Çaýyň adam saglygyna peýdasynyň bardygy lukmanlar tarapyndan bireýýäm subut edildi. Geçirilen barlaglaryň birinde onuň ýene bir peýdasynyň bardygy anyklanyldy. Iňlis we amerikan alymlarynyň geçiren barlaglarynyň netijesinde gündelik iýmit endikleriniň arasynda çaý, alma we ýertudana bolan adamlaryň gan basyşynyň has kadalydygy we iýmitlenmegiň bu görnüşiniň ýürek-damar keselleriniň öňüni alýandygy anyklandy. 25 müň 168 adamda geçirilen barlagyň netijesinde gündelik iýmitiňde düzüminde flawonoidler has köp saklanýan tagamlary iýmek gan basyşyňy kadalaşdyrýar. Çaýyň, almanyň, ýertudananyň we beýleki miweleriň düzüminde flawonoidler köp bolýar. Barlag geçirijiler Angliýanyň Reding uniwersitetiniň iýmit boýunça hünärmeni, professor Gunter Kuhle bu barlagyň çaý, kakao, alma we beýleki miweler bilen has köp iýmitlenýän adamlaryň arasynda geçirilendigini aýtdy. Geçirilen barlagyň netijesi baradaky ylmy makala «Scientific Reports» žurnalynda neşir edildi.
Şeýle hem her gün kofe we gök çaý içmegiň, 2-nji görnüşli süýji keseli bolan adamlar üçin has hem peýdalydygy anyklandy. Bu babatda Ýaponiýanyň Kýuşu uniwersitetiniň alymlary şeýle netijä geldiler. Olaryň netijeleri degişli ylmy neşirlerde çap edildi.
Ylmy-barlag işine ortaça ýaşy 66 bolan 4923 näsag gatnaşdy we bu lukmançylyk seljermeleri bäş ýyl dowam etdi. Bu döwürde olaryň arasynda saglyk ýagdaýy has-da gowulaşanlaryň aglabasynyň gök çaýy we kofeni halaýanlaryň bolandygy anyklanyldy.
Mysal üçin, gündelik bir käse çaý içmek ölüm ähtimallygyny 15%, günde dörtden köp içseňiz, eýýäm 40% azaldýar. Her gün dört ýa-da ondan köp käse çaý we azyndan iki bulgur kofe saglyk ýagdaýyňa oňyn täsir edýär.
Babadurdy HOŞDURDYÝEW,
S. A. Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň talyby.