Germaniýanyň öňdebaryjy awtoöndüriji kompaniýasy «Volkswagen» hytaýly hyzmatdaşlary bilen elektroulag önümçiligi üçin 15 milliard ýewro möçberinde maýa goýum taslamalaryny özleşdirmegi meýilleşdirýär.
Häzirki wagtda elektroulaglara bolan isleg barha ýokarlanýar. Öňdebaryjy kompaniýalar bu bazardaky ornuny has-da berkitmek üçin dürli işleri alyp barýarlar. Bu bazardaky ornuny güýçlendirmegi meýilleşdirýän «Volkswagen» Hytaýdaky bazar paýyny artdyrmak üçin 2020-2024-nji ýyllarda bu ýurtdaky önümçiligi üçin 15 milliard ýewro gönükdirer.
Şonuň netijesinde, 2025-nji ýyla çenli Hytaýda «Volkswagen» kompaniýasynyň ulaglarynyň 15 görnüşi peýda bolar. Täze maýa goýum maksatnamasy esasynda kompaniýanyň önümçiliginiň 35 göterimi elektroulaglardan ybarat bolar.
German kompaniýasy Hytaýdaky şeýle ulaglaryň söwdasyny 2 esse ýokarlandyrar. Şol bir wagtda ýurtda zarýad beriji infrastruktura hem ýokary depginde ösdürilýär.
Daýançgeldi BEKDURDYÝEW,
S. A. Nyýazow adyndaky Türkmen oba
hojalyk uniwersitetiniň talyby.