Ula­gyň dür­li gör­nüş­le­ri­niň peý­da bo­lan­dy­gy­na ga­ra­maz­dan, iki asyr­dan gow­rak wagt bä­ri ula­nyl­ýan we­lo­si­ped öz äh­mi­ýe­ti­ni ýi­tir­me­di. Gaý­tam, bu ulag has kä­mil­leş­di­ri­lip, onuň dür­li gör­nüş­le­ri çy­ka­ryl­dy. Bu söz beý­le­ki dil­le­riň kö­pü­si­ne fran­suz­ça­da­ky «vélocipède» («tiz aýak») sö­zün­den ge­çip­dir. Şeý­le hem «bicyclet­te» sö­zi hem «iki ti­gir» diý­me­gi aň­la­dyp, fran­suz di­lin­den beý­le­ki dil­le­re ge­çip­dir. XIX asyr­da oý­la­nyp ta­py­lan bu ulag se­riş­de­si­niň bir, iki we üç ti­gir­li gör­nüş­le­ri bi­len bir ha­tar­da, elekt­rik ener­gi­ýa­sy bi­len he­re­ket ed­ýän gör­nüş­le­ri hem bar. Ol gat­naw, sport hem-de sag­lyk mak­sat­la­ry, şeý­le-de güý­men­je üçin hem peý­da­la­nyl­ýar. Ge­liň, bu ulag ba­ra­da kä­bir mag­lu­mat­la­ra se­re­de­liň!

Bir ti­gir­de re­kord
Ame­ri­ka­ly Kurt Os­bur­n we­lo­si­pe­diň öňü­ni gal­dy­ryp, bir ti­g­ri bi­len 4569 km ýol geç­ýär. Bu re­kord 1999-njy ýyl­da ha­sa­ba alyn­ýar. Tür­gen Ka­li­for­ni­ýa­dan Flo­ri­da çen­li ara­ly­gy 50 gün­de geç­ýär. Şeý­le hem, er­jel tür­ge­niň yzy­ny üz­män we­lo­si­pe­di­ni bir ti­gir­de uzak wagt­lap sür­mek re­kor­dy bar. Ol we­lo­si­pe­di­niň öň ti­gri­ni gal­dy­ryp 11 sa­gat­lap sü­rüp­dir.
To­mas Sti­wens 1884-1886-njy ýyl­lar ara­ly­gyn­da il­kin­ji bo­lup, Ýer ýü­zü­niň da­şyn­dan we­lo­si­ped­li aý­lan­ýar. Ol ABŞ-nyň San-Fran­sis­ko şä­he­rin­den baş­lan sy­ýa­ha­ty­ny Ýa­po­ni­ýa­nyň paý­tag­ty To­ki­o­da ta­mam­la­ýar.
Il­kin­ji howp­suz we­lo­si­ped
1885-nji ýyl­da ang­li­ýa­ly in­že­ner Jon Kemp Star­li iki ti­g­ri hem deň öl­çeg­de bo­lan il­kin­ji we­lo­si­pe­di iş­läp düz­ýär hem-de oňa zyn­jyr oturd­ýar. Şon­dan gys­ga wagt­dan soň­ra ýel be­rip bol­ýan re­zin­den ön­dü­ri­len ti­gir­ler peý­da bol­ýar. Bu ýag­daý we­lo­si­pe­di has ra­hat ula­ga öwür­ýär. On­dan öň yz­ky ti­gri ki­çi, öň­ki ti­g­ri has uly bo­lan we­lo­si­ped­ler ula­nyl­ýan eken. Tä­ze açyş­lar bu ula­gyň dün­ýä­de gys­ga wagt­da ýaý­ra­ma­gy­na ge­tir­ýär.
Dün­ýä­de bir mil­liard­dan gow­rak we­lo­si­ped bar, ola­ryň ýa­ry­sy­na go­la­ýy Hy­taý­da. 17 mil­li­on tö­we­re­gi ila­ty bo­lan Ni­der­land­lar­da 23 mil­lio­na go­laý we­lo­si­ped bar.

Iň uly we­lo­si­ped bäs­le­şi­gi
«Fran­si­ýa we­lo­si­ped ýa­ry­şy» («To­ur de France») dün­ýä­de iň çyl­şy­rym­ly sport bäs­le­şik­le­ri­niň bi­ri ha­sap­lan­ýar. Bäs­le­şi­giň şu ýyl­ky tap­gy­ry 3482 ki­lo­met­re ba­ra­bar bo­lup, üç hep­de­de ta­mam­lan­dy.

Ilki agaçdan ýasaldy
Ýö­ne­keý ýa­ly bo­lup gö­rün­se-de, oý­lap ta­py­la­nyn­dan bä­ri dür­li öw­rü­li­şik­le­ri baş­dan ge­çi­ren, il­ki agaç­dan ýa­sa­lan ula­gyň bu gör­nü­şi teh­no­lo­gi­ýa­nyň ös­me­gi bi­len has ra­hat we howp­suz ula­ga öw­rül­di.

Iň uzyn we­lo­si­ped
XIX asyr­da dö­re­di­len wag­ty bir ýa-da iki orun­lyk bo­lan we­lo­si­ped­le­riň hä­zir­ki wagt­da dür­li gör­nüş­le­ri bar. Hä­zi­re çen­li dür­li mak­sat­lar bi­len dür­li we­lo­si­ped­ler ön­dü­ril­di. Re­kord goý­mak mak­sa­dy bi­len ýa­sa­lan iň uzyn we­lo­si­pe­diň uzyn­ly­gy 41,42 met­re ba­ra­bar. 35 orun­lyk we­lo­si­pe­di Awst­ra­li­ýa­nyň Gü­nor­ta Awst­ra­li­ýa uni­wer­si­tet­le­ri­niň hü­när­men­le­ri iş­läp taý­ýar­lap­dyr. 2015-nji ýyl­da ýur­duň Ade­lai­da şä­he­rin­de ge­çi­ri­len sy­na­ny­şyk­da bu ula­gy 100 metr sü­rüp­dir­ler.

Elekt­rik ener­gi­ýa­sy bi­len iş­le­ýär
Soň­ky ýyl­lar­da beý­le­ki ulag­lar­da bol­şy ýa­ly, we­lo­si­pe­diň hem elekt­rik ener­gi­ýa­sy bi­len iş­le­ýän gör­nüş­le­ri peý­da bol­dy. Daş­ky gur­şa­wa zy­ýan­syz ha­sap­lan­ýan ula­gyň bu gör­nü­şi­ni hem aýa­gyň güý­ji bi­len he­re­ket et­di­rip bol­ýar. Mu­ňa ga­ra­maz­dan, elekt­rik ener­gi­ýa­sy bi­len iş­le­ýän he­re­ket­len­di­ri­ji­si has uzak ara­ly­ga gi­di­len­de sü­rü­ji­le­re ra­hat­lyk dö­red­ýär. Bu ulag­lar dür­li elekt­ron en­jam­la­ra zar­ýad ber­mä­ge, şeý­le hem çy­ra, na­wi­ga­si­ýa we ara­gat­na­şyk en­jam­la­ry­ny ulan­mak üçin hem amat­ly ha­sap­lan­ýar.