Tamara Glazunowanyň 19-njy oktýabrda «Türkmenistan: Altyn Asyr» elektron gazetinde çykaran makalasy.
Biz makalalar tapgyrynda okyjylarymyzy aktýorlyk döredijiliginiň dünýäsi bilen tanyşdyrdyk we A.S. Puşkin adyndaky Döwlet rus drama teatrynyň esasy artistleriniň gözi bilen sahna eseriniň kemala gelşi hakynda gürrüň berdik. Bu gün biz sahnanyň aňyrsyna garap, sahna bezegleri, sahnada ulanylýan esbaplar, spektakllaryň gahrymanlarynyň lybaslaryny we grimini döredýän zehinli adamlar barada söhbet etmekçi.
Biz ilki bilen butafor-dekorasiýa sehine bardyk. Kreatiw pikirlenýän topara Türkmenistanyň at gazanan medeniýet işgäri Tatýana Pradan ýolbaşçylyk edýär. Tatýana Ýakowlewna bilimi boýunça surat we çyzuw mugallymy, ol biraz wagt öz ugrundan işledem, ýöne kän wagt geçmänkä oňa Ýaş tomaşaçylar teatrynda bezegçiligi teklip etdiler, onsoň butaforiýa taýýarlamagyň syrlaryna şeýle bir imrigdi welin, ol, ilki Ýaş tomaşaçylar teatrynda, soňra Puşkin adyndaky teatrda ömrüni sahna bezegi sungaty bilen baglady.
Butaforlar hemme işiň hödesinden gelýärler. Olar, misli, jadygöýler kimin, papýe-maşeni (kagyzy ýa-da kartony ýelim, un, gips we ş.m. zatlar bilen garyşdyryp) we adaty plastik çüýşeleri sahnada ulanylýan zatlara öwürýärler. Globusa, içi gülli güldana, bulgurlara we ş.m. zatlara tomaşaçylaryň oturan ýerinden seretseň, hakyky ýaly görünýär, ýöne olary şu ýerde işleýän çeper elli adamlar döredýärler. Eger tokaý we öý haýwanlarynyň gatnaşmagynda çagalar üçin spektakl goýulýan bolsa – onda dekoratorlaryň işi artýar: her gahrymana öz nikabyny ýasamaly. Tatýana Ýakowlenanyň, şeýle hem onuň kömekçileri Lýudmila Mihaýlowanyň we Çemen Atamyradowanyň zehini bilen möjekleriň, owlaklaryň, gargalaryň, aýylaryň, jojuklaryň… keşpleri janlanýar.
Lýudmila – çeperçilik uçilişşesiniň uçurymy, edil Tatýana Pradan ýaly ÝTT-da butafor bolup işe başlady, 1991-nji ýylda bolsa Puşkin adyndaky teatra işe geçdi. Çemeniň ýörüte bilimi bolmasa-da, onuň höwesi güýçli bolansoň, yhlas bilen döredijilige girişdi.
Başgaplary taýýarlamak-da butaforlaryň borjy. «Atsyz ýyldyz» spektaklynda Monanyň owadan şlýapasy ýa-da «Wodewiller agşamyndaky» Mirçutkinanyň şlaýapajygy ýaly sünnälenip ýasalan başgaplar ýada düşýär. Häzirki wagtda Aleksandr Puşkiniň liseýde okan döwri barada gürrüň berýän «Gardaşlar, ne ajap biziň dostlugymyz!» spektakly sahnalaşdyrylýar. Şol döwürde modaly beýik atlas şlýapalar gerek bolmagy hem mümkin.
Dekorasiýalar we rekwizitler – spektaklyň giňişlik gurluşynyň aýrylmaz bölegi bolup, ol tomaşaçylaryň ünsüni sahna hekaýatynyň esasy pursatlaryna çekýär, oýnuň konsepsiýasyny aýdyňlaşdyrýar. Anton Çehowyň «Çarlak» spektaklynyň sahna bezegi şeýle bir çeper çykdy welin, oňa Puşkin adyndaky teatryň butaforlarynyň döredijiliginde üstünlikli tapgyr diýse-de boljak.
-«Çarlak» spektaklynyň premýerasy görkezilende biz tomaşaçylaryň arasyna baryp, olaryň oýna şowhunly seslenişine syn edenimizde, bu üstünlikde özümiziňem paýymyzyň bardygyna buýsanýardyk – diýip Tatýana Pradan özünde galan täsirler barada gürrüň berdi. – Elbetde, sahna bezegi döredilende režisýor Aşyr Rahmanow, şeýle hem onuň kömekçileri üýtgeşik pikirleriň ençemesini aýtdylar, ýöne şonda-da sahna bezegleriniň eseriň stilistikasyan laýyk gelmegi – bezegçi-nakgaşlaryň hyzmatydyr.
