«Boeing 777X» uçarlaryna oturtmak maksady bilen işlenip taýýarlanan, «General Electric» kompaniýasy tarapyndan döredilen «GE9X» hereketlendiriji ABŞ-nyň Awiasiýa edarasyndan degişli rugsatnamany aldy. Motoryň ululygy «Boeing 737» uçarlarynyň ululygyna barabar. Dünýäniň öňdebaryjy uçar öndürijisi bolan «Boeing» täze hereketlendirijini iň uly we ýangyçdan netijeli peýdalanýan ýolagçy uçary hasaplanýan «Boeing 777X»-lere oturdar. «GE Aviation» kompaniýasynyň ýolbaşçysy Jon Slatteri täze hereketlendirijiniň ululyk, kuwwatlylyk we tygşytlylyk babatda ýokary derejededigini aýtdy. Hereketlendirijiniň içinde diametri 3,5 metre barabar periň 16 ganaty bar. Bu hereketlendirijiniň kuwwaty «Boeing 747»-leriň iki hereketlendirijiniň jeminiň iki essesine barabar. Örän uludygyna garamazdan, «GE9X» motor has tygşytly bolmagy bilen tapawutlanýar. Ýeri gelende aýtsak, bu motoryň oturdyljak «Boeing 777X» uçarlarynyň ganatlary ýygnalyp kiçelýär. Bu uçarlara 384-436 aralygynda ýolagçy ýerleşýär. Täze döwrebap uçaryň täjirçilik maksatly görnüşiniň 2022-nji ýylda taýýar boljakdygy aýdylýar.
Laçyn HOJAÝEWA,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň talyby.