýaly ýyldyzlar “Hublot-nyň” ilçileri hökmünde çykyş edip, wagtyň we tizligiň ähmiýetini öz durmuş tejribeleri arkaly beýan edýärler. Hususan-da, Huseýn Boltuň dünýä rekordyny goýan sport aýakgaplaryndan ýasalan ilkinji “Big Bang” sagady brendiň döredijilik ukybynyň aýdyň mysalydyr. Bu günki gün “Hublot” sportuň we sungatyň ruhuny özünde saklaýan dizaýnlary bilen kaşaňlyk dünýäsinde täze tapgyry açýar.
PDF









