7-nji oktýabrda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putiniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy.
Milli Liderimiz russiýaly kärdeşini doglan güni bilen tüýs ýürekden gutlady hem-de berk jan saglyk, abadançylyk, dostlukly döwletiň halkynyň bähbidine gönükdirilen ähli başlangyçlarynda täze üstünlikleri arzuw etdi.
Russiýanyň Baştutany gutlaglar we hoşniýetli sözler üçin hoşallyk bildirip, taraplaryň hoşniýetli erkine esaslanýan hem-de ägirt uly köpugurly kuwwata eýe bolan döwletara gatnaşyklarynyň netijeli häsiýete eýedigini kanagatlanma bilen nygtady.
Telefon arkaly söhbetdeşligiň dowamynda giň ugurlar boýunça sazlaşykly ösdürilýän türkmen-rus gatnaşyklarynyň möhüm ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy. Söwda-ykdysady hyzmatdaşlygyň sazlaşykly ösdürilmeginde bilelikdäki Hökümetara toparynyň işine möhüm ornuň degişlidigi nygtaldy.
Şeýle hem däp bolan ynsanperwer ulgamdaky, şol sanda ylym, bilim we medeniýet ugurlaryndaky hyzmatdaşlygyň işjeň ösdürilýändigi bellenildi.
Şol bir wagtyň özünde saglygy goraýyş we derman senagaty ugurlaryndaky gatnaşyklary işjeňleşdirmek üçin ägirt uly mümkinçilikler bar. Hormatly Prezidentimiziň belleýşi ýaly, ýurdumyzda russiýaly alymlaryň koronawirus ýokanjyna garşy waksinany döretmek boýunça soňky döwürde gazanýan netijelerine uly baha berilýär hem-de Russiýa bilen bu ulgamdaky hyzmatdaşlygyň ösdürilmegine ynam bildirilýär.
Sebitara we halkara meseleleri boýunça pikir alyşmalaryň barşynda hazarýaka ýurtlaryň bäştaraplaýyn syýasy gatnaşyklarynyň çäklerindäki hyzmatdaşlyk meselelerine deglip geçildi. Mälim bolşy ýaly, 2018-nji ýylyň awgust aýynda kenarýaka döwletleriň ýolbaşçylary nobatdaky – VI Hazar sammitini Türkmenistanda geçirmek barada ylalaşdylar.
Söhbetdeşligiň dowamynda milli Liderimiz russiýaly kärdeşini özi üçin islendik amatly pursatda Türkmenistana sapar bilen gelmäge çagyrdy.
Telefon arkaly söhbetdeşligiň ahyrynda Prezidentler Gurbanguly Berdimuhamedow hem-de Wladimir Putin birek-birege berk jan saglyk, alyp barýan jogapkärli döwlet işlerinde üstünlikler, iki ýurduň dostlukly halklaryna bolsa, parahatçylyk, abadançylyk we rowaçlyk arzuw etdiler.