Ra­şi­da Da­ti da­laş­gär bo­lar. Fran­si­ýa­nyň öň­ki Ada­lat mi­nist­ri Ra­şi­da Da­ti 2022-nji ýyl­da Fran­si­ýa­da ge­çi­ril­jek pre­zi­dent saý­law­la­ry­na gat­naş­mak is­le­ýän­di­gi­ni mä­lim et­di. Ra­şi­da Da­ti Be­ýik Bri­ta­ni­ýa­nyň «The Ti­mes» ga­ze­ti bi­len söh­bet­deş­lik­de Res­pub­li­kan par­ti­ýa we­kil­çi­lik edip, Fran­si­ýa­da ge­çi­ril­jek pre­zi­dent saý­law­la­ry­na gat­naş­mak ni­ýe­ti­niň bar­dy­gy­ny tas­syk­la­dy. Ra­şi­da Da­ti as­ly ma­rok­ko­ly bo­lan, Fran­si­ýa­da ýo­ka­ry we­zi­pä­ni eýe­län il­kin­ji ze­nan­dyr. Ol 2007-2009-njy ýyl­lar ara­ly­gyn­da Ni­kol­ýa Sar­ko­zi­niň hö­kü­me­tin­de Fran­si­ýa­nyň Ada­lat mi­nist­ri bo­lup iş­le­di.

Wagtyndan öň ses berdiler. 5,6 mil­li­on­dan gow­rak ame­ri­ka­ly no­ýabr aýyn­da ge­çi­ril­jek pre­zi­dent saý­law­la­ry­na möh­le­tin­den öň ses ber­di. De­giş­li ha­sap­la­ma­lar «Uni­ted Sta­tes Elections Pro­ject» saý­tyn­da mä­lim edil­di. Mag­lu­mat­la­ra gö­rä, ABŞ-da eý­ýäm 6 619 224 adam ses be­rip­dir. ABŞ-nyň in­di­ki umu­my saý­law­la­ry 3-nji no­ýabr­da ge­çi­ri­ler. Saý­law­lar­da Pre­zi­dent we wi­se-pre­zi­dent, We­kil­ler pa­la­ta­sy­nyň 435 ag­za­sy we Kong­res Se­na­ty­nyň üç­den bir bö­le­gi, 13 şta­tyň we se­bi­tiň gu­ber­na­tor­la­ry saý­lanar.

We­lo­si­ped sür­ýän­ler kö­pel­ýär. Dün­ýä­de eme­le ge­len çyl­şy­rym­ly ýag­daý­lar se­bäp­li, Ýew­ro­pa Bi­le­le­şi­gin­de we­lo­si­ped inf­rast­ruk­tu­ra­sy­na ägirt uly ma­ýa go­ýum­la­ry gö­nük­di­ril­ýär. Mag­lu­mat­lar­da bu pu­da­ga 1 mil­liard ýew­ro­dan gow­rak ma­ýa go­ý­lan­dy­gy ha­bar be­ril­ýär. Ýew­ro zo­la­gyn­da­ky ýurt­la­ra gö­nük­di­ri­len ma­ýa go­ýum­la­ry 2 300 ki­lo­met­re çen­li uza­ýan tä­ze we­lo­si­ped ýol­la­ry­nyň gu­rul­ma­gy­na se­bäp bol­dy. Hä­zir­ki wagt­da Ýew­ro­pa­da we­lo­si­ped sür­ýän­le­riň sa­ny ýe­di es­se art­dy.

Tä­ze öwüş­gi­ne eýe bol­dy. Gre­si­ýa­nyň hä­ki­mi­ýet­le­ri ja­han­keş­de­le­re öz­bo­luş­ly sow­gat et­di­ler. Ga­dy­my Ak­ro­pol tä­ze ýag­ty­lyk öwüş­gin­le­ri­ne eýe bol­dy. Go­laý­da ýo­la goý­lan yşyk­lan­dy­ryş ul­ga­my bu ýe­re gel­ýän­le­ri tä­sin­lik­ler dün­ýä­si­ne atar­dy. In­di be­lent­lik­de ýer­leş­ýän ägirt uly bi­na­la­ryň gö­rün­me­ýän bö­lek­le­ri­ni hem bü­tin aý­dyň­ly­gy bi­len gö­rüp bol­ýar. Di­zaý­ner­ler ga­dy­my Ak­ro­po­lyň yşyk­lan­dy­ryş tär­le­ri­ni iki aý­lap öw­re­nen­le­rin­den soň, bu işi ama­la aşyr­dy­lar. Bu top­lum Afi­ny me­de­ni­ýe­ti­niň mer­ke­zi bo­lup, ga­dy­my grek­le­riň geç­mi­şi­ni jan­lan­dyr­ýar.

