Russiýanyň raýat awiasiýasynyň ýeke-täk we iň soňky uçary bolan «Tu-154» iň soňky gatnawyny amala aşyrdy. «RA-85757» belgili bu uçar 2002-nji ýyldan bäri Mirnin awiakompaniýasyna degişli bolup durýardy. 2013-nji ýylda bolsa «Alrosa» kompaniýasynyň awiaparkynyň hataryna goşuldy. Ol soňky gatnawynda 140 ýolagça hyzmat etdi.
– Bu rowaýata öwrülen uçar bilen birlikde Russiýanyň ýerli awiagurluşyk döwri hem öz işini tamamlaýar. Köp sanly ýolagçylar bu uçary çagalykdan bäri tanaýandyrlar. Ol uzak ýyllaryň dowamynda hyzmat etdi – diýip, awiakompaniýanyň metbugat gullugy habar berýär. Soňky 18 ýylyň dowamynda uçar 27,5 müň sagat uçuş amala aşyrdy. Iki tarapa 737 gatnaw amala aşyryp, 160 müň ýolagçy, 1224 tonna ýük we 52 tonna poçta ýüküni gatnatdy.
«Tu-154» kysymly uçar Tupolew tarapyndan döredildi. Ol özüniň ilkinji uçuşyny 1968-nji ýylyň 3-nji oktýabrynda amala aşyrdy. 1972-nji ýylyň 9-njy fewralynda giňden ulanmaga başlanyldy. Ol ozalky Soýuzda köpçülikleýin ulanylan ýolagçy uçarydyr. Geçen ýylyň maý aýynda «Tu-134» uçary özüniň soňky gatnawyny ýerine ýetirdi we «Tolmaçewo» awiasiýa muzeýine tabşyryldy.
Şyhmyrat ORAZMYRADOW,
S. A. Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň talyby.