Bö­lek elekt­ron söw­da bi­len meş­gul­lan­ýan «Ama­zon» kom­pa­ni­ýa­sy tä­ze tö­leg ul­ga­my­ny ta­nyş­dyr­dy. Kom­pa­ni­ýa­nyň gal­ta­şyk­syz we sa­ty­jy­syz dü­kan­la­ry üçin ni­ýet­le­nen bu ul­gamda müş­de­ri­le­riň aýa­sy bi­len tö­leg ka­bul ed­ilýär. Ul­ga­ma la­ýyk­lyk­da müş­de­ri­ler il­ki aýa­sy­nyň yzy­ny bank kar­ty­na de­giş­li mag­lu­mat­la­r bi­len bag­la­nyş­dy­rar. On­dan soň­ra bol­sa, de­giş­li dü­kan­lar­da ýan­la­ryn­da kar­ty bol­maz­dan, di­ňe eli­niň içi­ni de­giş­li sen­so­ra okat­mak ar­ka­ly söw­da edip bi­ler­ler. Bu hyz­mat il­ki kom­pa­ni­ýa­nyň mer­ke­zi eda­ra­sy­nyň ýer­leş­ýän ýe­ri bo­lan Sietl­dä­ki dü­kan­la­ryn­da ýo­la goý­lar. «Ama­zon One» at­ly bu ul­gam gys­ga wagt­dan ABŞ-nyň San-Fran­sis­ko, Nýu-Ýork we Çi­ka­go şä­her­le­rin­dä­ki dü­kan­lar­da hem or­naş­dy­ry­lar. «Ama­zon»-yň ýo­ka­ry de­re­je­li ýol­baş­çy­sy Di­lip Ku­mar met­bu­ga­ta be­ren be­ýa­na­tyn­da «Ama­zon One»-yň gal­ta­şyk­syz tö­le­gi ýaý­baň­lan­dyr­jak­dy­gy­ny mä­lim et­di. Gal­ta­şyk­syz tö­leg ul­ga­my äh­li ba­bat­da yg­ty­bar­ly bo­lup, aras­sa­çy­lyk taý­dan hem oňaý­ly ha­sap­lan­ýar. 1994-nji ýyl­da esas­lan­dy­ry­lan «Ama­zon» dün­ýä­niň öň­de­ba­ry­jy bö­lek söw­da kom­pa­ni­ýa­la­ry­nyň bi­ri ha­sap­lan­ýar.
Soň­ky ýyl­lar­da gal­ta­şyk­syz tö­leg ul­ga­my has hem kä­mil­leş­di­ril­ýär. Bu ul­gam­da bank kar­ty bi­len tö­leg ter­mi­na­ly biri-bi­ri­ne deg­me­ýär. Di­ňe bel­li bir ara­lyk­dan de­giş­li sen­so­ra golaýlaşdyrmak ar­ka­ly tö­leg ka­bul edil­ýär. Ýur­du­myz­da hem ula­nyl­ýan tö­le­giň bu gör­nü­şi­ne bo­lan gy­zyk­lan­ma bar­ha ýo­kar­lan­ýar. Se­bä­bi, yg­ty­bar­ly bol­ma­gy bi­len ta­pa­wut­lan­ýan ul­gam sa­ty­jy bi­len müş­de­ri­niň wag­ty­ny tyg­şyt­la­ma­ga ýar­dam ed­ýär. Gal­ta­şyk­syz tö­leg tö­le­mä­ge müm­kin­çi­lik ber­ýän kar­tyň ýü­zün­de ses tol­ku­ny­na meň­zeş şe­kil­jik bol­ýar. Bu kart­lar bank, karz ýa-da haý­sy­dyr bir eda­ra-kär­ha­na de­giş­li kart hem bo­lup bil­ýär. Kar­ty ter­mi­na­la 4 san­ti­metr ýa­kyn­laş­dyr­mak ýe­ter­lik­dir. Tö­leg ge­çe­nin­den soň­ra, onuň ka­bul edi­len­di­gi­ni ýa-da kart­da ýe­ter­lik de­re­je­de pul ýok bol­sa, şo­ny duý­du­ry­jy ses çy­kar­ýar. Gal­ta­şyk­syz tö­leg teh­no­lo­gi­ýa­syn­da ter­mi­na­la bi­rik­di­ri­len an­ten­na okaý­jy sen­sor bi­len bi­ri­gip, tö­le­giň ta­mam­lan­ma­gy­ny üp­jün ed­ýär.
Hä­zir­ki wagt­da bu teh­no­lo­gi­ýa smart­fon­lar ar­ka­ly hem ýo­la go­ýul­ýar. Bu usul ar­ka­ly ma­li­ýe eda­ra­sy­nyň ýö­ri­te prog­ram­ma­sy te­le­fo­na gur­na­lan bol­ma­ly. Müş­de­ri­ler bu prog­ram­ma­ny ka­bul ed­ýän tö­leg ter­mi­nal­la­ry bo­lan söw­da we hyz­mat ediş no­kat­la­ryn­dan tö­leg ge­çi­rip bil­ýär­ler. Dün­ýä ýurt­la­ryn­da 2016-njy ýyl­da ýaý­baň­la­nyp baş­lan bu ul­gam hä­zir­ki wagt­da tö­leg­le­riň 10 gö­te­rim­den gow­ra­gy­ny eme­le ge­tir­ýär.

Ny­ýaz­sol­tan No­ba­to­wa,
Ke­rim Mu­ham­me­dow,
Türk­men döw­let ma­li­ýe ins­ti­tu­ty­nyň mu­gal­lym­la­ry.