Ne­bit ener­gi­ýa gor­la­ry­nyň iň gym­mat­ly gör­nü­şi ha­sap­lan­ýar. Di­ňe soň­ky el­li ýy­lyň için­de tu­tuş dün­ýä­de ýan­gy­jyň esa­sy gör­nüş­le­ri­niň sarp edi­li­şi 120 es­sä go­laý ar­typ­dyr. Çak­la­ma­la­ra sal­gy­lan­sak, hä­zir­ki wagt­da Ýer şa­ryn­da «ga­ra al­ty­nyň» tas­syk­la­nan gor­la­ry 170 mil­liard ton­na ba­ra­bar­dyr. Şo­nuň 10 gö­te­ri­me go­la­ýy­nyň bi­ziň ata Wa­ta­ny­my­zyň pa­ýy­na düş­ýän­di­gi bol­sa ju­da buý­sanç­ly ha­ky­kat­dyr. Bu ener­gi­ýa go­ru­nyň ägirt uly te­bi­gy müm­kin­çi­lik­le­ri­ni ulan­mak­da aýaw­ly we oý­la­ny­şyk­ly çe­me­leş­mek, örän gym­mat­ly te­bi­gy baý­ly­gy geljekki ne­sil­ler üçin go­rap sak­la­mak hormatly Prezidentimiziň ýa­daw­syz ala­da­la­ry­nyň üns mer­ke­zin­de dur­ýar.
Hä­zir­ki wagt­da mil­li hi­mi­ýa se­na­ga­ty­nyň top­lum­la­ýyn ösüş de­re­je­si ne­bit-hi­mi­ýa se­na­ga­tyn­da gaý­ta­dan iş­le­nen taý­ýar önüm­le­riň 400 gör­nü­şi­ne çen­li, ýag­ny çig ne­bit­den se­na­gat­da we ho­ja­lyk mak­sat­ly ulan­ma­ga ýa­ram­ly ýan­gy­jy, spir­ti we ase­to­ny, ere­di­ji­le­ri we lig­roi­ni, çal­gy ýag­la­ry, ga­ty pa­ra­fi­ni, as­fal­ty, plast­mas­sa­ny we kau­çu­gy, çal­gy se­riş­de­le­ri­ni, ben­zi­ni, reňk­li ne­bi­ti we di­ze­li, dis­till­ýat­la­ry, dur­nuk­ly çal­gy ýag­la­ry­ny ön­dür­mä­ge müm­kin­çi­lik ber­ýär.
Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň ener­ge­ti­ka sy­ýa­sa­ty ýur­duň ne­bit we gaz gor­la­ry­ny art­dyr­ma­ga, ug­le­wo­do­rod se­riş­de­le­rin­den ne­ti­je­li peý­da­lan­ma­ga gö­nük­di­ri­len­dir. Ne­bit­gaz pu­da­gy­nyň kär­ha­na­la­ryn­da tap­gyr­la­ýyn önüm­çi­li­giň ýo­la go­ýul­ma­gy ola­ryň gu­tar­nyk­ly yk­dy­sa­dy gör­ke­zi­ji­le­ri­ni ep-es­li ýo­kar­lan­dyr­ýar. Türk­me­nis­tan­da ne­bit we gaz çig ma­ly­ny gaý­ta­dan iş­le­mekde, şeý­le hem hi­mi­ýa se­na­ga­tyn­da döw­re­bap önüm­çi­li­giň giň ge­rim­li inf­rast­ruk­tu­ra­sy dö­re­dil­di. Ola­ryň ara­syn­da mil­li ýan­gyç-ener­ge­ti­ka top­lu­my­nyň öň­de­ba­ry­jy­sy bo­lan Türk­men­ba­şy­daky ne­bi­ti gaý­ta­dan iş­le­ýän za­wod­lar top­lu­my (TNGIZT) hem bar. Türk­men­ba­şy­da­ky ne­bi­ti gaý­ta­dan iş­le­ýän za­wod­lar top­lu­my – mil­li ýan­gyç-ener­ge­ti­ka top­lu­my­nyň öň­baş­çy­sy we iň iri kär­ha­na­sy­dyr. Mer­ke­zi Azi­ýa­nyň we Ha­zar se­bi­ti­niň iň iri se­na­gat kär­ha­na­sy bo­lan bu za­wod­lar top­lu­my tä­ze in­no­wa­si­ýa­la­ra da­ýa­nyp, öz ge­ri­mi­ni gi­ňeld­ýär we «ýa­şyl yk­dy­sa­dy­ýet­de» gö­rel­de gör­kez­ýär.
