Ýur­du­myz­da be­den­ter­bi­ýä­ni we ýo­ka­ry ne­ti­je­li spor­ty ös­dür­mä­ge, sag­dyn dur­muş ýö­rel­ge­si­ni wa­gyz et­mä­ge gö­nük­di­ri­len top­lum­la­ýyn çä­re­ler he­mi­şe hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň üns mer­ke­zin­de dur­ýar. Ýur­du­myz­da öň­de­ba­ry­jy teh­no­lo­gi­ýa­lar bi­len üp­jün edi­len sport mak­sat­ly des­ga­la­ryň sa­ny ýyl­sa­ýyn art­ýar, döw­re­bap sport dü­zü­mi ke­ma­la gel­ýär. Di­ýa­ry­myz­da spor­tuň meş­hur gör­nüş­le­ri­ni, şol san­da dün­ýä­de giň­den ýaý­ran we Olim­pi­ýa oýun­la­ry­nyň mak­sat­na­ma­sy­na gi­ri­zi­len we­lo­si­ped spor­tu­ny ös­dür­mek bo­ýun­ça hem köp iş­ler dur­mu­şa ge­çi­ril­ýär.
Mä­lim bol­şy ýa­ly, BMG-niň Baş As­samb­le­ýa­sy­nyň ýö­ri­te Ka­rar­na­ma­sy bi­len 3-nji iýu­n Bü­tin­dün­ýä we­lo­si­ped gü­ni diý­lip esas­lan­dy­ryl­dy. Döw­let Baş­tu­ta­ny­my­zyň yzy­gi­der­li ta­gal­la­sy ne­ti­je­sin­de ýur­du­myz­da we­lo­si­ped spor­tu­ny ös­dür­mek bo­ýun­ça mak­sa­da gö­nük­di­ri­len iş­ler ge­çi­ril­ýär. Sag­dyn dur­muş ýö­rel­ge­si­niň esa­sy wa­gyz­çy­sy bo­lan mil­li Li­de­ri­mi­ziň nus­ga­lyk gö­rel­de­si­ne eýe­rip, türk­me­nis­tan­ly­lar ýur­du­myz­da yzy­gi­der­li ge­çi­ril­megi asyl­ly dä­be öw­rü­len köp­çü­lik­le­ýin we­lo­si­ped­li ýö­riş­le­re iş­jeň gat­naş­ýar­lar. Hä­zir­ki dö­wür­de gö­nü­den-gö­ni hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň ta­gal­la­sy bi­len, Türk­me­nis­tan­da 2021-nji ýyl­da We­lot­rek bo­ýun­ça dün­ýä çem­pio­na­ty­ny gu­ra­ma­çy­lyk­ly ge­çir­mä­ge taý­ýar­lyk iş­le­ri­ne ba­dal­ga be­ril­di.

Döw­let Baş­tu­ta­ny­my­zyň Ka­ra­ry­na la­ýyk­lyk­da, bu ýa­ry­şyň ýo­ka­ry de­re­je­de ge­çi­ril­me­gi­ni üp­jün et­mek mak­sa­dy bi­len, onuň gu­ra­ma­çy­lyk ko­mi­te­ti­niň dü­zü­mi tas­syk­la­nyl­dy. Döw­let Baş­tu­ta­ny­my­zyň bel­leý­şi ýa­ly, we­lo­si­ped spor­ty bi­len yzy­gi­der­li meş­gul­lan­mak yn­san sag­ly­gy­ny ber­kid­ýär, iş­jeň­li­gi­ni ýo­kar­lan­dyr­ýar, be­den taý­dan taý­ýar­ly­gy­ny kä­mil­leş­dir­mä­ge ýar­dam ed­ýär. Bi­ziň ýur­du­myz­da spor­tuň bu gör­nü­şi­niň muş­dak­la­ry­nyň sa­ny bar­ha art­ýar, aý­ra­tyn-da, ýaş­la­ryň ara­syn­da giň meş­hur­ly­ga eýe bol­ýar.
Dür­li de­re­je­dä­ki sport ýa­ryş­la­ry­nyň ge­çi­ril­ýän mer­ke­zi­ne öw­rü­len ýur­du­myz­da 2021-nji ýyl­da we­lot­rek bo­ýun­ça dün­ýä çem­pio­na­ty­ny 13-17-nji okt­ýab­r ara­ly­gyn­da Aş­ga­bat­da­ky Olim­pi­ýa şä­her­çesi­niň we­lot­rek sport top­lu­myn­da ge­çir­mek me­ýil­leş­di­ril­ýär.
