Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň baş­tu­tan­ly­gyn­da ýur­du­myz­da mil­li bi­lim ul­ga­my­ny hem-de ýo­ka­ry okuw mek­dep yl­my­ny ös­dür­mek we dün­ýä de­re­je­si­ne çy­kar­mak mak­sa­dy bi­len ägirt uly iş­ler al­nyp ba­ryl­ýar. Ylym we bi­lim – bu hal­ky­my­zyň müň­ýyl­lyk­la­ryň do­wa­myn­da top­lan hem-de ne­sil­den-nes­le ge­çi­ren ba­ha­sy­na ýe­tip bol­ma­jak gym­mat­ly­gy­dyr di­ýip, mil­li Li­de­ri­miz bel­le­ýär. Şo­nuň ne­tij­esin­de, ýur­du­myz­da hä­zir­ki döw­rüň ta­lap­la­ry­na la­ýyk­lyk­da, bi­lim ul­ga­myn­da baý tej­ri­be top­la­nyl­dy. Iň tä­ze komp­ýu­ter­ler, okuw-teh­ni­ki en­jam­la­ry, in­te­rak­tiw-mul­ti­me­di­ýa teh­no­lo­gi­ýa­la­ry bi­len üp­jün edi­len or­ta, ýö­ri­te or­ta we ýo­ka­ry okuw mek­dep­le­ri­niň döw­re­bap bi­na­la­ry­nyň, ça­ga­lar bag­la­ry­nyň we ça­ga­lar dynç alyş-sa­gal­dyş mer­kez­le­ri­niň gu­rul­ma­gy, hal­ka­ra gu­ra­ma­lar, dün­ýä­niň esa­sy ylym-bi­lim mer­kez­le­ri bi­len hyz­mat­daş­ly­gyň gi­ňel­dil­me­gi, da­şa­ry ýurt dil­le­ri­ni okat­ma­gyň kä­mil­leş­di­ril­me­gi döw­le­ti­mi­ziň bu ul­ga­my düýp­li öz­gert­mä­ge aý­ra­tyn üns ber­ýän­di­gi­niň aý­dyň su­but­na­ma­sy­dyr.
Ýur­du­myz­da ylym-bi­lim ul­ga­my­ny has-da ös­dür­mek mak­sa­dy bi­len «Türk­me­nis­tan­da hi­mi­ýa yl­my­ny we teh­no­lo­gi­ýa­la­ry­ny top­lum­la­ýyn ös­dür­me­giň 2021-2025-nji ýyl­lar üçin Döw­let mak­sat­na­ma­sy­ny» tas­syk­la­mak ha­kyn­da­ky» Ka­rar ka­bul edil­di.
Bu Mak­sat­na­ma la­ýyk­lyk­da, ýa­kyn bäş ýyl­da hi­mi­ýa yl­my­nyň eýe­le­ýän or­nu­ny ýo­kar­lan­dyr­mak, eko­lo­gi­ýa taý­dan aras­sa, ener­gi­ýa tyg­şyt­laý­jy, da­şa­ry ýurt­lar­dan ge­ti­ril­ýän ha­ryt­la­ryň or­nu­ny tut­ýan, dün­ýä ba­zar­la­ryn­da bäs­deş­li­ge ukyp­ly önüm­le­ri ön­dür­mek bo­ýun­ça in­no­wa­si­on teh­no­lo­gi­ýa­la­ry iş­läp düz­mek ba­bat­da yzy­gi­der­li iş­le­ri ge­çir­mek, önüm­çi­li­ge yl­my-bar­lag­la­ryň ne­ti­je­le­ri­ni or­naş­dyr­ma­gyň dep­gi­ni­ni güýç­len­dir­mek bi­len, yl­myň, bi­li­miň hem-de önüm­çi­li­giň ýa­kyn öza­ra bag­la­ny­şy­gy­ny üp­jün et­mek mak­sat edi­nil­ýär.
