Alym­lar bir­nä­çe ýy­lyň do­wa­myn­da gül­le­riň reň­ki­niň üýt­gän­di­gi­ni anyk­la­dy­lar. Adam gö­zi bi­len saý­ga­ryp bol­ma­ýan bu üýt­ge­şik­li­giň se­bä­biniň bol­sa, ho­wa­nyň üýt­ge­me­gine bag­ly­dy­gy mä­lim edil­di. ABŞ-nyň Klem­sona uni­wer­si­te­ti­niň alym­la­ry glo­bal ma­ýyl­gan­lyk se­bäp­li gül­ýap­rak­la­ry­nyň reň­ki­niň üýt­gän­di­gi­ni ýü­ze çy­kar­dy­lar. Yl­my–bar­la­gyň ne­ti­je­le­ri ba­ra­da­ky yl­my ma­ka­la «Cur­rent Bio­lo­gy» žur­na­lyn­da ne­şir edil­di.
Alym­lar bu yl­my işi ge­çir­mek üçin üç yk­lym­da 42 ösüm­ligiň gör­nü­şi­nde barlag geçirdiler. 1941-2017-nji ýyl­lar ara­ly­gyn­da go­ra­lyp sak­la­nan ösüm­lik­le­riň ult­ra­me­lew­şe ka­me­ra­lar ar­ka­ly reňk­le­ri­ni öl­çe­di­ler. Yl­my–bar­lag ho­wa­nyň maý­la­ma­gy­nyň ösüm­lik­le­riň reň­ki­niň üýt­ge­me­gi­ne ge­tir­ýän­di­gi­ni gör­kez­di.
Ge­çi­ri­len bar­lag­lar­da ge­çen asy­ryň ikin­ji ýa­ry­myn­dan soň­ra ösüm­lik gül­le­ri­niň reň­ki­niň üýt­gäp baş­lan­dy­gy anyk­lan­dy. Alym­lar gül­le­rdäki ult­ra­me­lew­şe şöh­le­le­ri özü­ne çe­ki­ji pig­ment­le­riň her ýyl 2 gö­te­rim artýan­dy­gy­ny anykladylar.
Ösüm­lik­ler boý al­mak üçin Gün şöh­le­si­ne ze­rur­lyk duý­ýar­lar. Em­ma Gün şöh­le­si bi­len utgaşýan ult­ra­me­lew­şe şöh­le­ler ösüm­li­ge ze­per ýe­ti­rip bil­ýär. Şeý­le bo­lan­soň, ösüm­lik go­ran­mak üçin bu zy­ýan­ly şöh­le­le­ri sor­ýan pig­ment­le­ri bö­lüp çy­ka­ryp baş­la­ýar. Bu pig­ment­ler adam gö­zi bi­len saý­ga­rar­dan so­lak hem bol­sa, ony ýö­ri­te en­jam­lar ar­ka­ly anyk­lap bol­ýar.
Ge­çi­ri­len bar­lag­lar­da glo­bal ma­ýyl­gan­ly­gyň her ösüm­li­ge baş­ga­ça tä­sir ed­ýän­di­gi hem anyk­lan­dy. My­sal üçin, tozgalary da­şyn­da bol­ýan gül­ler has köp pig­ment bö­lüp çy­kar­ýar.

Mak­sat Det­dowOW,
Türkmenistanyň Oguz han adyn­da­ky In­že­ner-teh­no­lo­gi­ýa­lar uni­wer­si­te­ti­niň mu­gal­ly­my.