«Samsonite» kompaniýasy «Konnect-i» modelli egne asylýan torbalaryň täze görnüşini satuwa çykardy. Täze harytda «rýukzagy» şahsy smartfon bilen baglamaga mümkinçilik berýän «Google» kompaniýasynyň «Jacquard» tehnologiýasy ulanylypdyr. Torbanyň egne asylýan kemerleriniň birine ýerleşdirilen «akylly» enjam eliň hereketleri bilen «Jacquard» applikasiýasy ýüklenen smartfony dolandyrmaga mümkinçilik berýär. Applikasiýanyň üsti bilen smartfonyň jaňlaryny kabul etmek, surata düşürmek, ses ulgamyny dolandyrmak we ýol görkezmek ýaly aýratynlyklary işjeňleşdirjek hereketlerini sazlap bolýar. Smartfona jaň ýa-da SMS gelende torbanyň enjam ýerleşdirilen gözenegi ýalpyldaýar we titreýär.
Suw geçirmeýän matadan tikilen täze «Konnect-i» modelinde 15,6 dýuýmlyk kompýuterlere niýetlenen jübi hem göz öňünde tutulypdyr. Torbadaky «Jacquard» tehnologiýasyny «iOS» we «Android» dolandyryş ulgamlarynyň ikisinde hem ulanmak mümkin.
«Has akylly hereket et» şygary bilen bazara çykarylan täze «rýukzagyň» adaty görnüşi 219,99 dollardan, has inçe görnüşi 199,99 dollardan satylýar.