Angliýanyň Bristol uniwersitetiniň hünärmenleri öýden çykmazdan ozal dişiňi çotgalamagyň kesellerden goraýandygyny anykladylar. Ýokary okuw mekdebiniň professory Martin Eddi diş pastasynyň düzüminde el arassalaýjy antibakterial serişdelerdäki ýaly himiki maddalaryň bardygyny aýdyp, dişiňi wagtly-wagtynda ýuwmagyň käbir keselleriň ýokuşmagynyň öňüni alýandygyny belledi. Bu barada «The Telegraph» neşirine beýanat beren professor diş pastasyndaky antimikrobial täsiriň 3-5 sagatlap dowam edýändigini aýtdy. Onuň pikiriçe, dişiňi çotgalap ýuwmak agyz arkaly ýokuşýan keselleriň öňüni alýar. Professor işe, okuwa ýa-da başga bir sebäp bilen öýden çykmazdan ozal dişiňi ýuwmagy maslahat berýär. Şeýle hem professor günüň dowamynda hem dişiňi has ýygy ýuwmalydygyny belledi. Professor Eddi hemme kişiniň günde iki gezek dişini çotgalap ýuwmalydygyny aýtdy.
Ýeri gelende aýtsak, mundan ozal Koreýa Respublikasynyň Koreý uniwersitetiniň Lukmançylyk kollejiniň alymlary bokurdagyňy çaýkamagyň hem wirusyň täsirini azaltmakda peýdalydygyny ýüze çykarypdy.