Argentinada “Avellaneda” derbisi “Riwer Pleýt”–“Boko Huniors”, ýagny “Superclasico” derbisinden soň, iň esasy 2-nji derbi hasaplanýar. Buenos Aýres welaýatynyň çägindäki Awellaneda port şäheriniň derbisinde “Independiente” bilen “Rasing” klublary duşuşýar. Bu iki topar ýurduň iň uly 5 klubunuň arasynda bolup, beýlekiler “Boko Huniors”, “Riwer Pleýt” hem-de “San Lorenzo” toparlarydyr.
Aslynda islendik şäherdäki iri stadionlaryň arasy hemişe biri-birinden uzagrak ýagdaýda gurulýar. Ýöne “Avellaneda” derbisiniň klublarynyň stadionlarynyň arasy welin juda golaý. Iki stadionyň aralygy 300-400 metr bolup, “Independiente” kluby öz duşuşyklaryny “Estadio Libertadores de America” stadionynda oýnaýar. 48069 tomaşaça niýetlenen bu stadion 1928-nji ýylyň 4-nji martynda gurlup ulanylmaga berilýär. Özboluşly bu stadion halk arasynda “La Doble Visera de Cemento” diýen at bilen meşhurlyga eýedir. Maglumatlara görä, bu desga Günorta Amerikada sementden gurlan ilkinji stadion hasaplanylýar. “Rasing” kluby-da öz duşuşyklaryny Huan Domingo Peronyň adyny göterýän stadionynda geçirip, bu desga 1950-nji ýylyň 3-nji sentýabryndan bäri toparyň “öýi” hasaplanýar. 61 müň tomaşaçy orunlyk stadiona halk arasynda “El Cilindro de Avellaneda” ýa-da “El Koliseo” diýilýär. Toparyň bu stadiony ozalky “Estadio Alsina y Kolon” stadiony ýykylyp, şol ýerde guruldy. Nemes inženerleriniň taslamasy esasynda gurlan bu stadionda 1997-nji ýylda abatlaýyş işleri geçirildi.