Ýewropa Parlamenti 2030-njy ýyla çenli Ýewropa Bileleşigine agza ýurtlarda hapa gazlaryň howa goýberilýän mukdaryny 1990-njy ýyl bilen deňeşdireniňde 60% azaltmagy maksat edinýär. 392 wekil howany goramak baradaky täze kanun taslamasyny makullady, 161-si garşy ses berdi, 142-si saklandy. Saklananlaryň arasynda, esasan, sagçy konserwatiw «Ýewropa halk partiýasy» fraksiýasynyň wekilleri bolup, olar yglan edilen sanlary has ýokary gördüler. Ýewropa Komissiýasy şu ýylyň martynda 2050-nji ýyla çenli howany aram ýagdaýa getirjek howa baradaky kanunyň taslamasyny hödürledi. Bu kanun taslamasynda atmosferadaky CO2 zyňyndylaryny nol deňagramlylyga getirmek maksat edinilýär. Bellenen wagta çenli Ýewropa Bileleşigine agza ýurtlaryň senagat kärhanalary tarapyndan howa goýberilýän hapa gazlaryň ýaramaz täsirleri bag ekmek we «ýaşyl» tehnologiýalary ulanmak arkaly aradan aýrylar.
Golaýda 2030-njy ýyla çenli galyndylary 40%-e çenli azaltmak wagtlaýyn maksat hökmünde yglan edilipdi. Ýewropa Komissiýasy bu görkezijini artdyrmagy talap etdi. Öz gezeginde «Sosialistleriň we demokratlaryň öňdebaryjy bileleşigi», «Ýewropanyň erkin bileleşigi», «Ýewropanyň çep bileleşigi» we liberal ugurly birnäçe toparlaryň wekilleri 60% görkezijini goldap çykyş etdiler.
Indi howanyň üýtgemeginiň ýaramaz täsirleriniň öňüni almaga gönükdirilen kanunyň soňky nusgasy Ýewropa Bileleşigine agza ýurtlar bilen ylalaşylmaly.