Şu ýy­lyň sent­ýabr aýyn­da ýa­şy 65-den we on­dan ýo­ka­ry bo­lan ýa­pon­la­ryň sa­ny re­kord de­re­jä 36,17 mil­lio­na ýe­tip, 1 ýyl ozal­ky­dan 300 müň köp­dür. Bu ba­ra­da Ýa­po­ni­ýa­nyň Mil­li iş­ler we ara­gat­na­şyk mi­nistr­li­gi mä­lim et­di. Ýa­po­ni­ýa­nyň ila­ty­nyň 28,7%-ini gar­ry­lar dü­züp, re­kord de­re­jä­ni eýe­le­ýär. 65 ýaş­dan we on­dan uly ýa­po­ni­ýa­ly er­kek­leriň 15,73 mil­li­ona, ze­nan­laryň bol­sa 20,44 mil­lio­na deň­di­gi ha­bar be­ril­ýär. Şol bir wag­tyň özün­de Ýa­po­ni­ýa­nyň ilat we so­si­al üp­jün­çi­lik bo­ýun­ça mil­li ins­ti­tu­ty 2040-njy ýy­la çen­li ýur­duň ila­tyn­da gar­ry­la­ryň pa­ýy­nyň 35,3% bol­jak­dy­gy­ny çak­la­ýar.
Ýa­po­ni­ýa­da iş­le­ýän gar­ry­la­ryň sa­ny 16 ýyl bä­ri art­ýar. Iş bi­len üp­jün edi­len 8,92 mil­li­on gar­ry­dan 5,31 mil­lio­ny er­kek­ler, 3,61 mil­lio­ny ze­nan­lar. Iş­le­ýän gar­ry­la­ryň iň uly pa­ýy lo­maý we bö­lek söw­da bi­len meş­gul­lan­ýanlar (1,26 mil­li­on adam) bo­lup, on­dan soň oba ho­ja­ly­gy we to­kaý ho­ja­ly­gy (1,08 mil­li­on) pu­da­gyn­da iş­le­ýän gar­ry­lar orun al­ýar. Dün­ýä­de gar­ry ila­ty köp bo­lan ýurt­la­ry­nyň sa­na­wyn­da ikin­ji ýer­de Ita­li­ýa (23,3%), üçün­ji ýer­de bol­sa, Por­tu­ga­li­ýa (22,8%) gel­ýär.