Top­lu­myň dü­zü­mi­ne Türk­men­ba­şy­daky we Seý­di­niň ne­bi­ti gaý­ta­dan iş­le­ýän za­wod­la­ry, Ke­nar­da­ky ne­bit önüm­le­ri­ni sak­la­ýan we ug­rad­ýan kär­ha­na we beý­le­ki dü­züm­le­ýin kär­ha­na­lar gir­ýär. Türk­men­ba­şy­da­ky ne­bi­ti gaý­ta­dan iş­le­ýän za­wo­dy 1941-1945-nji ýyllaryň Be­ýik Wa­tan­çy­lyk ur­şy ýyl­la­ryn­da Tu­ap­se­den gö­çü­ri­len za­wo­duň bin­ýa­dyn­da örän gys­ga möh­let­ler­de – 1942-nji ýy­lyň güý­zün­den 1943-nji ýy­lyň ýa­zyn­da gu­rul­dy. Eý­ýäm 1943-nji ýy­lyň 5-nji iýu­nyn­da türk­men aw­to­mo­bil ben­zi­niniň il­kin­ji ton­na­la­ry fron­ta ibe­ril­di. Bu kär­ha­na mu­kad­des ýurt Ga­raş­syz­ly­gy­my­zyň ýyl­la­ry için­de ägirt uly öz­ge­riş­le­re eýe bol­dy. Kär­ha­na mil­liard­lar­ça ame­ri­kan dol­la­ry möç­be­rin­de ma­ýa go­ýum­la­ry­nyň gö­nük­di­ril­me­gi bi­len, bu ýer­de ka­ta­li­tik re­for­min­gi­niň we mil­li se­kunt ka­ta­li­tik kre­kin­gi­niň des­ga­la­ry, ýo­ka­ry ok­tan­ly ben­zin, çal­gy ýag­la­ry, po­lip­ro­pi­len ön­dür­ýän des­ga­lar, di­zel ýan­gy­jy­nyň gid­roa­ras­sa­la­ýyş önüm­çi­li­gi­niň, şeý­le hem üp­jün­çi­lik gur­luş­la­ry­nyň hä­zir­ki za­man des­ga­la­ry gu­rul­dy. Ne­ti­je­de, san­ly­ja ýy­lyň do­wa­myn­da, ozal­ky ýö­ne­keý za­wo­dyň or­nun­da ne­bi­ti gaý­ta­dan iş­le­me­giň önüm­çi­li­gi­niň iň hä­zir­ki za­man uly top­lu­my peý­da bol­dy. Hut hä­zir­ki wagt­da mil­li yk­dy­sa­dy­ýe­ti­mi­ziň ker­wen­ba­şy­sy­na öw­rü­len bu top­lum etil­len­me­dik A-80, A-90, A-95 ýo­ka­ry ok­tan­ly aw­to­mo­bil ben­zin­le­ri, Ýew­ro-5 ýan­gy­jy, awia­si­ýa we teh­ni­ki ke­ro­sin­le­ri, re­ak­tiw we di­zel ýan­gy­jy­ny, ma­zu­dy, çal­gy ýag­la­ry­ny, po­lip­ro­pi­le­ni, peç ýan­gy­jy­ny, ýe­ňil ga­zoý­ly, ne­bit elekt­rod kok­su­ny, su­wuk­lan­dy­ry­lan ga­zy, gur­lu­şyk we ýol bi­tum­la­ry­ny we ýe­ne-de bir­nä­çe ne­bit önüm­le­ri­ni taý­ýar­la­ýar. Za­wo­dyň önüm­le­ri­niň aly­jy­la­ry­nyň ara­syn­da Rus­si­ýa, Ger­ma­ni­ýa, Is­pa­ni­ýa, Ita­li­ýa, Ýa­po­ni­ýa, Hy­taý, Eý­ran, Ow­ga­nys­tan bar.
