Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe «Türkmenistan – Bitaraplygyň mekany» ýylynda hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda milli ykdysadyýetimiziň dürli pudaklarynyň öňünde goýlan strategik wezipeleri we bellenilen ykdysady görkezijileri ýerine ýetirmekde bank ulgamy möhüm orun eýeleýär.
Täze innowasion tehnologiýalaryň, döwrebap tilsimatlaryň we öňdebaryjy usullaryň ornaşdyrylmagy netijesinde halal zähmetleri bilen öz girdejilerini artdyrýan önüm öndüriji kärendeçileriň ýaşaýyş-durmuş şertlerini has-da gowulandyrmak, ýurdumyzyň çet ýerlerde ýaşaýan oba ilatynyň döwrebap bank hyzmatlarynyň töleglerine elýeterli bolmagy, etrap merkezlerine barmazdan, töleglerini, bank karzlarynyň, oňa hasaplanan göterimleriniň we beýleki hyzmatlaryň birnäçe görnüşleriniň töleglerini plastik kartlaryň üsti bilen amala aşyrmak şertleriniň netijesinde bank kartlaryny ulanýan müşderileriň sany günsaýyn artýar.
Ýurdumyzda pudaklaýyn esasda alnyp barylýan sanly ulgama geçmek syýasaty örän oýlanyşykly we häzirki döwrüň talaplaryna laýyk bolup, iş we durmuş ýeňillikleriniň uly toplumyny döredýär.
Başlangyjy 1-nji sahypada.
Häzirki döwürde her bir raýat üçin internet we elektron hyzmatlarynyň elýeterli bolmagy, olaryň gündelik zerurlyklaryny we isleglerini kompýuter ýa-da öýjükli telefonlar arkaly kanagatlandyrmakda mümkinçilikler döredildi. Şeýle hem, puluň nagt däl hereketiniň möçberi hem-de aýlanyş tizliginiň artdyrylmagynda, elektron söwda, harytlaryň we hyzmatlaryň internet ulgamy arkaly ýerlenilmeginde ägirt uly mümkinçilikler döredilýär.
Türkmenistanyň «Daýhanbank» döwlet täjirçilik banky tarapyndan «Goýum bank karty» atly amatly hem-de ygtybarly hyzmatyndan peýdalanmaga mümkinçilik döredilen. «Goýum bank karty» goýumy – goýuma ýyllyk 5 göterim bilen nagt görnüşinde üstüni dolup bolýan şertinde kabul edilýär. Goýumçynyň goýum karty açylandan soň milli manatda çäklendirilmedik möçberde nagt görnüşinde serişdeler kabul edilýär. Goýumda pul serişdeleriniň duran döwründe goşmaça pul serişdelerini goýmak, üstüni doldurmaklyga rugsat berilýär. Türkmenistanyň «Daýhanbank» döwlet täjirçilik banky tarapyndan «Goýum bank karty» bank kart önümini ulanmak arkaly ýurdumyzyň ähli ýerlerinde töleg terminallarynyň üsti bilen nagt däl görnüşinde geçirilen tölegleriň jemine 1 göterim möçberinde pul sylagy «Cash back» berilýär.
Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzyň oba ilatynyň durmuş-ýaşaýyş şertlerini has-da gowulandyrmagyň çäklerinde Türkmenistanyň «Daýhanbank» döwlet täjirçilik banky kärendeçi müşderilerine degişli «Altyn asyr» bank kartlarynyň üsti bilen nagt däl görnüşinde amala aşyrýan töleglerine 5 göterim «Cash back» sylaglandyrma berilýändigi barada aýtmak bolar. «Altyn asyr» bank kartynyň galyndysyna ýyllyk 5 göterim hasaplanylýar we aýlyk esasda tölenilýär.
Häzirki zaman bazar gatnaşyklarynyň sazlaşykly ösýän döwründe ýurdumyzyň karz edaralarynyň goýum syýasatyna laýyklykda, ilatyň erkin duran pul serişdelerini karz edaralaryna çekmek arkaly goýum hasaplarynyň möçberini artdyrmak babatda möhüm işler durmuşa geçirilýär. Goýumlar boýunça tölenýän göterimleri maliýe bazarynda hereket edýän nyrhlara laýyklykda bellemek, ilata edilýän goýum hyzmatlarynyň hilini has-da ýokarlandyrmak, goýumlaryň täze görnüşlerini ornaşdyrmak boýunça degişli işler yzygiderli geçirilýär.
Wagt her bir adam üçin gymmatly hasaplanýar. Banklar tarapyndan döredilen amatly hem-de ygtybarly hyzmatlardan peýdalanmak bilen, her bir adam öz wagtyny tygşytlaýar. Şonuň netijesinde, ýurdumyzda nagt däl hasaplaşyklaryň gerimi has hem öser, banklarda täze hyzmatlary ornaşdyrmak işleri yzygiderli dowam etdiriler.
Geljekde Türkmenistanyň «Daýhanbank» döwlet täjirçilik banky hem alyp barýan işlerini mundan beýläk-de ösdürip, sanly ykdysadyýete doly geçip, ykdysadyýetimiziň durnukly ösmegine, halkymyzyň hal-ýagdaýynyň ýokarlanmagyna mynasyp goşant goşar. Türkmen halkyny ösüşleriň belent sepgitlerine alyp barýan Arkadag Prezidentimiziň jany sag, ömri uzak, belent başy aman bolsun, beýik tutumly işleri elmydama rowaç alsyn!
Altyn Durdyýewa,
Türkmenistanyň «Daýhanbank» döwlet
täjirçilik bankynyň Amallara gözegçilik we maliýe monitoringi bölüminiň baş hünärmeni.