18 metr­lik ro­bot. Ýa­po­ni­ýa­nyň Ýo­ko­ga­ma şä­he­rin­de el­le­ri­ni, aýak­la­ry­ny we kel­le­si­ni he­re­ke­te ge­ti­rip bil­ýän 18 metr­lik ro­bot dö­re­dil­di. Ol ägirt ro­bot­la­ra ba­gyş­la­nan «Gun­dam Facto­ry Yo­ko­ha­ma» dynç alyş se­ýil­gä­hi­ne ni­ýet­le­nip­di. Se­ýil­gä­hiň açy­ly­şy iýul aýy­na me­ýil­leş­di­ri­lip­di, ýö­ne dün­ýä­de eme­le ge­len çyl­şy­rym­ly ýag­daý­lar se­bäp­li il­ki okt­ýabr aýy­na, soň bol­sa ýe­ne-de nä­bel­li möh­le­te süý­şü­ril­di. Iş­läp dü­zü­ji­ler eý­ýäm oý­lap ta­pyş­la­ry­ny sy­nag­dan ge­çir­di­ler. Hö­dür­le­nen wi­deo­ýaz­gy­da ro­bo­tyň he­re­ke­ti gör­ke­zil­ýär.

2 müň ýyl­lyk bü­rünç gap. Ar­heo­log­lar şu ýy­lyň ba­şyn­da Hy­ta­ýyň mer­ke­zi we­la­ýa­tyn­da­ky San­mens­ýa şä­he­rin­de tak­my­nan, 2 müň ýyl mun­dan ozal­ky aram­gä­hi ýü­ze çy­kar­dy­lar. Ol ýer­den su­wuk­lyk sak­la­ma­ga ni­ýet­le­nen guw şe­kil­li tä­sin bü­rünç gap ta­pyl­dy. Alym­lar uzak wagt­lap onuň için­dä­ki mad­da­nyň nä­me­di­gi­ni anyk­lap bil­me­di­ler. Ge­çi­ri­len bar­lag­lar­da üç litr su­wuk­lyk syg­ýan bu gap­da­ky mad­da­nyň ir­ki Gün­ba­tar Han di­nas­ti­ýa­sy (mi­la­dy­dan öň 206 – mi­la­dy­nyň 24) döw­rün­de so­wuk­la­ma üçin ön­dü­ri­len der­man­dy­gy anyk­lan­dy.

Is­lan­di­ýa birinji orunda. Is­lan­di­ýa pen­si­ýa­da­kaň ýa­şa­mak üçin iň go­wy ýurt­la­ryň sa­na­wyn­da bi­rin­ji or­ny eýe­le­di. Bu ba­ra­da fran­suz ma­ýa go­ýum ban­ky «Na­tixis»-iň bar­lag­la­ry­na sal­gy­la­nyp, «Bloom­berg» ha­bar ber­di. Şweý­sa­ri­ýa ikin­ji, Nor­we­gi­ýa üçün­ji or­ny eýe­le­di. Il­kin­ji bäş­li­ge Ir­lan­di­ýa we Ni­der­land­lar gir­di. Bar­la­gyň aw­tor­la­ry, 44 ýurt­da pen­sio­ner­le­riň hal-ýag­da­ýy­na we ma­li­ýe howp­suz­ly­gy­nyň de­re­je­si­ne ba­ha ber­di­ler. Olar sag­ly­gy go­ra­ýyş, ma­li­ýe, mad­dy hal-ýag­daý we dur­mu­şyň hi­li ýa­ly dört ugur bo­ýun­ça 18 dür­li gör­ke­zi­ji­ni ulan­dy­lar.