Soň­ky on bäş ýy­la go­laý wag­tyň do­wa­myn­da ýur­du­my­zyň ýan­gyç-ener­ge­ti­ka top­lu­my­nyň ker­wen­ba­şy­sy bo­lan Türk­men­ba­şy­da­ky ne­bi­ti gaý­ta­dan iş­le­ýän za­wod­lar top­lu­myn­da uly öz­gert­me­ler dur­mu­şa ge­çi­ril­di. 2008-nji ýyl­da hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň gat­naş­ma­gyn­da bu top­lum­da da­ba­ra­ly ýag­daý­da ne­bi­ti il­kin­ji iş­le­ýän des­ga­la­ry­ we TNGIZT-nyň tä­ze 12 gat­ly do­lan­dy­ryş bi­na­sy ula­nyl­ma­ga be­ril­di. Elekt­rik usul­da duz­suz­lan­dy­ry­jy EL­DAD AT-6 ne­bi­ti il­kin­ji ge­zek gaý­ta­dan iş­le­ýän des­ga işe gi­ri­zil­di. 2011-nji ýyl­da bu top­lum­da düýp­li abat­la­ýyş iş­le­ri ge­çi­ril­di. Hä­zir­ki wagt­da ha­ýal­la­dy­lan usul­da koks­la­ma­ga hem-de gud­ro­ny as­falt­dan sap­la­ma­ga ni­ýet­le­nen tä­ze des­ga­nyň gur­lu­şy­gy bo­ýun­ça iş­ler al­nyp ba­ryl­ýar. «WTL FZE» (BAE) we «West­port Tra­ding Eu­ro­pe Li­mi­ted» (ABŞ) kom­pa­ni­ýa­lar kon­sor­siu­my ta­ra­pyn­dan ama­la aşy­ryl­ýan tas­la­ma­nyň esa­sy we­zi­pe­si gud­ro­nyň we ma­zu­tyň agyr ga­lyn­dy­la­ry­ny «Fos­ter Whee­ler» kom­pa­ni­ýa­sy­nyň teh­no­lo­gi­ýa­sy esa­syn­da gaý­ta­dan iş­le­mek­dir. Top­lu­myň kuw­wa­ty ýyl­da 900 müň ton­na önüm ön­dür­mä­ge ba­ra­bar­dyr. Iň esa­sy zat­la­ryň bi­ri hem, däp bol­şy ýa­ly, şol des­ga­la­ryň daş­ky gur­şa­wyň ha­pa­lan­ma­gy­na ýol ber­me­ýän­li­gi­dir. TNGIZT-de dün­ýä­de öň­de­ba­ry­jy «Bas­sel» kom­pa­ni­ýa­sy­nyň (Ita­li­ýa) tas­la­ma­sy­nyň or­naş­dy­ryl­ma­gy ne­ti­je­sin­de dün­ýä ba­za­ryn­da uly is­leg bil­di­ril­ýän gym­mat ba­ha­ly ne­bit­hi­mi­ýa önü­mi­ni – dä­ne­li po­lip­ro­pi­le­ni ön­dür­mek ýo­la go­ýul­dy. Mu­nuň üs­te­si­ne-de çig mal hök­mün­de ka­ta­li­tik kre­kin­giň su­wuk­lan­dy­ry­lan ga­zyn­dan bö­lü­nip aý­ry­lan pro­pi­len ula­nyl­ýar. Öň pro­pi­len dur­muş ýan­gy­jy hök­mün­de su­wuk­lan­dy­ry­lan gaz bi­len bir­lik­de ýa­kyl­ýar­dy. Su­wuk­lan­dy­ry­lan gaz­la­ryň pro­pi­len