«Türk­me­nis­tan – Bi­ta­rap­ly­gyň me­ka­ny» ýy­lyn­da hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň baş­tu­tan­ly­gyn­da yk­dy­sa­dy­ýe­ti­mi­ziň äh­li pu­dak­la­ry­ny döw­re­bap­laş­dyr­mak, wa­tan­daş­la­ry­my­zyň ýa­şa­ýyş-dur­muş şert­le­ri­ni has-da go­wu­lan­dyr­mak, ýur­du­my­zyň dün­ýä de­re­je­sin­de ösen döw­let­le­riň ha­ta­ry­na ymyk­ly go­şul­ma­gy­ny ga­zan­mak mö­hüm we­zi­pe­le­ri­ň bi­ri bo­lup dur­ýar. Şeý­le aja­ýyp baş­lan­gyç­la­ryň ha­ta­ryn­da «Türk­me­nis­tan­da 2020-2025-nji ýyl­lar­da san­ly yk­dy­sa­dy­ýe­ti ös­dür­me­giň Kon­sep­si­ýa­sy­na» la­ýyk­lyk­da, ýur­du­myz­da döw­re­bap teh­no­lo­gi­ýa­la­ry iş­jeň or­naş­dyr­mak hem-de köp­çü­lik­le­ýin ha­bar be­riş se­riş­de­le­ri­ni elekt­ron gör­nü­şe ge­çir­mek bi­len bag­la­ny­şyk­ly iş­ler üs­tün­lik­li dur­mu­şa ge­çi­ril­ýär. Halk ho­ja­ly­gy­nyň äh­li pu­dak­la­ryn­da san­ly ul­gam dur­mu­şa or­naş­dy­ryl­ýar. San­ly yk­dy­sa­dy­ýet­de san­ly bank hyz­mat­la­ry, san­ly tä­jir­çi­lik, san­ly bi­lim, san­ly sag­ly­gy go­ra­ýyş ýa­ly adal­ga­lar he­re­ket ed­ýär. Dün­ýä­niň ösen ýurt­la­ry­nyň tej­ri­be­sin­den gör­nü­şi ýa­ly, san­ly yk­dy­sa­dy­ýet ýur­duň ösüş dep­gi­ni­niň çalt­lan­ma­gy­na we san­ly teh­no­lo­gi­ýa­la­ry ulan­ma­gyň ha­sa­by­na ila­tyň ýa­şa­ýyş de­re­je­si­ni ýo­kar­lan­dyr­ma­ga ýar­dam ber­ýär. Şo­nuň üçin, san­ly yk­dy­sa­dy­ýe­te ge­çil­me­gi bi­len, aly­jy­la­ryň, müş­der­ile­riň wagt çyk­da­jy­la­ry, ma­li­ýe çyk­da­jy­la­ry hem-de ener­gi­ýa çyk­da­jy­la­ry ep-es­li azal­ýar.
Dün­ýä­niň köp­çü­lik­le­ýin ha­bar be­riş se­riş­de­le­rin­de san­ly teh­no­lo­gi­ýa­la­ry­nyň ös­dü­ril­me­gi­ne, elekt­ron ne­şir­le­riň gi­ňel­dil­me­gi­ne uly üns be­ril­ýär. Ýur­du­my­zyň met­bu­gat ul­ga­my hem Türk­men döw­let ne­şir­ýat gul­lu­gy­nyň «turk­men­met­bu­gat.gov.tm» at­ly in­ter­net ne­şi­ri ta­ra­pyn­dan mag­lu­mat­lar gi­ňiş­li­gi­ne çyk­dy. San­ly ul­ga­ma ge­çil­me­gi bi­len, oky­jy­la­ryň sa­ny­nyň gör­ne­tin art­ma­gy­ny ga­zan­mak, dö­wür­le­ýin ne­şir­le­ri hal­ka öz wag­tyn­da ýe­tir­mek, is­len­dik ýer­de ýur­du­my­zyň äh­li tä­ze­lik­le­rin­den ha­bar­ly bol­mak müm­kin­çi­li­gi dö­re­ýär.