Yl­my bar­lag­la­ry ge­çir­mek hem-de «ýa­şyl teh­no­lo­gi­ýa­la­ryň» esa­syn­da se­na­gat suw­la­ry­ny we önüm­çi­lik ga­lyn­dy­la­ry­ny aras­sa­la­mak we gaý­ta­dan iş­le­mek, çig ma­ly hem-de ula­nyl­ýan se­riş­de­le­ri tyg­şyt­ly peý­da­lan­mak bo­ýun­ça anyk tek­lip­le­ri taý­ýar­la­mak, da­şa­ry ýurt­lar­dan ge­ti­ril­ýän ha­ryt­la­ryň or­nu­ny tut­ýan we ýer­li çig mal­dan dün­ýä ba­zar­la­ryn­da bäs­deş­li­ge ukyp­ly önüm­le­ri ön­dür­me­giň yl­my esas­la­ry­ny iş­läp taý­ýar­la­mak me­ýil­leş­di­ril­ýär.
Öň­de goý­lan we­zi­pe­ler bi­len bag­ly­lyk­da, ze­hin­li alym­la­ryň tä­ze nes­li­ni, in­že­ner-teh­no­log­la­ry, hä­zir­ki za­man hi­mi­ýa yl­my ba­bat­da ýo­ka­ry de­re­je­li hü­när­men­le­ri taý­ýar­la­mak, şeý­le hem ýa­kyn­da­ky we uzak­da­ky da­şa­ry ýurt­la­ryň ugur­daş yl­my eda­ra­la­ry bi­len öza­ra bäh­bit­li hal­ka­ra hyz­mat­daş­ly­gy gi­ňelt­mek ile­ri tu­tul­ýan ugur­lar bo­lar.
Ýur­du­myz­da hi­mi­ýa pu­da­gy­ny ös­dür­mek ba­bat­da uly iş­ler al­nyp ba­ryl­ýar. Bu ba­bat­da «Türk­men­hi­mi­ýa» döw­let kon­ser­ni de­giş­li iş­le­ri ýo­la goý­dy. Hi­mi­ýa se­na­ga­ty pu­da­gy mi­ne­ral dö­kün­le­ri, nat­riý sul­fa­ty­ny, ýo­dy, bro­my we brom önüm­le­ri­ni, teh­ni­ki ug­le­ro­dy we beý­le­ki hi­mi­ýa önüm­le­ri­ni ön­dür­ýän pu­dak­dyr. Mi­ne­ral dö­kün­le­ri ön­dür­me­giň giň ge­rim­de al­nyp ba­ryl­ma­gy we ola­ryň gör­nüş­le­ri­niň art­dy­ryl­ma­gy ýur­du­my­zyň oba ho­ja­lyk pu­da­gy­nyň mi­ne­ral dö­kün­le­re bo­lan is­le­gi­ni öz güý­jü­miz bi­len do­ly ka­na­gat­lan­dyr­ma­ga şert dö­ret­di hem-de bu dö­kün­le­riň da­şa­ry ýurt­la­ra eks­por­ty­ny ýo­la goý­ma­ga müm­kin­çi­lik ber­di. Bu mö­hüm se­na­gat pu­da­gy­ny düýp­li ösdür­mä­ge Türk­me­na­ba­dyň S. A. Ny­ýa­zow adyn­da­ky hi­mi­ýa za­wo­dy­nyň iş­gär­le­ri öz­le­ri­niň my­na­syp go­şant­la­ry­ny goş­ýar­lar. Kär­ha­na­nyň iş­gär­le­ri mi­ne­ral dö­kün­ler bi­len bir ha­tar­da kü­kürt kis­lo­ta­sy­ny ön­dür­mek­de hem ýo­ka­ry sep­git­le­ri eýe­le­ýär­ler.
Mah­la­sy, türk­men top­ra­gy­nyň baý ýe­ras­ty baý­lyk­la­ry ýur­du­my­zyň gen­ji-ha­zy­na­sy­dyr, mil­li yk­dy­sa­dy­ýe­ti­mi­ziň ösü­şi­niň bin­ýa­dy­dyr. Sa­ha­wat­ly türk­men top­ra­gyn­da­ky baý we gym­mat­ly çig mal se­riş­de­le­ri­miz hi­mi­ýa se­na­ga­ty­ny bat­ly dep­gin­ler bi­len ös­dür­mä­ge müm­kin­çi­lik ber­ýär.

Mäh­ri HA­JY­MÄM­ME­DO­WA,
S. A. Ny­ýa­zow adyn­da­ky Türkmen oba h­ojalyk uniwersitetiniň Aş­ga­bat
şä­he­rin­dä­ki Ag­ro­se­na­gat or­ta hü­när okuw mek­de­bi­niň mu­gal­ly­my.