bö­le­gi­ni ne­ti­je­li peý­da­la­n­mak bi­len bir ha­tar­da, kü­kürt kis­lo­ta­ly al­ki­lir­le­mä­ni ulan­mak bi­len su­wuk­lan­dy­ry­lan gaz­la­ryň beý­le­ki, bu­tan-bu­ti­len frak­si­ýa­sy esa­syn­da al­ki­la­ty – eko­lo­gik taý­dan aras­sa aw­to­mo­bil ben­zin­le­ri­niň ýo­ka­ry ok­tan­ly kom­po­nen­ti­ni ön­dür­mek TNGIZT-da öz­leş­di­ril­di. 2018-nji ýyl­da top­lum­da po­lip­ro­pi­len­den ör­tü­gi ön­dür­ýän bö­lüm gur­lup ula­nyl­ma­ga be­ril­di.
Za­wo­dyň hut go­ja­man Ha­za­ryň ke­na­ryn­da gu­rul­ma­gy ýö­ne ýer­den däl. Ýur­du­my­zyň gün­ba­tar se­bi­ti ug­le­wo­do­rod we beý­le­ki te­bi­gy baý­lyk­la­ra baý mes­gen­le­riň bi­ri ha­sap­lan­ýar. Ba­ryp 1909-njy ýy­lyň 15-nji aw­gus­tyn­da Ha­za­ryň «Ga­ra­gum» at­ly meý­dan­ça­syn­da 170 metr çuň­luk­dan şol döw­rüň iň iri ne­bit aky­my al­nyp­dyr. Ha­za­ryň türk­men bö­le­gi­niň ýa­tak­la­ry­nyň hem gel­je­gi uly ha­sap­la­nyl­ýar. Bi­ler­men­ler şo­la­ryň gor­la­ry­ny 12,1 mil­liard ton­na ne­bit we kon­den­sat hem-de 6,1 tril­li­on kub metr gaz möç­be­rin­de ba­ha­lan­dyr­ýar­lar. Ha­za­ryň Türk­me­nis­ta­na de­giş­li bö­le­gi hä­zir­ki dö­wür­de 32 top­lu­ma bö­lü­nip, ola­ryň kä­bi­rin­de önüm­le­ri paý­laş­mak şert­le­rin­de ne­bit we gaz çy­ka­ryl­ýar.
Öňü­miz­dä­ki ýyl­lar­da dün­ýä­niň teh­ni­ki-teh­no­lo­gi­ki ta­lap­la­ry­na la­ýyk gel­ýän ýo­ka­ry teh­no­lo­gi­ýa­ly, eko­lo­giýa taý­dan aras­sa önüm­çi­lik kär­ha­na­la­ry­ny ýo­la goý­mak bo­ýun­ça top­lum­la­ýyn çä­re­le­ri dur­mu­şa ge­çir­mek bel­le­nil­ýär. Türk­men­ba­şy­da­ky ne­bi­ti gaý­ta­dan iş­le­ýän za­wod­lar top­lu­myn­da tä­ze teh­no­lo­gik des­ga­la­ry gur­mak me­ýil­leş­di­ril­ýär. Şo­lar ne­bi­ti gaý­ta­dan düýp­li iş­le­me­gi 90 gö­te­rim­den ýo­ka­ry gör­ke­zi­jä ýe­tir­mä­ge, ýo­ka­ry hil­li ben­zin­le­riň, teh­ni­ki ýag­la­ryň we beý­le­ki ne­bit­hi­mi­ýa önüm­le­ri­niň ön­dü­ril­ýän möç­be­ri­ni art­dyr­ma­ga müm­kin­çi­lik be­rer. Şol des­ga­la­ryň ha­ta­ryn­da di­zel