Çilim we beýleki temmäki önümleri adam saglygyna uly zeper ýetirýär. Soňky geçirilen barlaglar çilimkeşligiň dünýäde ýüregiň işemiýa keselleriniň 21 göterimine sebäp bolýandygyny ýüze çykardy. Bu öňüni alyp boljak agyr netijeleriň 2 milliona golaýyna barabardyr. Bu barada Bütindünýä saglygy goraýyş guramasynyň beýanatynda bellenilýär. Bilermenler temmäki önümleriniň gan damarlarynyň daralmagyna, kislorod akymynyň peselmegine, ganyň goýalyp, netijede, işemiýa keselleriniň döremegine sebäp bolup biljekdigini öňe sürýärler. Bu nähoşluk holesterinden we öýjükli elementlerden ybarat bolan ýüregiň ýüzündäki iýmitlendiriji damarlarda ýygnanan çökündi bolup, arteriýalaryň daralmagyna getirýär. Şeýlelikde, kisloroda baý bolan ganyň ýürege barýan akymyny peseldip, ýürek agyrysyna sebäp bolup bilýär. BSGG-niň wekilleri bu ýagdaýyň uzak wagtyň dowamynda bolup geçýändigini, köpleriň öz ýagdaýyny ýürek keselini başyndan geçirenlerinden soňra bilip galýandyklaryna ünsi çekýärler. Bu keseliň ötüşmeginiň öňüni almaga dermanlar, bejeriş we hirurgik amallar bilen, şeýle-de çilim çekmek ýaly töwekgelçilikli ýagdaýlara garşy göreşmek arkaly netijeli gözegçilik edip bolýar.
Dünýäniň ýurtlary bu ugurda dürli çäreleri amala aşyrýarlar. Mysal üçin, barlaglar temmäki önümlerine salynýan salgytlaryň köpelmegi bilen temmäki sarp edilişiniň azalmagynyň arasynda gönüden-göni baglanyşygyň bardygyny ýüze çykardy. Köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň çilime garşy kampaniýalary ilatyň çilimi taşlamagyna ýa-da oňa höwes etmeginiň öňüni almaga ýardam berýär. Hindistanda geçirilen barlaglarda, çilim çekmegi gadagan edýän kanunlaryň utgaşdyrylmagy we temmäki önümlerine salgytlaryň artdyrylmagy 10 ýylyň içinde ýürek keselleriniň 25 göterimine çenli öňüni alyp boljakdygyny ýüze çykardy. Bütindünýä saglygy goraýyş guramasynyň hünärmenleri, çilim taşlanan pursadyndan başlap, bir ýyldan soň, ýüregiň işemiýa keselleriniň töwekgelçiliginiň iki esse azalýandygyny we 15 ýyldan soň ýürek-damar keselleriniň döremek töwekgelçiliginiň çilim çekmeýänleriň ýagdaýyna ýakynlaşdyrýandygyny tassykladylar.
Baýram Garaýew,
M. Garryýew adyndaky Türkmenistanyň
Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň
Stomatologiýa boýunça diplomdan soňky
taýýarlaýyş kafedrasynyň mugallymy.