Soňra biz rekwizit sehine baryp gördük. Ýerden depesine çenli äpet tekjeler kiçeňräk jaýyň perimetrini tutup dur. Olarda harby esbaplar, nikaplar, gap-gaçlar, gül çemenleri, dürbi, globus we ş.m. özboluşly zatlar goýlupdyr, olara syn edip, Puşkin adyndaky teatryň geçen ýoluna ser salyp bolýar.
Biz jaýyň ikinji gatyna çykyp, tikinçilik sehine bardyk. Şol wagt Türkmenistanyň at gazanan medeniýet işgäri Galina Şşiçanina «Gardaşlar, ne ajap biziň dostlugymyz!» spektaklynyň gahrymanlarynyň lybasynyň çyzgysyny getirdi. Seh müdiri Maýa Amangeldiýewa üns bilen çyzgylara syn edýärdi, Galina Şşiçanina bolsa režisýor Natalýa Laukertiň gahrymanlaryň daş keşbine talabyny düşündirýärdi. Biçim stolunda gara mata bilen tiz wagtda oýna gatnaşýanlaryň Puşkiniň ýaşan döwri barada gürrüň berjek gahrymanlarynyň fraklary üçin ülňi bardy…
Galina Şşiçanina 47 ýyl bäri, ilki ÝTT, soňra bolsa Puşkin adyndaky teatrda oýun goýujy-nakgaş bolup işläp gelýär. Ýeri gelende, Galinanyň teatra gulluk edenleriň neberesindendigini aýtmak gerek: onuň ata-enesi, agalarydyr daýylary gelnejeleri we daýzalary hem dürli teatrlarda – nakgaş, agaç ussasy, hasapçy, hojalyk bölüminiň müdiri, petekçi bolup işläpdirler. Çagalykdan sahna sungatyna çuňňur sarpa goýýan Galina çeperçilik uçilişşesiniň teatr bölümini tamamlandan soň höwes bilen işe girişipdir.
Oýun goýujy-nakgaş her spektakla dekorasiýalaryň we lybaslaryň ençemesiniň eskizini taýýarlaýar. Eger spektaklyň wakalary gaýry taryhy döwürde, başga ýurtlarda bolup geçýän bolsa, Galina uşajyk detallarda edebi pikiri beýan etmek üçin dürli çeşmeleri öwrenip ençeme wagtyny sarp etmeli bolýar. Oýun goýujy-nakgaş režisýor bilen butaforlaryň, tikinçileriň, grimçileriň, sahna bezegini kebşirleýjileriň we sahnanyň aňyrsynda işleýän beýleki hünärmenleriň arasynda araçy bolýar.
Biz Galina Şşiçanina bilen gürleşýärkäk tikinçilik sehiniň işgärleri Keýik Muhammedorazowa bilen Gyzylgül Babaýewa Puşkin eýýamynyň liseý okuwçylary üçin ýaka bezegleriniň ikisini tikdiler. Maýa bilen Galina ýakalara syn edip, olaryň işini makullansoň, tikinçiler işini dowam etdiler.
Grim sehi tikinçilik sehiniň gapdalynda ýerleşýär. Bu ýere aktýorlar gelip, spektakllaryň gahrymanynyň keşbinde çykyp gidýärler. Seh müdiri Swetlana Pawlowna Baltaýewa—Türkmenistanyň sungatda at gazanan işgäri Walentin Baýnyň şägirdi. Onuň stolundaky aýnanyň aşagynda – halypasynyň portreti bar. Halypasynyň goldawy bilen ol 1973-nji ýyldan bäri saç-sakal ýasan grimçi (postizýor) bolup işläp gelýär we kärini ýürekden söýýär. Parikleri ýasan postižýoryň elinden çykan dürli örüm saçlar, sakallar, gür saçlar, şeýle hem murtlar, erkek adamlaryň zülpleri (bakenbardlar) — bary bu ýerde saklanylýar we zerurlygy çykanda täzelenip dur. Ýasama saçlardyr ýerlikli grim ulanylanda, erkek adam zenana («Islegleri amal ediji» spektaklyndaky ýaly), ýigit –goja, adaty adamlar — ertekileriň gahrymanlaryna ýa-da jadygöýlere öwrülýär. Bu ajaýyp zatlar Swetlana Baltaýewanyň we Mariýa Subbotinanyň elinden çykýar.
Biz olarsyz oýun bolmaýan sahna aňyrsyndaky gulluklaryň hemmesi barada gürrüň etmedik. Entek sahna bezeglerini kebşirleýji seh, şeýle hem saz, yşyklandyryjy sehlerem bar, olarda hem kärine berlen we teatra wepaly zehinli adamlar işleýärler. Olaryň ussatlygy we dünýä kreatiw garaýşy bilen spektaklyň kanwasyna özboluşly wizual, ses we plastiki serişdeler girizilip, sahna giňişliginiň detallarynyň we predmetleriniň ählisi döredijilik işinde hersi öz ornuny eýeleýär.