Obasenagat toplumynyň ýokary depginler bilen ösdürilmegi hormatly Prezidentimiziň alyp barýan döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugrudyr. Oba hojalygynyň netijeli ösdürilmegine, dürli görnüşli oba hojalyk önümleriniň öndürilişiniň möçberiniň artdyrylmagyna gönükdirilen giň gerimli özgertmeler üstünlikli amala aşyrylýar. Bu babatda hususyýetçilere hem uly orun degişlidir.

«Türk­me­nis­ta­nyň Pre­zi­den­ti­niň ýur­du­my­zy 2019 – 2025-nji ýyl­lar­da dur­muş-yk­dy­sa­dy taý­dan ös­dür­me­giň Mak­sat­na­ma­sy­nyň» ka­bul edil­me­gi bi­len kö­pu­gur­ly öz­gert­me­le­riň, mil­li yk­dy­sa­dy­ýe­ti­mi­ziň äh­li pu­dak­la­ry­nyň, şol san­da oba­se­na­gat top­lu­my­ny döw­re­bap­laş­dyr­ma­gyň we di­wer­si­fi­ka­si­ýa ýo­ly bi­len ös­dür­me­giň täze tap­gy­ryna ba­dal­ga berildi.
Hu­su­sy pu­da­gyň gat­naş­ma­gyn­da ýur­du­myz­da obase­na­gat top­lu­myn­da­ky önüm­çi­lik­ler giň ge­ri­me eýe bol­ýar. Bu pu­da­gyň mad­dy-en­jam­la­ýyn bin­ýa­dy­ny ber­kit­mek üçin uly işler edil­ýär. Hormatly Prezidentimiziň taý­syz ta­gal­la­la­ry bi­len oba ho­ja­lyk pu­da­gy­na döw­re­bap teh­ni­ka­lar yzy­gi­der­li sa­tyn alyn­ýar. Döw­le­te da­hyl­ly däl pu­da­gyň, ýag­ny hu­su­sy oba ho­ja­lyk önüm ön­dü­ri­ji­ler hem döw­let ta­ra­pyn­dan uly gol­da­wa eýe bol­ýar.
Pu­da­ga döwrebap tehnikalaryň satyn alynmagy ba­bat­da al­nyp ba­ryl­ýan iş­le­riň ne­ti­je­sin­de, oba ho­ja­lyk önüm­çi­li­gi­niň ne­ti­je­li­li­gi ga­za­nyl­ýar. «John Dee­re» kom­pa­ni­ýa­sy türk­men te­le­ke­çi­le­ri üçin oba ho­ja­lyk teh­ni­ka­la­ry­ny üp­jün et­mek bo­ýun­ça de­giş­li iş­le­ri alyp bar­ýar. 107 sa­ny türk­men te­le­ke­çi­le­ri­niň sar­gy­dy bo­ýun­ça Türk­me­nis­ta­na «John Dee­re» ame­ri­kan kom­pa­ni­ýa­sy­nyň oba ho­ja­lyk teh­ni­ka­sy­nyň 785 sa­ny­sy ge­ler. Umu­man al­nan­da hu­su­sy pu­da­gyň we­kil­le­ri kar­zy­na 287 trak­to­ry, 48 kom­baý­ny we dür­li teh­ni­ki gur­luş­la­ryň 450 bir­li­gi­ni sa­tyn al­dy­lar. Sa­tyn al­nan teh­ni­ka­nyň bir bö­le­gi eý­ýäm ýur­du­my­za ge­ti­ril­di.
Döw­let gol­da­wy bi­len, türk­men işe­wür­li­gi ta­ra­pyn­dan sa­tyn alyn­ýan oba ho­ja­lyk teh­ni­ka­la­ry­nyň ba­ha­sy­nyň 85 gö­te­ri­mi­ni ma­li­ýe­leş­dir­mek ha­kyn­da ýur­dumyzyň «John Dee­re» kom­pa­ni­ýa­sy bi­len yla­la­şy­gy ar­ka­ly müm­kin bol­dy. Äh­li oba ho­ja­lyk teh­ni­ka­sy ýur­du­my­zyň top­rak-ho­wa şert­le­ri­ne la­ýyk gel­ýär hem-de ekin ekiş­lik­de we mal­dar­çy­lyk pu­dak­la­ryn­da giň­den peý­da­la­ny­lar.
Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň oba ho­ja­lyk sy­ýa­sa­ty­nyň ile­ri tu­tul­ýan ugur­la­ry­na, şol san­da pu­da­ga san­ly elekt­ron do­lan­dy­ryş ul­ga­my­ny, tä­ze teh­no­lo­gi­ýa­la­ry we in­no­wa­si­ýa­la­ry gi­riz­mek, bu iş­le­re teh­ni­ki par­kyň üs­tü­ni ýo­ka­ry teh­no­lo­gi­ýa­ly oba ho­ja­lyk en­jam­la­ry­nyň tä­ze nus­ga­la­ry bi­len ýe­tir­mek, şonuň ha­sa­by­na zäh­met ön­dü­ri­ji­li­gi­ni art­dyr­mak ýa­ly ugur­lar hem gir­ýär. Bu ugur­da al­nyp ba­ryl­ýan iş­ler pu­da­gyň önüm­çi­lik ne­ti­je­li­li­gini ýo­kar­lan­dyr­mak bi­len çäk­len­män, eý­sem, ýur­du­myz­da azyk howp­suz­ly­gy­nyň hem üp­jün edil­me­gi­ne sal­dam­ly go­şant go­şar.
Mil­li Li­de­ri­mi­ziň ba­şy­ny baş­lan da­şa­ry ýurt­lar­dan ge­ti­ril­ýän ha­ryt­la­ryň or­nu­ny tut­ýan önüm­çi­li­gi ös­dür­mek we ýur­duň eks­port müm­kin­çi­lik­le­ri­ni art­dyr­mak bo­ýun­ça iş­le­nip taý­ýar­la­nan döw­let Mak­sat­na­ma­sy­ny dur­mu­şa ge­çir­me­giň çäk­le­rin­de äh­li we­la­ýat­lar­da öň­de­ba­ry­jy tej­ri­be­le­re esas­lan­ýan, hä­zir­ki za­man teh­no­lo­gi­ýa­sy or­naş­dy­ryl­ýan mal­dar­çy­lyk we guş­çu­lyk top­lum­la­ry­ny, oba ho­ja­lyk çig mal­la­ry­ny iş­läp taý­ýar­la­mak bo­ýun­ça kär­ha­na­la­ry we ýy­la­dyş top­lum­la­ry­ny öz içi­ne al­ýan oba­se­na­gat ul­gam­la­ry dö­re­dil­ýär.
Oba ho­ja­lyk önüm­le­ri­ni ön­dür­mek­de hususy ul­ga­myň pa­ýy yzy­gi­der­li ýo­kar­lan­ýar. Azyk ha­ryt­la­ry­nyň da­şa­ry ýurt­lar­dan ge­ti­ril­me­gi azal­dy­lyp, gök-mi­we önüm­le­ri­niň ha­sa­by­na ola­ryň eks­por­ta ibe­ri­li­şi­niň möç­be­ri art­dy.

Baýramgeldi HUDAÝBERDIÝEW,
S. A. Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň talyby.