11-nji oktýabrda Täjigistan Respublikasynda geçirilen Prezident saýlawlarynda ýurduň häzirki Prezidenti Emomali Rahmon 90,92% ses bilen ýeňiş gazandy. Bu barada Respublikanyň Merkezi saýlaw toparynyň başlygy Bagtyýor Hudoýorzoda mälim etdi.

Saýlawlara gatnaşan beýleki 4 dalaşgär Miroj Abdulloýew – 1,17%, Abduhalim Gafforzoda – 1,49%, Rustam Latifzoda – 3,03%, Rustam Rahmatzoda – 2,15% sese eýe boldular. Şeýlelik bilen, saýlaw topary Emomali Rahmonyň ýeňşini ykrar etdi.

-Prezidentlige dalaşgärler saýlaw kampaniýasy döwründe saýlawçylar bilen müňden gowrak duşuşyk geçirdiler. Bu saýlawlara daşary ýurtly synçylardan başga-da, 15 müňden gowrak milli synçy gözegçilik etdi. Ses bermäge gatnaşanlar 85,39%-e deň boldy – diýip, saýlaw toparynyň başlygy Hudoýorzoda aýtdy.

Emomali Rahmon ýurtda geçirilen saýlawlarda Miroj Abdulloýew (Kommunistik partiýa), Abduhalim Gafforzoda (Sosialistik partiýa), Rustam Latifzoda (Agrar partiýasy), Rustam Rahmatzoda (Ykdysady özgerişlik partiýasy) ýaly ýerli parlamentiň agzalary bolan dalaşgärler bilen bäsleşdi. Emomali Rahmon soňky 28 ýylyň içinde Respublikada iň ýokary hökümet wezipesini eýeleýär. 1992-nji ýyldan 1994-nji ýyla çenli ýurduň Ýokary geňeşiniň başlygy wezipesini eýelän Emomali Rahmon 1994-nji ýylyň noýabr aýynda geçirilen Prezident saýlawlarynda ilkinji gezek ýeňiş gazandy. 2016-njy ýylda Täjigistan Esasy Konstitusiýa üýtgeşmeler girizdi, oňa laýyklykda, 2015-nji ýyldan bäri parahatçylygy we milli jebisligi esaslandyryjy – milletiň lideri diýen ady göterýän Emomali Rahmon çäksiz gezek gaýtadan saýlanyp bilner.