Ka­li­for­ni­ýa uni­wer­si­te­ti­niň alym­la­ry­nyň aýt­ma­gy­na gö­rä, gel­jek­de Sa­ha­ra gül­läp ös­ýän säh­ra öw­rü­lip bi­ler. Bu ba­ra­da «Live Science» in­ter­net sa­hy­pa­sy ha­bar ber­ýär. Ge­çi­ri­len bar­lag­lar­da buz eý­ýa­my gu­ta­ran­dan soň (5-11 müň ýyl ozal) Sa­ha­ra çö­lü­niň bü­tin­leý baş­ga­ça gör­nüş­de bo­lan­dy­gy ýü­ze çy­ka­ryl­dy. Bu säh­ra­da dýu­na çä­ge­le­ri­niň ýe­ri­ne gür ösüm­lik­ler ösüp, ýa­gy­şyň köp ýag­ma­gy ne­ti­je­sin­de, uly köl­ler bo­lup­dyr. De­mir­ga­zyk Af­ri­ka­nyň tak­my­nan, do­kuz mil­li­on ine­dör­dül ki­lo­met­ri be­ge­mot­la­ryň, an­ti­lopa­la­ryň, pil­le­riň we zub­r­la­ryň ýa­şa­ýan te­bi­gy «go­rag­ha­na­sy­na» öw­rü­lip­dir.
Alym­lar ho­wa­nyň üýt­ge­me­gi­niň her 23 müň ýyl­dan Ýer to­ga­la­gy­nda bol­ýan öz­ge­riş­lik­ler bi­len bag­ly­dy­gy ba­ra­daky pi­kir­le­ri­ni or­ta at­dy­lar. Tak­my­nan, se­kiz müň ýyl ozal, pla­ne­ta­nyň ýap­gyt­ly­gy 24,1 de­re­je­den hä­zir­ki 23,5 de­re­jä çen­li üýt­gäp­dir. Hä­zir­ki wagt­da De­mir­ga­zyk ýa­rym şa­ry gyş aý­la­ryn­da Gü­ne has go­laý bo­lup, bu go­laý­laş­ma Sa­ha­ra­nyň gök öwüs­ýän za­ma­nyn­da to­mu­sa ga­bat ge­lip­dir. Bu ýag­daý Gün şöh­le­si­niň ýi­ti bol­ma­gy­na ýa-da ýy­ly­ly­gyň art­ma­gy­na se­bäp bo­lup­dyr. Ýy­ly­ly­gyň art­ma­gy Af­ri­ka mus­so­ny­ny ha­s hem güýç­len­dir­ýär. Bu ýag­daý gu­ry ýer bi­len um­ma­nyň ara­syn­da­ky gyz­gyn­lyk de­re­je­si­niň ýo­kar­lan­ma­gy­na, se­bit­de ýel­le­riň möw­süm­le­ýin üýt­ge­me­gi­ne se­bäp bol­ýar. Sa­ha­ra­da jöw­za­nyň ýo­kar­lan­ma­gy ze­rar­ly pes ba­syş­ly zo­la­gyň dö­rän­li­gi üçin At­lan­tik um­ma­ny­nyň çyg­ly­ly­gy ha­syl­syz çö­le ara­la­şyp ug­rap­dyr. Alym­lar De­mir­ga­zyk ýa­rym şar­da Gün şöh­le­si­niň hä­zir­ki­den 7% köp bo­lan­dy­gy­ny ha­sap­la­dy­lar. Bu ýag­daý bol­sa, ýa­gy­şyň 17-50% ýo­kar­lan­ma­gy­na se­bäp bo­lup bi­ler. Um­man çö­kün­di­le­rin­de ge­çi­ri­len bar­lag­lar Sa­ha­ra­nyň bir­nä­çe ge­zek ýa­şyl zo­la­ga öw­rü­len­di­gi­ni gör­kez­di. De­mir­ga­zyk ýa­rym şar­da to­mus­ky gyz­gyn aky­myň iň ýo­ka­ry muk­da­ry tak­my­nan 10 müň ýyl­dan gaý­ta­lan­ýar. Ne­ti­je­de, Sa­ha­ra ýe­ne-de dür­li ösüm­lik­le­re we gy­rym­sy agaç­la­ra bü­re­nip bi­ler.