Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiziň parasatly we öňdengörüjilikli baştutanlygynda ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň ähli pudaklarynda ylmyň we tehnikanyň soňky gazananlary, öňdebaryjy halkara tejribeleri hem-de döwrebap tehnologiýalar giňden ornaşdyrylyp, ýokary ykdysady netijeler gazanylýar. Sanly ykdysadyýetiň işjeň ösdürilmegi, sanly tehnologiýalaryň ykdysady işe ýokary derejede aralaşmagy bäsdeşlik artykmaçlygyny üpjün etmek bilen, dünýäniň bazar giňişliginde ýurduň eýeleýän ornuny pugtalandyrmaga ýardam berýär.
Ýurdumyzyň halk hojalygynyň ähli ugurlarynda sanly ulgamyň işjeň ornaşdyrylýan döwründe Diýarymyzyň ykdysady üstünlikleriniň wirtual sergisini gurnamak babatda alnyp barylýan işler hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallasy bilen gazanylýan üstünliklerimiziň giňden tanyşdyrylmagyna giň mümkinçilikler açýar. Milli Liderimiziň sanly ykdysadyýeti ähli ugurlarda giň gerim bilen ornaşdyrmak baradaky tabşyryklaryny ýerine ýetirmek, şeýle hem «Türkmenistanyň daşary ykdysady işini ösdürmegiň 2020–2025-nji ýyllar üçin Maksatnamasyny» durmuşa geçirmek maksady bilen, Söwda-senagat edarasy tarapyndan ýurdumyzyň ministrlikleri, pudaklaýyn dolandyryş edaralary bilen bilelikde, wirtual serginiň taslamasynyň işlenip taýýarlanylmagy, şeýle hem umumy elýeterli elektron serişdeler arkaly görkezilmegi adamlaryň çäk taýdan uzak aralykda ýerleşmegine garamazdan, olary gyzyklandyrýan maglumatlary gije-gündiziň dowamynda almagyna mümkinçilik berer. Ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralaryň saýtlarynda elektron poçtanyň salgylaryny, telefon belgilerini we beýleki salgylanmalary ýerleşdirmek göz öňünde tutulýar.
Häzirki wagtda wirtual diwarlygyň ýöriteleşdirilen maglumatlar bölümlerinde gatnaşyjylaryň önümleri we hyzmatlary ýerleşdirildi. Olar öz bölümlerini täzeläp hem-de goşmaça maglumatlary girizip bilýärler. Serginiň saýtyna girýänler awtomatik ýagdaýda bellige alynýar, bu bolsa gyzyklanma bildirýän taraplaryň sanyny bilmäge mümkinçilik berer.
«Wirtual sergi» taslamasynyň amala aşyrylmagy gazanylan işewür üstünlikleri görkezmek, netijeli mahabat işi, täze hyzmatdaşlary tapmak usuly, täze şertnamalary baglaşmak, bazaryň ýagdaýyna baha bermek, onda öz ornuňy kesgitlemek üçin oňat mümkinçilik bolar.
Tehnologiýa taýdan ösen ýurtlaryň tejribesinden görnüşi ýaly, sanlylaşdyrmak işi olara batly depginler bilen öňe gitmäge hem-de dünýäniň öňdebaryjy ýurtlarynyň hataryna girmäge mümkinçilik berdi. Umuman, sanlylaşdyrma hojalyk hem-de dolandyryş işlerini kämilleşdirmäge mümkinçilik döredip, önümçiligi bäsdeşlige ukyply, has girdejili etmäge, goşmaça iş orunlarynyň döredilmegine şertler döreder.
Sanlylaşdyrmak türkmen telekeçileri üçin hem uly mümkinçilikleri açýar. Şeýlelikde, öňdebaryjy tehnologiýalaryň bolmagy netijesinde, araçäkler işlere böwet bolup bilmeýär. Öňdebaryjy kompaniýalar eýýäm sanly özgertmeler strategiýalaryny durmuşa ornaşdyrýarlar. Soňky ýyllaryň dowamynda Diýarymyzyň maliýe edaralary tarapyndan bank amallarynyň täze görnüşlerini girizmek we innowasion tehnologiýalary ornaşdyrmak, telekeçilik işleriniň dolandyrylyşyny kämilleşdirmek, milli banklaryň maýalaşmagyny artdyrmak boýunça anyk ädimler ädilýär. Türkmenistanyň banklary tarapyndan edilýän hyzmatlaryň hilini mundan beýläk hem ýokarlandyrmak, geljegi uly bolan başlangyçlary durmuşa geçirmek, hyzmatyň ýokary derejesine çykmak boýunça maksada gönükdirilen işler geçirilýär. Internet-banking hyzmatlary ösdürilýär, şolaryň netijesinde, hasaplaryň ýagdaýy we geçirilen bank amallary barada «müşderi-bank» ulgamy boýunça dessin habar bermek üçin uly mümkinçilikler açylýar.
Döwlet Baştutanymyzyň görkezmelerine laýyklykda, maliýe-bank ulgamynda nagt däl hasaplaşyklar ulgamyny, hususan-da, ykdysadyýetiň dürli ulgamlarynda plastik kartlary giňden ulanmak, elektron resminamalar dolanyşygyny kämilleşdirmek boýunça yzygiderli işler alnyp barylýar.
Begenç BABAÝEW,
S. A. Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň mugallymy.