Hy­taý gel­jek bäş ýy­lyň do­wa­myn­da söw­da mak­sat­ly kos­mos se­na­ga­ty­ny ös­dür­me­gi mak­sat edin­ip, 2025-nji ýy­la çen­li ýan­gyç teh­no­lo­gi­ýa­sy we ji­sim­le­riň in­ter­ne­ti teh­no­lo­gi­ýa­la­ryn­da dün­ýä­niň öň­de­ba­ry­jy ýur­dy bol­ma­gy me­ýil­leş­dir­ýär. Bu ba­ra­da Hy­ta­ýyň Kos­mos bi­lim­le­ri we se­na­ga­ty kom­pa­ni­ýa­sy ha­bar ber­di. 2021-2025-nji ýyl­la­ry öz içi­ne al­ýan mak­sat­na­mada gö­te­ri­ji ra­ke­ta­la­ry, eme­li hem­ra­la­ry ön­dür­me­k we kos­mo­sa ibe­ril­me­k göz öňün­de tu­tul­ýar. Hal­ka­ra de­re­je­sin­de ge­çi­ril­ýän söw­da mak­sat­ly kos­mos fo­ru­myn­da mä­lim edi­len mak­sat­na­ma­da 2023-nji ýy­la çen­li «Kuaiz­hou» at­ly gö­te­ri­ji ra­ke­ta­la­ryň uçu­ry­ly­şy iki es­se art­dy­ry­lar. Uhan şä­he­rin­de ge­çi­ri­len hal­ka­ra mas­la­hat­da ji­sim­le­riň in­ter­ne­ti­ni eme­le ge­tir­mek üçin 2023-nji ýy­la çen­li ýü­ze go­laý eme­li hem­ra kos­mo­sa uçu­ry­lar. «Xin­gy­un» at­ly tas­la­ma­nyň çäk­le­rin­de mun­dan ozal iki sa­ny sy­nag hem­ra­sy uçu­ry­lyp­dy. Tas­la­ma­nyň çäk­le­rin­de gel­jek­de has köp ula­nyl­ma­gy­na ga­ra­şyl­ýan mo­bil en­jam­la­ryň öz ara­la­ryn­da aw­to­mat ara­gat­na­şy­gy­ny ýo­la goý­jak ji­sim­le­riň in­ter­ne­ti­niň ekoul­ga­my dö­re­di­ler.

Gül­na­bat An­na­dur­dy­ýe­wa,
Türk­me­nis­ta­nyň Te­le­kom­mu­ni­ka­si­ýa­lar we in­for­ma­ti­ka
ins­ti­tu­ty­nyň mu­gal­ly­my.