Dorag beloklara, ýaglara, minerallara, witaminlere, makro we mikroelementlere baýdyr. Onuň peýdalylygy, esasan, näme bilen bilelikde iýýändigiňe bagly bolup durýar. Bu barada lukmanlar peýdaly maslahatlary berýärler.
50 ýaşdan uly adamlar üçin her gün irden 100-150 gram dorag iýmek maslahat berilýär. Umuman aýdanyňda, ulular üçin dorag iýmek has gowudyr, sebäbi dorag suwuklygy saklaýar. Çagaly enelere we çagalara agşamlaryna dorag iýmek has gowudyr. Sebäbi doragyň düzümindäki belok bedeniň ösüşine gowy täsir edýär.
Doragy gök otlar bilen garyp iýmek onuň azyklyk gymmatlygyny ýokarlandyryp, ýokumlylygyny artdyrýar. Miwe goşulan dorag hem artykmaçlyk berýär. Doragy gaýmak bilen garyp iýmek, ýag erediji witamin gory bolup hyzmat eder.
Halylgeldi MYRATGULYÝEW,
S. A. Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň talyby.