Elektroulag önümçiliginde dünýäniň öňdebaryjy kompaniýasy bolan “Tesla” ýylyň başynda 500 müň ulag öndürmegi maksat edinýändigini mälim edipdi. Kompaniýanyň ýolbaşçylary dünýäde emele gelen çylşyrymly ýagdaýa garamadan, bu maksada ýetiljekdigini belleýärler. Amerikan brendi ýylyň üçünji çärýeginde 139 müň ulag öndüripdir. Ýylyň başynda goýlan maksada ýetilmegi üçin kompaniýa soňky çärýekde 182 müň ulag öndürmeli bolar. “Tesla”-nyň Şanhaýdaky zawodynyň bu meýilnamanasyny durmuşa geçirmekde ähmiýetiniň uly bolmagyna garaşylýar. Bu ýerde “Model 3” sedan ulaglary öndürilýär. Ýylyň başyndan bäri bu ýerde 150 müň ulag öndürilipdir. Kompaniýanyň häzirki wagtda Kaliforniýadan başga diňe Şanhaýda zawody bar. Şeýle hem, Germaniýada gurluşygy dowam edýän önümçilik desgasy bar. Elektroulag öndüriji kompaniýa geljek ýyllarda dürli ululykdaky ýük ulaglarynyň önümçiligini ýola goýmagy maksat edinýär.