Şu gün – 28-nji oktýabrynda Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 25 ýyllygyna bagyşlanan “Türkmenistanyň nebiti we gazy – 2020” atly XXV Halkara maslahat (OGT-2020) öz işine başlady. Halkara maslahatyň açylyşynda hormatly Prezidentimiziň iberen Gutlagy okaldy.   

Halkara maslahat “Türkmen Forum” hojalyk jemgyýetiniň we Beýik Britaniýanyň GaffneyCline kompaniýasynyň hyzmatdaşlyk etmeginde “Türkmengaz” we “Türkmennebit” döwlet konsernleri tarapyndan guralýar.

OGT (“Türkmenistanyň nebiti we gazy”) halkara maslahaty daşary ýurtly kompaniýalaryň Türkmenistan bilen nebit-gaz pudagynda hyzmatdaşlygyny ösdürmäge we pugtalandyrmaga gönükdirilen her ýylda geçirilýän uly ähmiýetli çäredir.

Adaty hem-de onlaýn görnüşde geçirilýän halkara maslahatynyň dowamynda bilermenler dünýäniň ýangyç-energetika pudagyndaky ösüşler we özgermeler, şeýle hem Türkmenistanyň energetika diplomatiýasy, TOPH gaz geçirijisi, Hazar deňziniň Türkmen bölegine maýa goýumlaryny çekmek hem-de gaz-himiýa taslamalarynyň geljegi barada çykyş edýärler.

Halkara maslahata Türkmenistanyň döwlet edaralarynyň ýolbaşçylary we wekilleri, şeýle hem öňdebaryjy halkara nebitgaz kompaniýalarynyň, halkara guramalaryň we maliýe institutlarynyň ýolbaşçylary gatnaşýarlar.

Iki günläp dowam etjek maslahat ertir (29-njy oktýabr) öz işini tamamlaýar.