San­ly bi­lim ul­ga­my­nyň esa­sy­ny san­ly teh­no­lo­gi­ýa­lar düz­ýär. San­ly bi­lim ter­bi­ýe­çi­lik işi we bi­lim ber­mek ar­ka­ly, hem­me­ta­rap­la­ýyn ösen şah­sy­ýe­ti ter­bi­ýe­le­mä­ge gö­nük­di­ri­len açyk pe­da­go­gi­ki ul­gam ha­sap­lan­ýar. Okuw pro­se­si­niň üs­ti bi­len te­le­kon­fe­ren­si­ýa ar­ka­ly köp san­ly ula­ny­jy bi­len bir wagt­da mag­lu­mat alyş­mak, uzak ara­lyk­dan oku­wy gu­ra­mak we mu­gal­lym­la­ryň hü­nä­ri­ni kä­mil­leş­dir­mek, dün­ýä mag­lu­mat­lar go­ru­na gir­mek, bi­lim al­ýan­la­ryň dö­re­di­ji­lik ukyp­la­ry­ny ös­dür­mek müm­kin­çi­li­gi dö­re­ýär.
San­ly sag­ly­gy go­ra­ýyş ul­gam nä­sag­la­ry öňün­den ýaz­mak, ha­sa­ba aly­jy­la­ryň yg­ty­ýa­ry bo­lan luk­ma­nyň iş wag­ty­nyň elekt­ron se­ne­na­ma­sy­ny alyp bar­mak, nä­sag­la­ryň aky­my­ny do­lan­dyr­mak, ke­sel ta­ry­hyny ýö­ret­mek, be­je­riş-öňü­ni alyş eda­ra­la­ryn­da şol bir ke­se­li be­jer­me­giň ne­ti­je­li­li­gi­ni sel­jer­mek ýa­ly müm­kin­çi­lik­le­ri ber­ýär. Şeý­le-de, ra­ýat ba­ra­da äh­li ge­rek mag­lu­mat­la­ry sak­la­ýan mik­ro­çip­li plas­tik kar­ty be­ril­ýär we äh­li luk­man­çy­lyk eda­ra­la­ryň her bir luk­ma­ny bu kar­t­dan mag­lu­ma­ty okap bil­ýär. Şeý­le­lik­de, hä­zir­ki wagt­da tä­ze teh­no­lo­gi­ýa­la­ry peý­da­lan­mak ar­ka­ly ra­ýat­lar el­ýe­terli, wag­ty az talap ed­ýän luk­man­çy­lyk kö­me­gi bi­len üp­jün edil­ýär we san­ly ul­ga­ma geç­ilme­gi luk­man­çy­lyk eda­ra­la­ry­nyň işi­niň ne­ti­je­li­li­gi­ni ýo­kar­lan­dyr­ma­ga ýar­dam ed­ýär.
Ös­ýän teh­no­lo­gi­ýa­lar döw­rün­de yk­dy­sa­dy­ýe­ti we dur­mu­şyň beý­le­ki ul­gam­la­ry­ny saz­la­şyk­ly ös­dür­mek üçin sanly­laş­dyr­ma ul­ga­my­na mö­hüm orun de­giş­li bo­lup dur­ýar. Şeý­le­lik­de, döw­le­ti­miz­de yk­dy­sa­dy­ýe­ti­mi­ziň pu­dak­la­ry­ny san­ly­laş­dyr­mak ba­ba­tyn­da hormatly Prezidentimiziň baştutan­ly­gyn­da ama­la aşy­ryl­ýan ta­ry­hy iş­ler Ga­raş­syz, he­mi­şe­lik Bi­ta­rap Di­ýa­ry­my­zyň hal­ka­ra ab­ra­ýy­nyň has-da ber­ke­me­gi­nde möhüm orun eýeleýär.
Ga­raş­syz Wa­ta­ny­my­zyň san­ly yk­dy­sa­dy­ýet ul­ga­my­ny kä­mil­leş­dir­mek bo­ýun­ça uly öz­gert­me­le­ri dur­mu­şa ge­çir­ýän hormatly Prezidentimiziň ja­ny sag bol­sun, hal­ky­my­zyň bag­ty­ýar­ly­gy­nyň ha­ty­ra­sy­na alyp bar­ýan iş­le­ri el­my­da­ma ro­waç al­syn!

Mu­ham­met Ça­ry­ýew,
Türk­me­nis­ta­nyň Pre­zi­den­ti­niň ýa­nyn­da­ky Döw­let gul­lu­gy aka­de­mi­ýa­sy­nyň diň­leý­ji­si.