Paý­tag­ty­myz­da we ýur­du­my­zyň se­bit­le­rin­de spor­tuň dür­li gör­nüş­le­ri bi­len meş­gul­lan­mak, boş wag­ty­ňy ne­ti­je­li ge­çir­mek üçin äh­li ze­rur şert­ler dö­re­dil­ýär. Şu mak­sat bi­len kö­pu­gur­ly sta­di­on­lar, sport mek­dep­le­ri, at­çy­lyk sport top­lum­la­ry we açyk sport meý­dan­ça­la­ry gu­rul­dy.
Ýur­du­myz­da spor­tuň beý­le­ki gör­nüş­le­ri bi­len bir ha­tar­da, eko­lo­gi­ýa taý­dan aras­sa we özü­ne çe­ki­ji, Olim­pi­ýa oýun­la­ry­nyň mak­sat­na­ma­sy­na gi­ri­zi­len hem-de dün­ýä­niň köp ýurt­la­ryn­da uly meş­hur­ly­ga eýe bo­lan we­lo­si­ped spor­tu­nyň ös­dü­ril­me­gi­ne mö­hüm äh­mi­ýet be­ril­ýär.
Şu mak­sat bi­len paý­tag­ty­my­zyň Olim­pi­ýa şä­herçesin­de dün­ýä öl­çeg­le­ri­ne do­ly ky­bap gel­ýän we­lot­rek bi­na­sy gu­rul­dy. Şol ýer­de 2021-nji ýyl­da we­lot­rek bo­ýun­ça dün­ýä çem­pio­na­ty­ny ge­çir­mek me­ýil­leş­di­ril­ýär. Mil­li Li­de­ri­miz dün­ýä de­re­je­li ab­raý­ly ýa­ry­şa taý­ýar­lyk iş­le­ri­ne gi­riş­me­gi tab­şy­ryp, bu ba­bat­da wi­se-prem­ýe­re bir­nä­çe anyk gör­kez­me­le­ri ber­di.
2021-nji ýyl­da we­lot­rek bo­ýun­ça dün­ýä çem­pio­na­ty­nyň Aş­ga­bat­da ge­çi­ril­jek­di­gi di­ňe bir sport hü­när­men­le­rin­de däl, eý­sem, ýur­du­my­zyň äh­li ila­tyn­da hem uly buý­sanç duý­gu­sy­ny dö­ret­di. Mu­nuň özi Gahryman Ar­ka­da­gy­my­zyň spor­ty, şol san­da we­lot­re­gi ös­dür­mek bo­ýun­ça dur­mu­şa ge­çir­ýän ta­gal­la­la­ry­nyň dün­ýä ýü­zün­de uly gol­da­wa eýe bol­ýan­dy­gy­nyň ýe­ne bir ge­zek aý­dyň gü­wä­na­ma­sy bol­dy.
Spor­tuň we­lot­rek gör­nü­şi­niň 2021-nji ýyl­da Aş­ga­bat­da ge­çi­ril­me­gi­niň esa­sy se­bäp­le­ri­niň bi­ri hem Türk­me­nis­ta­nyň iri hal­ka­ra ýa­ryş­la­ry­ny ge­çir­mek­de baý tej­ri­bä eýe­di­gi hem-de şeý­le iri göw­rüm­li hal­ka­ra ýa­ry­şy­ny ge­çir­mek üçin ýurt­da äh­li müm­kin­çi­lik­le­riň dö­re­di­len­di­gi bi­len bag­la­ny­şyk­ly­dyr.
Ýa­ry­şy ýo­ka­ry de­re­je­de ge­çir­mek üçin hä­zir­ki wagt­da ge­çi­ril­ýän taý­ýar­lyk iş­le­ri Türk­me­nis­ta­nyň öz üs­tü­ne alan jo­gap­kär­çi­lik­li we­zi­pe­si­niň – 2021-nji ýyl­da we­lot­rek bo­ýun­ça dün­ýä çem­pio­na­ty­ny ge­çir­me­giň ab­raý bi­len höt­de­sin­den gel­jek­di­gi­ne ynam dö­red­ýär.

Beg­my­rat MY­RA­DOW,
Türk­me­nis­ta­nyň In­že­ner-teh­ni­ki we ulag
kom­mu­ni­ka­si­ýa­la­ry ins­ti­tu­ty­nyň
mu­gal­ly­my.