bö­lek­le­ri­ni we ben­zin­le­ri gid­roa­ras­sa­la­ma­gyň, ka­ta­li­tik kre­king we wo­do­rod önüm­çi­li­gi bo­lan top­lum­ly koks­la­mak des­ga­lar top­lu­my; ne­bi­ti gaý­ta­dan iş­le­me­giň önüm­le­ri­niň agyr ga­lyn­dy­la­ry­nyň ka­ta­li­tik kre­king des­ga­sy, şeý­le hem bin­ýat­la­ýyn teh­ni­ki ýo­ka­ry hil­li ýag­la­ryň önüm­çi­li­gi bo­ýun­ça en­jam bar. Mun­dan baş­ga-da, Seý­di şä­he­rin­dä­ki ne­bi­ti gaý­ta­dan iş­le­ýän za­wod­da ben­zo­lyň ön­dü­ri­li­şi­ni ýo­la goý­ma­gyň teh­ni­ki we yk­dy­sa­dy taý­dan mak­sa­da­la­ýyk­ly­ly­gy öw­re­nil­ýär. Şon­dan soň­ra ben­zol dün­ýä ba­zar­la­ryn­da uly is­leg bil­di­ril­ýän po­lis­ti­rol hem-de kau­çuk ýa­ly gym­mat­ly önüm­le­ri ön­dür­mek üçin çig mal hök­mün­de ula­ny­lar.
Sent­ýabr aýy­nyň 9-yna Gah­ry­man Arkadagymyzyň Bal­kan we­la­ýa­ty­na ama­la aşy­ran iş sa­pa­ryn­da za­wod­lar top­lu­myn­da tas­la­ma kuw­wa­ty 70 MWt/sa­gat bo­lan iki sa­ny tä­ze gaz­tur­bi­na­ly elekt­rik stan­si­ýa­sy­nyň gur­lu­şy­gy­na we he­re­ket ed­ýän elekt­rik be­ke­di­niň dur­ku­ny tä­ze­le­mek iş­le­ri­ne ba­dal­ga be­ril­di. Ýur­du­my­zyň ne­bit­hi­mi­ýa pu­da­gy­nyň öň­de­ba­ry­jy kär­ha­na­syn­da düý­bi tu­tu­lan bu iki sa­ny gaz­tur­bi­na­ly des­ga öň gur­lan kuw­wa­ty 126,4 MWt/sa­gat «Ge­ne­ral Electric» ame­ri­kan kom­pa­ni­ýa­sy­nyň 3 sa­ny gaztur­bi­na­la­ry elekt­rik be­ke­di­niň müm­kin­çi­lik­le­ri­ni has-da art­dy­rar.
Türk­me­nis­ta­nyň ne­bit-gaz se­riş­de­le­ri­niň möç­be­ri bo­ýun­ça dün­ýä­niň öň­de­ba­ry­jy ýurt­la­ry­nyň bi­ri bol­mak bi­len, bu te­bi­gy baý­lyk­la­ry mil­li ösü­şe hem-de bü­tin adam­za­dyň bäh­bit­le­ri­ne gö­nük­dir­me­gi mak­sat edin­ýän­di­gi aý­ra­tyn bel­len­mä­ge my­na­syp­dyr. Mu­nuň özi ýur­du­my­zyň ener­ge­ti­ka dip­lo­ma­ti­ýa­sy­nyň ha­ky­ky pa­ra­hat­çy­lyk we ösüş mak­sat­la­ry­na yg­rar­ly bo­lup gal­ýan­dy­gy­na şa­ýat­lyk ed­ýär.

Mer­gen Ama­now,
Hal­ka­ra ne­bit we gaz uni­wer­si­te­ti­niň uly mu­gal­ly­my.