Türk­me­nis­tan bi­len BMG-niň Bi­lim, ylym we me­de­ni­ýet bo­ýun­ça gu­ra­ma­sy – ÝU­NES­KO bi­len hyz­mat­daş­lyk gat­na­şyk­la­ry hil taý­dan tä­ze de­re­je­le­re çy­ka­ryl­ýar. Bi­lim, ylym, in­no­wa­si­on teh­no­lo­gi­ýa­lar, ta­ry­hy we bi­na­gär­lik ýa­dy­gär­lik­le­ri­ni go­ra­mak hem-de di­kelt­mek, mil­li mi­ra­sy­my­zyň giň­den wa­gyz edil­me­gi ýa­ly ugur­la­r we beý­le­ki me­se­le­ler bo­ýun­ça ÝU­NES­KO bi­len hyz­mat­daş­lyk hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň sy­ýa­sa­ty­nyň ile­ri tu­tul­ýan ugur­la­ry­nyň bi­ri bo­lup dur­ýar. Köp­ýyl­lyk öza­ra gat­na­şyk­la­ryň ne­ti­je­sin­de ýur­du­my­zyň Ga­dy­my Merw, Kö­ne­ür­genç we Ga­dy­my Nu­saý ýa­ly ta­ry­hy-me­de­ni ýa­dy­gär­lik­le­ri ÝU­NES­KO-nyň Bü­tin­dün­ýä mi­ra­sy­nyň sa­na­wy­na gi­ri­zil­di. Şeý­le hem türk­men hal­ky­nyň «Gö­rog­ly» şa­des­sa­ny, «Küşt­dep­di aý­dym we tans des­su­ry» hem-de Türk­men mil­li ha­ly­çy­lyk sun­ga­ty Adam­za­dyň mad­dy däl me­de­ni mi­ra­sy­nyň sa­na­wy­na gi­ri­zil­di.
Hä­zir­ki wagt­da ÝU­NES­KO-nyň şol sa­na­wy­na gi­riz­mek üçin «Du­tar ýa­sa­mak se­net­çi­li­gi, du­tar­da saz çal­mak we bag­şy­çy­lyk sun­ga­ty» at­ly hö­dür­na­ma bu gu­ra­ma­nyň sek­re­ta­ria­ty ta­ra­pyn­dan ha­sa­ba alyn­dy. Şol hö­dür­na­ma ÝU­NES­KO-nyň Adam­za­dyň mad­dy däl me­de­ni mi­ra­sy bo­ýun­ça hö­kü­me­ta­ra ko­mi­te­ti­niň 2021-nji ýy­lyň no­ýabr aýyn­da ge­çi­ril­jek mej­li­sin­de se­re­dil­me­gi göz öňün­de tu­tul­ýar.
Türk­men hal­ky­nyň bel­li saz gu­ra­ly bo­lan du­tar Mer­ke­zi Azi­ýa halk­la­ry­nyň ara­syn­da has giň­den ýaý­ran saz gu­ra­ly­dyr. Ol öz­bek­ler­de, ga­ra­gal­pak­lar­da, gyr­gyz­lar­da, uý­gur­lar­da we baş­ga-da bir­nä­çe halk­lar­da bar. Em­ma olar biri-bir­in­den möç­ber­le­ri, per­de­le­ri, hat­da ki­riş­le­ri bo­ýun­ça hem ta­pa­wut­lan­ýar­lar.
Türk­men du­ta­ry­nyň asyl nus­ga­sy­nyň kä­di­si tut aga­jy­nyň içi­ni köw­mek bi­len ýa­sal­ýar. Ga­pa­gy hem tut aga­jyn­dan ýa­sa­lyp, tam­dy­ryň ço­gu­na ýa­ky­lyp be­je­ril­ýär. Du­ta­ryň iki ki­ri­şi bo­ýar. Şol se­bäp­li-de gün­do­gar halk­la­ryn­da oňa du­tar diý­ýär­ler. «Du» pars di­lin­de «iki», «tar» bol­sa ki­riş diý­mek­dir. Du­tar ba­ra­da halkymyz tarapyndan köp ro­wa­ýat­lar dö­re­dilip­dir. Ola­ryň iň ýör­gün­li­le­ri­niň bi­ri Ba­ba­gam­­ma­ryň du­tar ýa­saý­şy we at oý­na­dy­şy­dyr. Du­ta­ryň ki­ri­şi 1930-1933-nji ýyl­la­ra çen­li çig ýü­pek­den işilip edil­ýär­di. Soň­ra ol in­çe­jik sim­den edi­lip baş­lan­ýar. Du­ta­ryň ki­riş­le­ri kwar­ta dü­zül­ýär. Du­tar ýe­ke­lik­de çal­mak, şeý­le hem bag­şy­nyň aý­dy­my­na sa­zan­da­lyk et­mek üçin ula­nyl­ýar. Du­tar hem gy­jak ýa­ly, tar­ly saz gu­ra­ly­dyr.
