Şwe­si­ýa­nyň ylym­lar aka­de­mi­ýa­sy­nyň No­bel ko­mi­te­ti bu ýyl­ky ede­bi­ýat baý­ra­gy­ny ame­ri­ka­ly şa­hyr Lui­za Glu­ga ber­di. Ol «Ag­ras şa­hy­ra­na la­b­zy we aý­ra­tyn tej­ri­bä­ni köp ugur­ly gör­nü­şe öwür­mek­dä­ki ukyp-ba­şar­nyk­la­ry üçin» bu baý­ra­ga my­na­syp bol­dy. Lui­za Gluk No­be­liň ta­ry­hyn­da bu baý­ra­ga my­na­syp bo­lan 16-njy ze­nan­dyr.
No­bel ko­mi­te­ti­niň in­ter­net sa­hy­pa­syn­da Lui­za Glu­gyň 1943-nji ýy­lyň 22-nji ap­re­lin­de Nýu-Ýork­da dog­lan­dy­gy, Long-Aý­lend­de önüp-ösen­di­gi, il­ki Sa­ra-Lou­rens kol­le­jin­de, soň­ra bol­sa Ko­lum­bi­ýa uni­wer­si­te­tin­de okan­dy­gy bel­le­nil­ýär. 1968-nji ýyl­da ýaş şa­hy­ryň il­kin­ji ge­zek «Now­ba­har ça­ga» (First­born) at­ly goş­gu­lar ýy­gyn­dy­sy ne­şir edi­lip, tiz wagt­dan hä­zir­ki za­man ame­ri­kan ede­bi­ýa­ty­nyň gör­nük­li şa­hyr­la­ry­nyň bi­ri hök­mün­de adygyp ug­ra­ýar.
Lui­za Gluk 1971-nji ýyl­da Wer­mont şta­ty­nyň God­dard kol­le­jin­e mu­gal­lym­çy­lyk et­mä­ge ça­gy­ryl­ýar. Oňa bu ýer­de dö­re­di­ji­lik işin­de giň müm­kin­çi­lik­ler dö­re­ýär. «Mu­gal­lym­çy­lyk edip baş­la­nym­dan soň, ýe­ne-de ýa­zyp ug­ra­dym. Bu ha­ky­ky gud­rat­dy» di­ýip, ol ýat­la­ýar. Soň­ra ol Aýo­wa uni­wer­si­te­tin­de, Wor­ren Wil­son kol­le­jin­de (De­mir­ga­zyk Ka­ro­li­na), Wil­liams kol­le­jin­de (Mas­sa­çu­sets), Ka­li­for­ni­ýa we Gar­ward uni­wer­si­tet­le­rin­de iş­le­ýär. Hä­zir­ki wagt­da Mas­sa­çu­sets şta­ty­nyň Kemb­rij şä­he­rin­de ýa­şa­ýan şa­hyr ze­nan Nýu-Heý­wen şä­he­rin­dä­ki Ýel uni­wer­si­te­tin­de (Kon­nek­ti­kut) mu­gal­lym­çy­lyk ed­ýär.
Ol «Bat­ga­lyk­da­ky öý» (The Hou­se on Marsh­land), «Pe­sel­ýän sy­rat» (Descen­ding Fi­gu­re), «Ýa­ba­ny iris» (The Wild Iris), «Ahil­la­nyň ýeň­şi» (The Triumph of Achil­les), «Ame­ri­kan aý­ra­tyn­ly­gy» (Ame­rican Ori­gi­na­li­ty), «Ara­rat», «Wi­ta No­wa» we «Aver­no» ýa­ly bir­nä­çe goş­gu­lar ýy­gyn­dy­sy­nyň aw­to­ry­dyr.
Onuň eýe bo­lan ede­bi sy­lag­la­ry­nyň ara­syn­da Pu­lit­zer baý­ra­gy (1993) we Mil­li ki­tap baý­ra­gy (2014) ýa­ly ab­raý­ly baý­rak­lar bar. Gluk 20-den gow­rak ede­bi baý­ra­gyň eýe­si, bir­nä­çe kol­le­jiň hor­mat­ly dok­to­ry, ABŞ-nyň ab­raý­ly şyg­ry­ýet jem­gy­ýet­le­ri­niň, yl­my gu­ra­ma­la­ry­nyň, hu­su­san-da Ame­ri­ka­nyň sun­gat we ede­bi­ýat aka­de­mi­ýa­sy­nyň, Ame­ri­ka­nyň ylym­lar aka­de­mi­ýa­sy­nyň hem-de Ame­ri­ka­nyň fi­lo­so­fi­ýa jem­gy­ýe­ti­niň ag­za­sy­dyr. Ol 2002-2004-nji ýyl­lar­ ara­ly­gyn­da ABŞ-nyň Kong­res ki­tap­ha­na­sy­nyň res­mi şa­hy­ry we­zi­pe­si­ne saý­la­nyp, ki­tap­ha­na­nyň ýol­baş­çy­la­ry­nyň mas­la­hat­çy­sy bo­lup iş­le­di.
Lui­za Glu­gyň eser­le­ri kä­mil­li­ge we aý­dyň­ly­ga ym­tyl­ma­gy bi­len ta­pa­wut­lan­ýar. Ene-ataň, do­gan-ga­ryn­daş­la­ryň we dost-ýar­la­ryň bi­len ýa­kyn ara­gat­na­şyk­ sak­la­mak şa­hyr ze­na­nyň eser­le­ri­niň için­den eriş-ar­gaç bo­lup geç­ýär. Şa­hyr özü­niň aja­ýyp şy­gyr­la­ry­ny, esa­san, ozal­dan gel­ýän nus­ga­wy ýö­rel­ge­le­re we ro­wa­ýat­la­ra eýe­rip dö­red­ýär. Şu gün­ki gün­de Lui­za Gluk ABŞ-nyň iň gör­nük­li şa­hyr­la­ry­nyň bi­ri ha­sap­lan­ýar.