Berkarar ýurdumyzyň täze taryhy döwri ösüşlere we özgertmelere beslenýär. Halk hojalygynyň ähli ugurlarynda guwandyryjy sepgitlere ýetilýär, ykdysadyýetiň dürli pudaklarynda ajaýyp üstünliklere eýe bolunýar. Şeýle ösüşdir özgertmeler hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary bilen ata Watanymyzda durmuşa geçirilýän belent maksatly tutumlaryň rowaçlanýandygynyň aýdyň subutnamasydyr.
Türkmenistan özüniň hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýynyň 25 ýyllygyny bellemäge taýýarlyk görýär. Milletler Bileleşigi tarapyndan ykrar edilen hem-de BMG tarapyndan ykrar edilen dünýäniň ýeke-täk bitarap ýurdy bolan eziz Diýarymyzda hemişelik Bitaraplygymyzyň şanly 25 ýyllygynyň dabaralaryna badalga berildi.
Milli Liderimiziň belleýşi ýaly, biziň Garaşsyz döwletimiziň Bitaraplyk hukuk ýagdaýy Birleşen Milletler Guramasy tarapyndan iki gezek ykrar edildi. Bu bolsa dünýäde ählumumy parahatçylygy we ylalaşyklylygy pugtalandyrmagyň, özara düşünişmäge we ynanyşmaga esaslanýan halkara gatnaşyklary ýola goýmagyň hem-de ösdürmegiň bähbidine dünýä bileleşiginiň tagallalaryny birleşdirmäge çalyşýan döwlet hökmünde Garaşsyz Watanymyzyň abraýyny barha belende galdyrýar.
Hemişelik Bitaraplyk gününe bagyşlanyp, eziz Watanymyzyň ösüşine, döwlet we jemgyýetçilik durmuşynyň ähli ulgamlarynda giňden ýaýbaňlandyrylan oňyn özgertmelere, ykdysadyýetimizi döwrebaplaşdyrmaga we senagatlaşdyrmaga gönükdirilen toplumlaýyn milli Maksatnamalarymyzyň ähmiýetine bagyşlanan ylmy maslahatlar geçirilýär. Iri önümçilik, medeni-durmuş, ylym-bilim, saglyk we sport maksatly täze desgalar dabaraly ýagdaýda açylýar, baý öwüşginli, medeni-jemgyýetçilik çäreleri yzygiderli geçirilýär.
Döwlet Baştutanymyzyň öňdengörüjilikli diplomatik strategiýany üstünlikli durmuşa geçirmegi netijesinde, Türkmenistan netijeli ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn gatnaşyklary alyp barýar. Ýurdumyz halkara guramalaryň 50-ä golaýynyň agzasy bolmak bilen, halkara konwensiýalaryň, ylalaşyklaryň we beýleki köptaraplaýyn resminamalaryň 150-den gowragyna işjeň gatnaşýar.
Türkmenistanyň Birleşen Milletler Guramasy hem-de onuň ýöriteleşdirilen düzümleri bolan Ösüş Maksatnamasy, ÝUNESKO, Ilat gaznasy, Çagalar gaznasy, Bütindünýä saglygy goraýyş guramasy, Bosgunlaryň işi baradaky Ýokary Komissarynyň Maksatnamasy, Neşelere we jenaýatçylyga garşy göreşmek baradaky müdirligi, Merkezi Aziýa üçin Öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkezi bilen hyzmatdaşlygy täze ösüşlere eýe bolýar.
Mälim bolşy ýaly, 1995-nji ýylyň 12-nji dekabrynda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň degişli Kararnamasy esasynda 185 döwletiň goldamagynda ýurdumyz hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýyna eýe boldy. 2015-nji ýylda BMG-niň Baş Assambleýasy degişli Kararnamany kabul edip, Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýyny ikinji gezek ykrar etdi. Bu Kararnamada Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýynyň sebitiň ýurtlary we beýleki döwletler bilen parahatçylyk söýüjilikli, dostlukly we özara bähbitli gatnaşyklary ösdürmäge ýardam edýändigi, Türkmenistanyň işjeň we oňyn orny eýeleýändigi bellenilýär.
Umuman, döwlet Baştutanymyzyň taýsyz tagallalary netijesinde Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy ýurdumyzyň gülläp ösüşiniň berk binýadyna öwrülýär. Halkymyzyň milli ýörelgeleri bilen sazlaşýan hemişelik Bitaraplygymyzyň sebitde durnuklylygyň saklanmagyna hyzmat edýändigi bagtyýar watandaşlarymyzy çäksiz buýsanja besleýär. Hemişelik Bitaraplygymyz berkarar döwletimiziň ynsanperwer syýasatyny, parahatçylyk döredijilikli başlangyçlaryny älem-jahana dabaralandyrýar.
Her ýylyň 12-nji dekabrynda Halkara Bitaraplyk gününiň bellenilmeginiň çuňňur manysy bar. Bu sene Watanymyzyň taryhynda aýratyn orun tutýar, çünki şol seneden soň biziň Garaşsyz döwletimiziň depginli ösüşiniň täze tapgyry başlandy. Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda alnyp barylýan daşary syýasat ýörelgesi, milli Liderimiziň iň abraýly halkara maslahatlarynyň münberlerinden yglan edýän döwrüň talap edýän parahatçylyk döredijilikli başlangyçlary bütin dünýäde ýyl-ýyldan barha uly goldawa eýe bolup, döwlet Baştutanymyzyň baştutanlygynda amala aşyrylýan netijeli hem-de ýokary derejede üstünlikli döwletara gatnaşyklar üçin esas bolup durýar. Ol bolsa adamzadyň bähbitlerine kybap gelýär. Mundan başga-da, hemişelik Bitaraplyk hukuk ýörelgesi ýurdumyza ykdysady taýdan gülläp ösüş ýoly bilen ynamly gitmäge mümkinçilik berip, häzirki we geljekki nesilleriň bagtyýar hem-de abadan durmuşynyň binýadyna öwrüldi.
Aba ÇARYÝEW,
S. A. Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk
uniwersitetiniň uly mugallymy.