Hä­zir türk­men du­ta­ry­nyň ulu­ly-ki­çi­li gör­nüş­le­ri bar. Türk­men hal­ky­nyň ta­ry­hyn­da uly orun eýe­leýän du­taryň hem-de bag­şy­çy­lyk sun­ga­ty­nyň ÝU­NES­KO-nyň Adam­za­dyň mad­dy däl me­de­ni mi­ra­sy­nyň sa­na­wy­na go­şul­ma­gy ýur­du­my­zyň baý me­de­ni­ýe­ti­ne hem-de mil­li mi­ra­sy­na go­ýul­ýan be­lent sar­pad­an ny­şan­dyr.
Şeý­le hem BMG-niň esa­sy dü­züm­le­ri­niň bi­ri bo­lan ÝU­NES­KO bi­len hyz­mat­daş­ly­gyň çäk­le­rin­de Aş­ga­bat şä­he­ri­ni ÝU­NES­KO-nyň Şä­her­le­riň dö­re­di­ji­lik to­ru­na gi­riz­mek ba­bat­da hem uly iş­ler al­nyp ba­ryl­ýar. Bu hal­ka­ra tor dün­ýä şä­her­le­ri­niň ara­syn­da köp­ta­rap­la­ýyn hyz­mat­daş­ly­gy ös­dür­mek hem-de şä­her­le­riň dur­nuk­ly ösü­şi bo­ýun­ça hal­ka­ra tej­ri­be­le­ri alyş­mak mak­sa­dy bi­len, 2004-nji ýyl­da dö­re­dil­di we hä­zir­ki wagt­da 180 şä­he­ri öz içi­ne al­ýar. Milli Liderimiziň taý­syz ta­gal­la­la­ry ne­ti­je­sin­de, Aş­ga­bat şä­he­ri hal­ka­ra hyz­mat­daş­ly­gy­nyň hem-de me­de­ni gat­na­şyk­la­ryň me­ka­ny­na öw­rül­di. Ak mer­mer­li Aş­ga­bat se­bi­tiň we dün­ýä­niň owa­dan hem-de amat­ly şä­her­le­ri­niň bi­ri hök­mün­dä­ki de­re­je­si­ni gün-gün­den ber­ki­dip, dür­li ugur­lar­da ne­ti­je­li hal­ka­ra gat­na­şyk­la­ry­nyň ge­çi­ril­ýän mer­ke­zi hök­mün­de yk­rar edil­di. Bü­tin­dün­ýä yk­rar­na­ma­sy­na eýe bo­lan Aş­ga­ba­dyň ÝU­NES­KO-nyň Şä­her­le­riň dö­re­di­ji­lik to­ru­na gir­izil­me­gi paý­tag­ty­my­zyň me­de­ni hyz­mat­daş­ly­gy­nyň has-da ber­ke­me­gi­ne uly go­şant bo­lar.
Bu­lar­dan baş­ga-da, ÝU­NES­KO bi­len hyz­mat­daş­ly­gyň çäk­le­rin­de hal­ky­my­zyň me­de­ni we ru­hy gym­mat­lyk­la­ry bo­lan ahal­te­ke at­la­ry­nyň we ala­baý­la­ryň dün­ýä de­re­je­sin­dä­ki äh­mi­ýe­ti­ni ýo­kar­lan­dyr­mak ba­bat­da al­nyp ba­ryl­ýan iş­ler hem mil­li mi­ra­sy­my­zyň has-da sar­pa­lan­ýan­dy­gy­nyň no­bat­da­ky su­but­na­ma­sy­dyr.
Umu­man, ÝU­NES­KO bi­len hyz­mat­daş­lyk di­ňe bir yn­san­per­wer ugur­la­ry bi­len çäk­len­män, eý­sem, san­ly teh­no­lo­gi­ýa­lar, ho­wa­nyň üýt­ge­me­gi, suw se­riş­de­le­ri­ni do­lan­dyr­mak, sport we sy­ýa­hat­çy­lyk ugur­la­ryn­da hem iş­jeň ös­dü­ril­ýär.

Be­zir­gen RE­JE­POW,
S. A. Ny­ýa­zow adyn­da­ky Türk­men oba ho­ja­lyk uni­wer­si­te­ti­niň uly mu­gal­ly­my.