Jo­zef Baý­den öň­de bar­ýar. De­mok­ra­tik par­ti­ýa­nyň da­laş­gä­ri Jo­zef Baý­den ABŞ-nyň hä­zir­ki Pre­zi­den­ti Do­nald Tramp­dan tu­tuş ýurt bo­ýun­ça 10% öň­de bar­ýar. Mu­nuň şeý­le­di­gi­ni ABŞ-nyň Mar­kett we Kwin­ni­peks­kiý uni­wer­si­tet­le­ri ta­ra­pyn­dan ge­çi­ri­len bar­lag­la­ryň ne­ti­je­le­ri su­but ed­ýär. Pi­kir so­ra­ly­şyk­lar­da Baý­den 52% bi­len öň­de bar­ýar, Tram­p bol­sa 42%. Şeýl­e hem, 30-njy sent­ýabr­da Pre­zi­dent Do­nald Tramp bi­len Jo­zef Baý­de­niň ara­syn­da ge­çi­ri­len saý­law çe­kiş­me­sin­den soň ge­çi­ri­len pi­kir so­ra­ly­şyk­lar­da to­ma­şa­çy­la­ryň 60%-iniň Baý­de­ni, 28%-iniň bol­sa, Tram­py ma­kul­la­ýan­dy­gy bel­li bol­dy.

De­pu­tat­la­ryň sa­ny azal­dy­lar. Ita­li­ýa­da Kons­ti­tu­si­ýa bo­ýun­ça ge­çi­ri­len sa­la sal­şyk­da ýer­li ýa­şaý­jy­la­ryň kö­pü­si Par­la­ment­dä­ki de­pu­tat­la­ryň sa­ny­ny azalt­mak üçin ses ber­di­ler. Mag­lu­mat­la­ra gö­rä, saý­law­çy­la­ryň 70%-i Par­la­ment we­kil­le­ri­niň sa­ny­nyň azal­dyl­ma­gy­ny gol­dap ses ber­di­ler. Saý­law­la­ra gat­na­şan­la­ryň 30%-i bu baş­lan­gy­ja gar­şy ses ber­di­ler. Sa­la sal­şyk­da ita­li­ýa­ly­lar­dan de­pu­tat­lar pa­la­ta­sy­nyň we­kil­le­ri­ni 630-dan 400-e çen­li, se­na­tyň we­kil­le­ri­ni bol­sa 315-den 200 se­na­­to­ra çen­li azal­dyl­ma­gy­ny tas­syk­la­mak ha­ýyş edil­di.

Tä­ze­den iş­läp baş­la­dy. Hin­dis­tanyň meş­hur Täç­ma­hal aram­gä­hi, dün­ýä­de eme­le ge­len çyl­şy­rym­ly ýag­daý­lar se­bäp­li ýa­py­la­nyn­dan al­ty aý soň, myh­man­la­ryň tä­ze­den ba­ryp gör­me­gi üçin müm­kin­çi­lik dö­re­dil­di. Mag­lu­mat­la­ra gö­rä, bu Täç­ma­ha­lyň ta­ry­hyn­da iň uzyn ýa­py­lyş döw­ri bol­dy. Hä­zir­ki ýag­daý­da Täç­ma­hal gün­de ba­ry-ýo­gy 5 müň adam ka­bul edip bil­ýär. Mun­dan ozal, aram­gäh her gün 70 mü­ňe go­laý myh­ma­ny ka­bul ed­ýär­di. Dün­ýä bel­li aram­gäh XVII asyr­da gu­rul­ýar.

Ýa­şaý­şyň yz­la­ry göz­le­ner. ABŞ-nyň ae­ro­naw­ti­ka we kos­mos gi­ňiş­li­gi­niň bar­lag­la­ry bo­ýun­ça mil­li mü­dir­li­gi (NA­SA) We­ne­ra­dan ýa­şa­ýyş göz­le­mek mak­sa­dy bi­len en­ja­my­ny ýol­la­ma­gyň müm­kin­çi­li­gi­ni öw­ren­ýär. Şeý­le mis­si­ýa­la­ryň bi­ri ýa-da iki­si 2021-nji ýy­lyň ap­re­li­ne çen­li We­ne­ra pla­ne­ta­sy­na uçu­ry­lyp bil­ner. Bu ýer­de gür­rüň NA­SA ta­ra­pyn­dan iber­mek üçin ni­ýet­len­ýän DAVINCI+ we VERI­TAS mis­si­ýa­la­ry ba­ra­da bar­ýar. Bu­lar uçur­mak üçin edi­len tek­lip­le­riň sa­na­wyn­da orun al­dy. Go­laý­da alym­lar We­ne­ra­nyň at­mos­fe­ra­syn­da fos­fiý ga­zy­nyň ala­mat­la­ry­nyň bar­dy­gy­ny su­but et­di­ler.

