Hormatly Prezidentimiziň alyp barýan öňdengörüjilikli ykdysady syýasatynyň netijesinde, milli ykdysadyýetimizde sazlaşykly ösüşler gazanylýar. Döwletimizde daşary ýurtlardan getirilýän önümleriň ýerini tutup bilýän önümçilikleriň ösüşi ýurdumyza getirilýän käbir önümleriň görnüşleriniň möçberlerini azaltmaga mümkinçilik berdi. Bu ugurda gazanylýan ösüşleriň netijesinde dokma, milli elektronika senagatynda milli nyşanly önümleriň hyrydarlary has-da köpelýär.
Hormatly Prezidentimiziň tagallasy esasynda, ýurdumyzyň dokma senagaty netijeli işleýän we geljegi uly bolan pudaklaryň birine öwrüldi. Häzirki döwürde ýurdumyzyň dokma pudagy diňe bir içerki bazarda däl, eýsem, halkara bazarlarda bäsdeşlige ukyplylygyny yzygiderli ýokarlandyrýar. Bu pudagyň maddy-enjamlaýyn binýady yzygiderli pugtalandyrylýar. Daşary ýurt maýa goýumlarynyň hasabyna täze önümçilikler hem gurulýar. Bu ugurda Italiýanyň öňdebaryjy kompaniýalary bilen hem işjeň hyzmatdaşlyk edilýär. Hormatly Prezidentimiziň Italiýa Respublikasyna bolan resmi saparynyň çäklerinde hem-de birinji Hazar ykdysady forumynyň barşynda gol çekilen ylalaşyklaryň we şertnamalaryň çäklerinde Dokma senagaty ministrliginiň Italiýanyň «Cormatex Srl» kompaniýasy bilen dokma pudagynda hyzmatdaşlyk etmek baradaky ähtnamasy esasynda Baýramalynyň dokma toplumynyň hem-de Daşoguzyň pagta egirme fabriginiň binýadynda birnäçe önümçilikleri döretmek göz öňünde tutulýar.
Şeýle hem Diýarymyzyň dokma kärhanalarynyň ekologiýa taýdan arassa önümleriniň ýerli sarp edijiler tarapyndan bolşy ýaly, daşary ýurt bazarlarynda-da ýokary islegden peýdalanylýar. Dokma senagaty ministrliginiň hünärmenleri tarapyndan milli nyşanlarymyzy döretmek boýunça işler alnyp barylýar. Hususan-da, «Bedew» nyşanly jins önümleri, «Bürgüt» nyşanly sport egin-eşikleri, «Gala» nyşanly tikin-örme önümleri, «Ýeňiş» nyşanly erkek köýnekleri giň meşhurlyga eýe boldy.
Şunuň bilen bir hatarda, «Goza» hem-de «Wada» nyşanly harytlaryň önümçiliklerini we satylyşyny artdyrmak boýunça çäreler görülýär. Bu bolsa ýurdumyzyň ýokary hilli önümleriniň mahabat edilmegine, görnüşleriniň giňeldilmegine we eksport edilmegine ýardam berýär.
Ýurdumyzyň dokma kärhanalarynda 100 göterim pagtadan taýýarlanýan, ekologiýa taýdan arassa önümler hökmünde dünýäde ykrar edilen «Gala», «Nusaý», «Goza», «Bedew», «Bürgüt» ýaly onlarça haryt nyşanly önümlere isleg barha artýar. Şunuň bilen baglylykda, ýurdumyzyň çar künjeginde Türkmenistanyň Dokma senagaty ministrligine degişli bolan dokma toplumlarynyň önümleri satylýan söwda nokatlarynyň onlarçasy hereket edip, olaryň täzeleri hem yzygiderli açylyp, ulanmaga berilýär.
Şeýle hem milli ykdysadyýetimizi senagatlaşdyrmak babatda alnyp barylýan giň gerimli işleriň netijesinde senagat pudagynyň täze ugry – elektron senagaty pudagy döredildi. Bu pudagy döwrebap derejede ösdürmek hem-de daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümleri öndürmek boýunça alnyp barylýan işler uly ähmiýete eýe bolýar.
Türkmenistanyň Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrliginiň hem-de Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalary dürli döwrebap enjamlaryň önümçiligini bilelikde ýola goýdular. Ýurdumyzda «akylly» telewizorlaryň, iki simkartly öýjükli telefonlaryň, smartfonlaryň (smart telefonlar), döwrebap monobloklaryň dürli görnüşleri we serginledijileriň, internet ulgamyny paýlaýjylaryň – routerleriň, şeýle hem agyz suwuny sowatmak we gyzdyrmak üçin niýetlenen enjamlaryň önümçiligi amala aşyrylýar.
Milli Liderimiz tarapyndan elektron senagatyna degişli harytlaryň 65 dýuýmly smart telewizory «Älem», monoblok görnüşli kompýuteri «Şowly», smart görnüşli telefony «Milli», öýjükli telefonlaryň iki simkartly kiçi görnüşini bolsa «Körpe», Internet ulgamyny paýlaýjy enjamy – routeri «Uçgun», gündelik hojalygyň zerur enjamy bolan agyz suwuny sowadyjy we gyzdyryjy enjamyny «Teşne», split görnüşli serginledijini «Mylaýym» diýip atlandyrylmagy täze nyşanly harytlaryň döredilmegine şert döretdi.
Ýurdumyzda öndürilýän dürli görnüşli ýokary hilli önümler Garaşsyz Watanymyzyň innowasiýalar hem-de ylmy-tehniki ösüşiň ýoly bilen öňe tarap okgunly barýandygynyň aýdyň subutnamasydyr.
Ogulsuraý BERDIÝEWA,
Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk
institutynyň talyby.