Dün­ýä­niň iň ki­çi ku­bjagazy. Ýa­po­ni­ýa­da dün­ýä­niň iň ki­çi Ru­bik ku­bja­ga­zy gör­ke­zil­di. Onuň her ta­ra­py­nyň uzyn­ly­gy 9,9 mil­li­met­re deň­dir. Al­ýu­mi­n­den ýa­sa­lan bu önüm «Me­ga­hou­se Cor­po­ra­ti­on» kom­pa­ni­ýa­sy ta­ra­pyn­dan ön­dü­ril­di. Ru­bik kub­ja­ga­zy­nyň ba­ha­sy 198 müň ýen (tak­my­nan 1,9 müň dol­lar). Dün­ýä­niň iň meş­hur oý­na­wa­jy ha­sap­lan­ýan ku­bja­gaz 1974-nji ýyl­da weng­er oý­lap ta­py­jy­sy Er­nýo Ru­bik ta­ra­pyn­dan dö­re­dil­di. Rubik kubjagazy sa­tu­wy­nyň muk­da­ry bo­ýun­ça oýun­jak­la­ryň ara­syn­da öň­de­ba­ry­jy ha­sap­la­nyp, dün­ýä­de onuň 350 mil­li­on­dan gow­ra­gy sa­ty­ldy.

Okea­nog­ra­fik hem­ra­sy­ny uçur­dy. Hy­taý go­laý­da ýur­duň Szýuan kos­mod­ro­myn­dan um­man­la­ryň di­na­mi­ki gur­şa­wy­na gö­zeg­çi­lik et­mek üçin ni­ýet­le­nen tä­ze eme­li hem­ra­sy­ny üs­tün­lik­li uçur­dy. «Haý­ýan-2C» (HY-2C) hem­ra­sy «Çanç­žen-4B» ra­ke­ta gö­te­ri­ji­si ar­ka­ly uçu­ryl­dy. Bu hem­ra is­len­dik ho­wa şert­le­rin­de um­man tol­kun­la­rynyň be­ýik­li­gi­ni, ola­ryň üs­tün­dä­ki ýel­le­ri we gyz­gyn­lyk de­re­je­si­ni gö­zeg­çi­lik­de sak­la­ma­ga ukyp­ly­dyr. Hü­när­men­ler bu hem­ra­nyň um­man­la­ryň we de­ňiz­le­riň di­na­mi­ki gur­şa­wy­na aban­ýan howp­la­ryň öňü­ni al­ma­ga ýar­dam ber­jek­di­gi­ne ynan­ýar­lar.

Mü­sür ar­heo­log­la­ry­nyň açy­şy. Mü­sür­li ar­heo­log­lar ga­dy­my Kai­riň go­la­ýyn­da­ky Sak­ka­ra şä­he­ri­niň ha­ra­ba­çy­lyk­la­ryn­dan ýa­şy 2,5 müň ýyl­dan gow­rak bo­lan 27 sa­ny agaç san­dy­gy ýü­ze çy­kar­dy­lar. Bu san­dyk­lar 11 metr ýe­riň as­tyn­da abat sak­la­nan­ly­gy, aja­ýyp şe­kil­le­ri we tä­sin ie­rog­lif­le­ri bi­len haý­ran ed­ýär. Şeý­le hem, alym­lar be­zeg­li zat­la­ry hem tap­dy­lar. Mü­sü­riň Sy­ýa­hat­çy­lyk we ga­dy­my ýa­dy­gär­lik­ler mi­nistr­li­gi Sak­ka­ra­da­ky iş­le­riň do­wam et­di­ril­jek­di­gi­ni ha­bar ber­di. Şeý­le-de, tä­ze açyş­la­ryň sy­ýa­hat­çy­la­ryň aky­my­nyň art­ma­gy­na ýar­dam ber­jek­di­gi bel­le­nil­di.

Mar­syň duz köl­le­ri. Mar­syň pol­ýar ta­rap­la­ryn­da duz köl­le­ri bar. Pla­ne­ta­nyň üst­ki gat­la­gy­ny bar­la­ýan MAR­SIS ra­da­ry ar­ka­ly ga­lyň buz gat­lak­la­ry­nyň aşa­gyn­dan dür­li ulu­lyk­da­ky üç sa­ny suw how­da­ny ýü­ze çy­ka­ryl­dy we gü­nor­ta pol­ýus­da dör­dün­ji­si­niň bar­dy­gy tas­syk­lan­dy. Ola­ry An­tark­ti­da bi­len de­ňeş­dir­ýär­ler. Kä­bir suw how­dan­la­ryn­dan ýü­ze çy­ka­ry­lan suw, du­zuň ýo­ka­ry top­lan­ma­sy se­bäp­li, 74 de­re­jä çen­li so­wuk­ly­gy­na gal­ýar. Bu ast­ro­bio­lo­gi­ýa, şeý­le-de Mars­da ýa­şaý­şyň yz­la­ry­ny göz­le­mek üçin örän mö­hüm açyş­dyr.